Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň üç taraplaýyn duşuşygy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň üç taraplaýyn duşuşygy

опубликованно 02.07.2020 // 461 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde üç taraplaýyn duşuşyk geçirildi. «Lapis Lazuli» halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň iri möçberli bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak baradaky mesele ýokary derejedäki iş maslahatynyň gün tertibine çykaryldy.

Oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirýän Türkmenistan ählumumy bähbitler üçin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär hem-de sebit we dünýä ähmiýetli taslamalara örän işjeň gatnaşýar.

Parahatçylygy we durnuklylygy saklamak, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek we sebitde hoşniýetli goňşuçylyk däplerini pugtalandyrmak ýörelgelerine esaslanyp, ýurdumyz halklaryň arasynda dostluk köprüsi hökmünde çykyş edýän howpsuz, hemmelere elýeterli ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegiň möhümdigini hemişe nygtaýar.

Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe («Lapis Lazuli») ugry boýunça täze ulag geçelgesini döretmek taslamasy ýakyn goňşular bilen bilelikde amala aşyrylýan strategik taýdan möhüm düzümleýin taslamalaryň biridir. Onuň durmuşa geçirilmegi taslama gatnaşyjy ýurtlara özleriniň sebitiň we yklymlaryň söwda bazarlaryna çykyp bilmeklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge kömek eder.

Bu bolsa milli ykdysadyýetleriň pugtalandyrylmagyna, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine hem-de Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň hem-de Ýewropa döwletleriniň arasyndaky haryt dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmaga ýardam berer.

Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirilen Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe («Lapis Lazuli») ugry boýunça halkara üstaşyr ulag geçelgesiniň iri möçberli bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak baradaky meselä bagyşlanylan wideomaslahatyň barşynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew transkontinental üstaşyr ulag geçelgesini döretmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň sebitleýin we halkara söwda–ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ählumumy durnukly ösüşe bütinleý hyzmat etjekdigini bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganini hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewi mähirli mübärekläp, bu forumy gurandyklary üçin öz kärdeşlerine çäksiz minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz ýokary döwlet derejesindäki şu duşuşyga hyzmatdaşlygymyzyň strategik möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilik hökmünde garaýandygyny nygtady hem-de ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň hem gürrüňsiz, onuň möhüm ugurlarynyň hataryna girýändigini belledi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde, dünýäniň ýüzbe-ýüz bolan ählumumy wehiminiň şertlerinde görkezilen ugur boýunça biziň özara arkalaşykly hereket etmegimiz aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan, Owganystan we Azerbaýjan ýokanç keseliň täze görnüşiniň — koronawirus COVID — 19-yň ýaýramagyna garşy gönükdirilen halkara tagallalarynyň çäklerinde bilelikde netijeli iş alyp bardylar.

Şu işleriň netijesinde, ýokanç keseliň ýaýrap başlan ilkinji günlerinden örän giň geografik giňişlikde ykdysady gatnaşyklary saklamagy üpjün edýän möhüm ulag-üstaşyr geçelgeleriniň dowamly işlemegi üçin zerur şertler döredi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz owgan hem-de azerbaýjan tarapyna Türkmenistanyň koronawirus ýokanjyna garşy göreşmäge we pandemiýanyň durmuş-ykdysady netijelerini azaltmaga degişli başlangyçlaryna çuňňur düşünmek bilen garandygy we hemmetaraplaýyn goldaw berendikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan öz serhetlerinde arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna gözegçilik etmek boýunça işleri güýçlendirmek, serhetýaka, gümrük we migrasiýa düzgünleri babatda möhüm çäreleriň birnäçesini gördi. Ýöne, şonuň bilen birlikde, biz emele gelen ýagdaýa laýyk gelýän usullary döretdik. Bu usullar bize we goňşularymyza ýurtlaryň hem-de sebitleriň arasynda ulag serişdeleriniň we ýükleriň howpsuz hereketini üpjün etmäge mümkinçilik berdi.

Şeýle mümkinçilik, ilkinji nobatda, goňşy döwletler bilen sazlaşykly işiň netijesinde döredi diýip hasap edýärin. Goňşy döwletlerimiziň hatarynda Owganystan we Azerbaýjan aýratyn orny eýeleýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Biziň ýurtlarymyzy umumy taryh, medeniýet, däp-dessurlar özara baglanyşdyrýar. Biz häzirki döwürde hut şeýle pugta esasa daýanyp, öz gatnaşyklarymyzy dürli ugurlar boýunça ösdürýäris diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz gün tertibiniň meselelerine geçmezden ozal, oňa gatnaşyjylaryň ünsüni esasy meselä çekdi. Şol esasy meselesiz hiç bir taslama hem, iň oňat we hoşniýetli başlangyç hem amala aşyrylyp bilinmez. Bu parahatçylykdyr, howpsuzlykdyr, biziň döwletlerimiziň we halklarymyzyň arasyndaky dostlukdyr we özara düşünişmekdir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Owganystanyň we Azerbaýjanyň iň ýakyn goňşy döwleti hökmünde ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli zerur tagallalary mundan beýläk-de etjekdigini aýratyn belledi.

Milli Liderimiz bu ugurda goňşy döwletleriň we olaryň ýolbaşçylarynyň örän ýokary öňdengörüjilik bilen hem-de syýasy erk-islege eýerip, birek-biregiň bähbitlerine düşünmäge we olary nazara almaga çalşyp, düýpli netijeleri gazanjakdyklaryna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk baradaky meselä geçip, Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň kontinental ýollaryň çatryklarynda ýerleşýän ýurtlardygyny belledi. Biri-birinden uzak bolmadyk aralykda ýerleşýän biziň döwletlerimiziň çäklerinden gündogarda — Günorta Aziýa we Aziýa Ýuwaş ummany sebitine; günbatarda — Gara we Ortaýer deňizlerine; günortada — Eýranyň üsti bilen Ýakyn Gündogara; demirgazykda – Russiýa Federasiýasynyň üsti bilen ondan aňryk Baltika deňziniň kenarlaryna çykalgalar bardyr.

Ýurdumyzyň çäkleriniň şeýle ýerleşmegi esasy dört geografiki ugur boýunça durnukly gatnaw ugurlaryny döretmek üçin mümkinçilikleri açýar. Ýöne bu mümkinçilikleri netijeli ulanmak üçin, biziň döwletlerimiz, ilkinji nobatda, öz aralarynda ulag gatnawynyň oňat ulgamyny ýola goýmalydyrlar, ulag-kommunikasiýa üpjünçilik ulgamlaryny berkitmelidirler, dogry logistikany üpjün etmelidirler diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ulag ulgamynda özara arkalaşykly hereket etmegiň meýilnamalarynyň üstünde hereketleriň bellenen ugurlaryny we anyk möhletlerini göz öňünde tutup, netijeli işlemegiň zerurdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Owganystanyň hem-de Azerbaýjanyň Prezidentleri bilen käbir garaýyşlaryny paýlaşdy we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeň ýola goýmak boýunça anyk teklipleri öňe sürdi.

Birinjiden, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda gol çekilen Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesi («Lapis Lazuli») hakyndaky Ylalaşyga esaslanyp, Bitewi logistik merkezi döretmegi teklip etdi.

Bu Merkez geçelgä gatnaşyjy ýurtlaryň çäklerinde ýük akymlaryny emele getirmek we olaryň netijeli hereket etmegi üçin bilelikdäki hereketleriň sazlaşykly bolmagyny üpjün etmäge niýetlenendir. Bu teklibi iş ýüzünde amala aşyrmakda ilkinji ädim hökmünde üç taraplaýyn görnüşde – Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan görnüşinde logistik işi utgaşdyrýan düzümi döretmek mümkinçiligine seretmegi maksadalaýyk hasaplaýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ikinjiden, ýük daşamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin, häzirki zaman, ýokary tehnologiýaly ulag üpjünçilik ulgamlarynyň bolmagy ägirt uly ähmiýete eýedir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Muňa düşünmek bilen garap, ýükleriň ugradylýan we kabul edilýän ýerlerini: deňiz menzillerini, demir ýol beketlerini, awtomobil menzillerini mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns bermek zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz kärdeşlerine häzirki döwürde ýurdumyzda bu ugurda birnäçe mümkinçilikleriň bardygy barada habar berdi. Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty Türkmenistanyň ulag ulgamynyň örän möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Bu port nebit guýulýan, parom, ýolagçy we ýük terminallaryny özünde jemleýär.

Portuň bir wagtda 17 gämä hyzmat etmäge mümkinçiligi bolan duralgalarynyň uzynlygy 1 800 metrden gowrakdyr. Port ýylda 400 müň konteýneri we 75 müň ýük ulagyny geçirmegi üpjün edip bilýär. Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň umumy geçiriş kuwwaty ýylda 25 — 27 million tonna ýüke barabardyr.

Biz Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda Owganystan we Azerbaýjan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň anyk görnüşlerine seretmäge taýýardyrys. Şol sanda, ammar jaýlaryny, nebit önümleri saklanýan terminallary uzakmöhletleýin kärendä bermek, siziň ýurtlaryňyza ugradylýan ýa-da siziň ýurtlaryňyzdan gelýän ýükleri ýüklemek-düşürmek işlerini amala aşyrmak üçin ýörite ýerleri bölüp bermek meselelerine seretmäge taýýardyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmen–owgan serhedindäki «Ymamnazar» gözegçilik geçiriş ýerinde benzini we dizel ýangyjyny saklamak üçin täze toplum guruldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Bu toplum Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan gatnaw ugry boýunça türkmen ulag üpjünçilik ulgamlarynyň ýene-de bir möhüm düzüm bölegi bolup durýar.

Bu toplumdaky terminallarda bir gije-gündizde 44 müň tonna möçberde nebit önümlerini saklamak mümkindir. Şonuň bilen birlikde, bu toplumyň üstünden nebit önümlerini geçirmegiň ýyllyk kuwwaty 540 müň tonna barabardyr.

Türkmenistanyň Owganystan bilen döwlet serhedindäki «Serhetabat» geçiriş ýerinde hem harytlary we önümleri üstaşyr geçirmek üçin oňat mümkinçilikler bar diýip, milli Liderimiz belledi.

Ýurtlarymyzyň arasynda ýükleriň iri möçberlerde bökdençsiz geçirilmegi üçin, Owganystanyň çäklerinde Akina we Turgundy ilatly ýerlerinde gury ýükler geçirilýän menzilleri döretmek baradaky teklibi goldaýarys. Bu ilatly ýerler agzalyp geçilen türkmen gözegçilik-geçiriş ýerleriniň garşysynda ýerleşýärler. Biz bu işe işjeň gatnaşmaga taýýar diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Üçünjiden, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan gatnaw ugry boýunça we yzyna ýükleri geçirmek üçin bir bitewi nyrh syýasatyny ýöretmegi maksadalaýyk hasaplaýarys. Şeýle syýasatyň esasyny ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga gatnaşýanlaryň ählisi üçin deň bolan ýokary derejede amatly ykdysady we maliýe şertlerini döretmäge çalyşmak düzmeli diýip pikir edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň üstaşyr geçiriş üçin nyrhlary peseltmek, ýükler saklananda hyzmatlaryň käbir görnüşleri üçin töleglerden boşatmak ýaly dürli ýeňillikleri özara bermek meselelerini ara alyp maslahatlaşyp biljekdikleri nygtaldy.

Dördünjiden, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Bitewi äpişge» ýörelgesi boýunça gözegçilik ulgamyny girizmek arkaly gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmegiň mümkinçiliklerine seretmegi teklip etdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň «ASYCUDA» atly ýörite maksatnamasy üstünlikli ulanylýar. Bu maksatnama ýurdumyzyň gümrük gullugy üçin niýetlenendir.

Ýurtlarymyzyň gümrük gulluklarynyň arasynda peýdaly tejribäniň alşylmagy tutuş Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan gatnaw ugry boýunça «ýaşyl geçelgäni» döretmäge ýardam eder diýip hasap edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bäşinjiden, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan gatnaw ugrunyň sanly ulgamdaky atlasyny taýýarlamak zerurdyr. Onda bar bolan ulag-kommunikasiýa üpjünçilik ulgamlary barada jikme-jik maglumatlary bermeli diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de munuň ahyrky netijede bu geçelgäniň maýa goýum we täjirçilik babatda özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

Bu başlangyçlaryň üstünde jikme-jik işlemek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň iýul aýynda üç ýurduň ulag ulgamlarynyň we beýleki degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn düzgüninde duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.

Soňra milli Liderimiz öz söhbetdeşleriniň ünsüni telekommunikasiýa ugrunda hyzmatdaşlyk etmek baradaky meselä hem çekdi. Habar berlişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan iki möhüm taslamany — Türkmenistan — Owganystan —Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we Türkmenbaşy — Siazan ugry boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňziniň düýbünden optiki-süýümli kabel aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyny amala aşyrýar.

Döwlet Baştutanymyz bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda täze telekommunikasion üstaşyr geçiriş ýoluny döretmäge mümkinçilik berjekdigini belläp, hyzmatdaşlygyň çeýe üç taraplaýyn görnüşini emele getirmek arkaly goňşy döwletleriň tagallalaryny birleşdirmegi teklip etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, bu iň häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak bilen, Ýewraziýa kontinentinde maglumatlar hyzmatlarynyň örän giň bazarlaryna çykmaga goşmaça mümkinçilikleri berer.

Hormatly Prezidentimiz ýurtlaryň ulag-kommunikasiýa ulgamynda we hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm ugurlarynda mundan beýläk-de geljegi uly bolan özara arkalaşykly üç taraplaýyn hyzmatdaşlyk etjekdigine ynam bildirdi hem-de şu günki duşuşykda bellenip geçilen anyk meseleleri çözmekde bilelikdäki çemeleşmeler emele getirilende biziň ýurtlarymyzyň ykdysady taýdan ösüşini we olaryň halklarynyň hal ýagdaýynyň ýokarlanmagyny üpjün etmek bilen baglylykda, özara bähbitleri nazara almagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz onlaýn duşuşyga gatnaşyjylara üns berendikleri üçin minnetdarlyk bildirip, täsirli usullaryň we özara ylalaşylan garaýyşlaryň emele getirilmeginiň Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň hakyky isleglerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan hödürlenilýän uzakmöhletli we netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga köptaraplaýyn çemeleşmeleriň, öňe sürülýän giň gerimli ulag-kommunikasiýa taslamalarynyň tutuş sebitiň durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň esaslaryny, durmuş-ykdysady ösüşini yzygiderli pugtalandyrmakda bahasyna ýetip bolmajak goşant boljakdygyna pugta ynam bildirildi.

Bellenilişi ýaly, giň ýaýrawly üstaşyr-ulag ulgamyny döretmekde tagallalary birleşdirmegiň giň mümkinçilikleri görünýär. Häzirki zaman düzümleri kemala getirmek boýunça amala aşyrylýan köptaraply taslamalar awtomobil we demir ýol-parom gatnawlarynyň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary, bar bolan mümkinçilikleriň bilelikde ulanylmagyny ýola goýmaga ýardam berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny we şol başlangyçlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň umumadamzat bähbidini göz öňünde tutýandygyny aýratyn nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, dostlukly döwletiň Lideri döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan başlangyçlarynyň hatarynda ulag-üstaşyr geçelgelerini kemala getirmek ulgamyna degişli taslamalarynyň uly orun tutýandygyny belledi. Munuň özi ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen birlikde, olaryň halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem oňyn ýardam berýär diýip, Ilham Aliýew aýtdy.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani öz türkmen kärdeşine alyp barýan netijeli parahatçylyk söýüjilikli syýasaty hem-de geljegi uly ähli ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen ýokary derejedäki üç taraplaýyn duşuşygyň ahyrynda gepleşiklere gatnaşyjylar öz ýurtlarynyň netijeli köptaraply hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny, dostlukly döwletleriň hem-de olaryň doganlyk halklarynyň abadançylygynyň bähbitlerine kybap gelýän däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini ýene-de bir gezek tassykladylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter