Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

опубликованно 07.07.2020 // 285 - просмотров
 

Şu gün Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly ÝHHG-niň Milli azlyklar boýunça Ýokary Komissarynyň edarasynyň ýolbaşçysy jenap Lamberto Zanýer bilen duşuşyk geçirildi.

L.Zanýer Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň geçen ýyllaryň dowamynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatyna hem-de tutuş dünýäde howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine doly kybap gelýän halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň saýlap alan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugruna gyşarnyksyz ygrarlydygy bellenildi. Iri halkara guramalary we abraýly sebit düzümleri, şol sanda ÝHHG bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak şol syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr. Taraplar şeýle hem dünýädäki pandemiki ýagdaý sebäpli özara gatnaşyklar meselesine garadylar.

Onlaýn duşuşygyna bilim ministri hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ýolbaşçysy hem çagyryldy. Duşuşygyň çäklerinde abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen uzak möhletli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gürrüň edildi.

Köp ugurlar, şol sanda syýasy, ykdysady, ekologiýa we adam ölçegi ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar şol ugurlary ösdürmäge uly üns berýärler. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp, milli hem-de halkara ähmiýetli täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

ÝHHG-niň Ýokary Komissarynyň belleýşi ýaly, Ýewropada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasy hem-de durmuş ugurly içeri syýasaty doly goldanylýar. Şol strategiýa bolsa sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti bolup durýar.

Türkmenistanlylaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň maksatlarynyň töwereginde berk jebisleşmegi soňky ýyllarda tutuş dünýäde emele gelen amatsyz ýagdaýlara garamazdan, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär.

* * *

Şu gün göni aragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň işewür toparynyň arasynda geçirilen duşuşygyň gün tertibine özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meseleleri girizildi.

Türkmen tarapyna Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hem-de Newanyň boýundaky şähere öz önümlerini eksport etmäge gyzyklanma bildirýän beýleki birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler.

Sankt-Peterburgdan Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary, döwlet düzümleriniň hem-de olaryň garamagyndaky edaralaryň, senagat we gurluşyk serişdelerini, enjamlary, radioelektronika önümlerini öndürmek, telekommunikasiýalar hem-de ölçeýiş tehnikalar ulgamlarynda hem-de eksport we sergi işini guramak babatda işleýän kompaniýalaryň birnäçesiniň wekilleri aragatnaşyga çykdylar.

Onlaýn görnüşindäki gepleşikleriň barşynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de özara gatnaşyklaryň bar bolan uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmak bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunda soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň, onuň ägirt uly kuwwatynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin ähli mümkinçilikleri döredýändigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan hem-de ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, ylmy-tehniki we tehnologik ösüşe, durmuş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlar netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Wideoduşuşygyň çäklerinde türkmen tarapynyň wekilleri gurluşyk serişdelerini, dokma önümlerini, şeýle hem hususy önüm öndürijileriň köp görnüşli harytlaryny ibermekde öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.

Öz tarapyndan «Awangard» açyk paýdarlar jemgyýeti, Telekeçiligi ösdürmek we goldamak merkezi hem-de Newanyň boýundaky şäheriň türkmen bazarynda işlemäge gyzyklanma bildirýän beýleki işewür düzümleri eksport boýunça tekliplerini öňe sürdüler.

Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça bilelikdäki işiň ugurlaryny anyklaşdyrmaga mümkinçilik berýän yzygiderli ikitaraplaýyn gepleşikleri dowam etmegiň wajypdygyny bellediler. Duşuşyga Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky söwda wekili hem-de Russiýa Federasiýasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekili hem gatnaşdylar.

* * *

Şu gün Bilim ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Arap Emirlikleriniň bilim ministri Husseýn bin Ibragim Al Hammadi bilen gepleşikler geçirildi. Onuň barşynda ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda netijeli döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolandygy nygtaldy. Munuň şeýle bolmagyna ilkibaşdan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de BAE-niň ýokary derejedäki ýolbaşçylarynyň arasyndaky gatnaşyklara mahsus bolan özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýagdaýynyň ýokary derejesi gönüden-göni ýardam edýär.

Iki ýurduň bilim hem-de ylym edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, orta we ýokary okuw mekdepleriniň maddy- enjamlaýyn hem-de okuw-usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda tejribe alyşmaga hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin döwlet gullukçylaryny we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga özara gyzyklanma bildirildi.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmek, uzak aralykdan elektron okuwlary guramak, şol sanda Türkmenistan bilen BAE-niň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda wideoduşuşyklaryň çäklerinde guramak meseleleri boýunça giňişleýin pikir alşyldy.

* * *

Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde geçirilen geňeşmeleriň gün tertibine däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary girizildi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň ýola goýlan netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy. Şol gatnaşyklar bolsa köptaraplaýyn görnüşde hem, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem üstünlikli ösdürilýär. Şunda ýokary derejedäki gatnaşyklaryň we duşuşyklaryň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Bu gatnaşyklar türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygyna bolan resmi sapary we Bahreýniň Patyşasy bin Isa Al Halifanyň Türkmenistana bolan döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka boldy. Şol saparlar, degişlilikde, 2011-nji ýylyň fewralynda hem-de 2019-njy ýylyň martynda amala aşyryldy.

Manamada we Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny ep-esli berkiden hem-de dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Türkmenistan we Bahreýn Patyşalygy uly tebigy serişdelere eýe bolan hem-de çäk taýdan amatly ýerleşen, okgunly ösýän döwletlerdir. Munuň özi söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Şol hyzmatdaşlykda iki ýurduň işewür düzümlerine möhüm orun degişlidir.

Ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlary, beýleki pudaklaryň hem birnäçesi geljegi uly ugurlar hasaplanylýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, netijeli türkmen-bahreýn gatnaşyklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we giňeltmek, onuň uzak möhletli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly kuwwat bar. Şol kuwwatdan netijeli peýdalanmak bolsa özara bähbitlere laýyk gelýär.

Ynsanperwer ulgamy döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmenistan we Bahreýn baý taryhy-medeni mirasa eýedir. Bu ulgamda däp bolan gatnaşyklaryň ösdürilmegi bolsa iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, medeniýetleriň özara baýlaşmagynyň möhüm şerti bolup durýar.

Halkara giňişlikde hyzmatdaşlyk etmek meselesi babatda Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň möhüm sebit hem-de ählumumy meseleler boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini ýa-da ýakyndygyny görkezýändigi bellenildi. Munuň özi, ilkinji nobatda, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge degişlidir.

Onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri yzygiderli geçirmek tejribesini dowam etmegiň wajypdygyny bellediler. Munuň özi, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmaga mümkinçilik berýär.

* * *

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri şu günler wideomaslahat görnüşinde «Egmont» toparynyň iş we sebit düzümleriniň duşuşyklaryna gatnaşdylar. «Egmont» topary maliýe aňtawçylyk gulluklarynyň (MAG) bütindünýä bileleşigi bolup durýar.

Bu toparyň maksady jenaýatçylykly ýollar bilen gazanylan pullary kanunylaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşde MAG bilen netijeli gatnaşyklar üçin meýdançany üpjün etmekden hem-de degişli milli maksatnamalary goldamaga we durmuşa geçirmekden, şol sanda maliýe maglumatlarynyň alşylşyny giňeltmekden, işgärleriň hünärini ýokarlandyrmakdan, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly gatnaşyklaryň ugurlaryny pugtalandyrmakdan we beýlekilerden ybaratdyr.

Şunuň bilen baglylykda, jenaýatçylykly ýollar bilen gazanylan pullary kanunylaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmegiň milli ulgamynyň esaslaryny pugtalandyrmak, degişli kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanda toplumlaýyn işleriň geçirilýändigini bellemelidiris.

Bu işde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 2018-nji ýylyň oktýabrynda döredilen Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Maliýe gözegçiligi gullugyna möhüm orun degişlidir. Ýöriteleşdirilen düzümler bilen bilelikde, onuň işgärleri öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözýärler.

Bu ugurda Türkmenistanyň 2010-njy ýylda jenaýatçylykly ýollar bilen gazanylan pullary kanunylaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek boýunça Ýewraziýa toparynyň düzümine girmegi möhüm ädim boldy. Munuň özi ýurdumyzyň jenaýatçylykly ýollar bilen gazanylan pullary kanunylaşdyrmaga garşy göreşmegiň maliýe çärelerini işläp taýýarlamak boýunça halkara topary we şu ulgamdaky beýleki guramalar bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge-de ýardam etdi.

Türkmenistan möhüm halkara resminamalarynyň birnäçesine, şol sanda BMG-niň transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga we korrupsiýa garşy Konwensiýalaryna goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna berk ygrarlydygyny görkezýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyz dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna goşulyşmak ugruna ynamly eýerip, ählumumy wehimlere hem-de howplara garşy göreşmekde geljekki umumy tagallalary utgaşdyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça wezipeleri çözmek ugrunda çykyş edýär we bu ugurda anyk ädimleri ädýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter