Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary

опубликованно 30.06.2020 // 479 - просмотров
 

Kerimguly Berdimuhamedowy edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň we zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi diýip yglan etmek hakynda

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylyň şöhratly wakalara beslenýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy dünýä derejesindäki ösüşlere beslemek, ata Watanymyzy syýasy, durmuş-ykdysady taýdan güýçli depginde ösdürmek boýunça giň möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ykdysady taýdan uly ösüşlere eýe bolýan ýurdumyzyň merdana halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramyny, şeýle hem hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyny mynasyp garşylamaga taýynlyk görýär.

Ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, aýdym-saz, çeper döredijilik, ylym, sport bilen meşgullanmagy, giň dünýägaraýyşly, ýokary medeniýetli, ruhubelent adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş nesliň kalbynda sungata söýgini terbiýelemekde we ösdürmekde, täze zehinleri ýüze çykarmakda hem-de kämilleşdirmekde ýurdumyzda geçirilýän aýdym-saz bäsleşikleri, halypa-şägirtlik ýoly möhüm ähmiýete eýedir.

Milli aýdym-saz medeniýetiniň ýollaryny oňat bilýän hem-de oňa belent sarpa goýýan mähriban Arkadagymyzyň parasatly halypaçylygynda Kerimguly Berdimuhamedow aýdym-saz sungaty bilen yzygiderli meşgullanýar. Ol eýýäm halkymyzyň ýüreginde çuňňur orun alan birnäçe saz eserlerini döretdi. Sungat äleminiň ýaş ýyldyzy bolup döredijilik ýoluna düşen ýaş kompozitor, aýdymçy, sazanda Kerimguly Berdimuhamedow täze aýdym-sazlary döretmegiň üstünde yzygiderli işleýär. Ol özüniň döredijilik ylhamyndan joşup çykýan ýakymly hem-de şirin aýdym-sazlary bilen bagtyýar watandaşlarymyzyň kalbyna egsilmez şatlyk we joşgun paýlap, olary belent maksatlara ruhlandyrýar. Onuň dürli saz gurallaryna ezberlik bilen erk edip, ýerine ýetirýän aýdym-sazlarynda bolsa bedew bady bilen öňe barýan döwletimiziň ösüşleri, dünýä ýüzüne dolan at-abraýy, jemgyýetimiziň asudalygy we bagtyýarlygy özboluşly röwüşde wasp edilýär. Kerimguly Berdimuhamedowyň döredýän şirin owazly, joşgunly sungat eserlerinde ajaýyp zamananyň belent ruhy ýaňlanýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda giň gerime eýe bolan taryhy özgerişleri mynasyp wasp edip, milli sungatymyzyň täze eserler bilen baýlaşmagyna uly goşant goşýandygyny, baýramçylyk çärelerinde üstünlikli çykyş edýändigini we halk köpçüliginden gelýän köp sanly isleg-arzuwlary, şeýle hem bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak boýunça toparyň towakganamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Kerimguly Berdimuhamedowy edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň we zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi diýip yglan etmeli we ony Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry hem-de 3500 (üç müň bäş ýüz) manat bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy
G.Mämmedowa

Aşgabat şäheri.
2020-nji ýylyň 30-njy iýuny.
№ 252-VI.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter