Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

опубликованно 08.07.2020 // 310 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abä Ýaponiýanyň günorta sebitinde bolup geçen giň gerimli suw joşguny we süýşgünler netijesinde köp sanly adam pidalary, şikes ýetmeleri hem-de uly möçberli weýrançylyklar zerarly gynanç hatlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz halkyň, Hökümetiň, şeýle hem öz adyndan şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter