Resmi habar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habar

опубликованно 06.07.2020 // 517 - просмотров
 

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň innowasiýa ýoly bilen ösdürilip, ýokary tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurduň eksport kuwwatynyň barha ýokarlanýan döwründe ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlarymyzyň daşary ýurt bazarlarynda ýerlenilýän möçberlerini artdyrmaga ýardam bermek hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň sergileri, ýygnaklary we maslahatlary guramak işini kämilleşdirmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin strategiýasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter