Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

опубликованно 09.07.2020 // 287 - просмотров
 

Şu gün Bilim ministrliginiň Innowasion maglumatlar merkezinde göni wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO-nyň bilimde maglumatlar tehnologiýalary boýunça institutynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu çäre Daşary işler ministrliginiň howandarlygynda guraldy.

Bilim, ylym, innowasion tehnologiýalar, taryhy we binagärlik ýadygärliklerini goramak hem-de dikeltmek ugurlary we beýleki meseleler boýunça ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şunda geljegi uly ylym we bilim taslamalaryny durmuşa geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu iş häzirki zaman tehnologiýalaryna, sanly bilimlere, öňdebaryjy tehnologiýalara, umuman, ylmyň we bilimiň innowasion ösüşine esaslanýan adam kuwwatyny yzygiderli artdyrmaga gönükdirilendir.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmalaryň barşynda ÝUNESKO-nyň wekilleri ylmyň we tehnologiýalaryň arasyndaky baglanyşdyryjy ulgam hökmünde bilimiň wajypdygyny belläp, türkmen tarapyny sanly tehnologiýalar bilen baglanyşykly geljegi uly taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çagyrdylar. Duşuşygyň çäklerinde möhüm ähmiýete eýe bolan strategik ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygy biragyzdan bellenildi.

***

Şu gün onlaýn görnüşde bir tarapdan, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Merkezi bankynyň wekilleriniň hem-de beýleki tarapdan, Bütindünýä bankynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen maslahat СOVID-19 pandemiýasy döwründe kärhanalary goldamak babatda hökümet syýasatyna bagyşlandy.

Esasy halkara maliýe-bank düzümleri bilen hyzmatdaşlyk milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ony toplumlaýyn sanly ulgama geçirmek boýunça amala aşyrylýan strategiýanyň netijesinde, bu köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Ykdysadyýetiň sanly ulgama geçirilmegi Türkmenistanyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna ýardam edýär.

Wideoduşuşygyň gün tertibine СOVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmegiň çäreleriniň çäklerinde Ýewropada we Merkezi Aziýada kärhanalaryň durnuklylygyny pugtalandyrmak hem-de olara ýardam bermek meseleleri girizildi. Oňa gatnaşyjylara Bütindünýä bankynyň degişli tanyşdyryş çäresi hödürlenildi.

Pandemiýa garşy göreşmek we onuň netijelerini azaltmak hem-de aradan aýyrmak boýunça ädilýän ädimler işiň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemek bilen utgaşdyrylmalydyr. Işiň şol usullary ähli döwletlere milli maliýe-ykdysady ulgamlaryň hem-de tutuş ählumumy ykdysadyýetiň işini kadaly ýagdaýda saklamaga mümkinçilik bermelidir.

Munuň üçin halkara bileleşiginde tagallalaryň ýokary derejesini üpjün etmek, özara gatnaşyklaryň täze usullaryny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Sebit hem-de dünýä möçberinde ykdysady işiň häzirki we geljekki durnuklylygy hem köp babatda şuňa baglydyr.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ählumumy çökgünligiň milli ykdysadyýete ýaramaz täsirine garşy durmak boýunça giň möçberli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Şolar milli ykdysadyýetiň bolup geçýän özgerişliklere uýgunlaşmagyny hem-de daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleriň azaldylmagyny üpjün edýär.

Pikir alyşmalaryň barşynda duşuşyga gatnaşyjylar özara peýdaly gatnaşyklaryň tejribesini dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Munuň özi netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder.

***

Şu gün Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Milli strategiýany işläp taýýarlamak boýunça Pudagara iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Bu iş topary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 26-njy iýunynda gol çeken ýörite Kararyna laýyklykda döredildi.

Onlaýn görnüşde geçirilen duşuşyga esasy ministrlikleriň, şol sanda Daşary işler, Energetika, Maliýe we ykdysadyýet, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Gurluşyk we binagärlik ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de nebitgaz toplumynyň we beýleki degişli düzümleriň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ulgamda hyzmatdaşlygynyň esasy maksady dünýä bileleşiginiň ekologiýa taýdan arassa, gaýtadan dikeldilýän energiýanyň artykmaçlyklaryny ykrar edýändigi bilen baglanyşyklydyr. Bu energiýa häzirki döwürde giňden ulanylýan, gazylyp alynýan ýangyja, kömre, nebite, gaza goşmaça ýangyç hökmünde ulanylyp bilner. Gazylyp alynýan ýangyjyň dünýä serişdeleri çäklidir we şoňa görä-de, onuň bahasy gymmatdyr.

Iş toparynyň agzalary ýakyn geljek üçin gaýragoýulmasyz wezipeleriň birnäçesini kesgitläp, daşky gurşawy goramak meselelerine aýratyn üns berýän milli Liderimiziň başlangyçlarynyň örän wajypdygyny hem-de bagtyýar geljegiň kepili hökmünde gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Tebigy serişdelerden — Günüň şöhlesinden, suwdan, ýelden, biologik ýangyçdan hem-de beýlekilerden alynýan «ýaşyl» energiýanyň gorlarynyň üsti hemişe ýetirilip durulýar we hakykatdan hem egsilmezdir. Galyberse-de, olar tebigata zyýan ýetirmeýär. Munuň özi bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarynyň esasynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýar.

Duşuşyga gatnaşyjylar ýurdumyzy çalt depginler bilen senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmek we kuwwatyny artdyrmak boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde energetikanyň möhüm ornuny bellediler.

Çykyş edenler bu ulgamda toplumlaýyn dünýä tejribesini içgin öwrenmegiň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen giň gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de abraýly halkara guramalaryny we düzümlerini Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Milli strategiýanyň giň gerimli taslamasyny işläp taýýarlamaga işjeň çekmegiň zerurdygyny nygtadylar.

***

Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen onlaýn duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň çäklerinde taraplar özara gyzyklanma bildirilýän möhüm ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanmany tassykladylar. Çykyş edenler netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň we amatly şertleriň bardygyny aýdyp, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň derejesinde gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda syýasy we medeni ulgamlarda, şeýle hem parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, toplanylan tejribeleri, nazaryýet bilimlerini alyşmakda we olary iş ýüzünde ulanmakda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň möhümdigine aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde şeýle gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berýär.

Dünýäde emele gelen pandemiýa ýagdaýy bilen baglylykda söhbetdeşler Türkmenistanyň we Rumyniýanyň parlamentarileriniň wideoaragatnaşyk görnüşinde yzygiderli gatnaşyklarynyň dowam etdirilmeginiň möhümdigini bellediler.

***

Mejlisiň, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň hem-de Adalatçynyň Diwanynyň wekilleriniň gatnaşmagynda düýn onlaýn görnüşinde geçirilen okuw maslahaty adamyň medeni hukuklaryna bagyşlandy.

BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdiriýeti tarapyndan guralan maslahatyň çäklerinde ýygnananlar adamyň medeni hukuklaryny höweslendirmegiň we goramagyň halkara-hukuk esaslary, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edaralarynyň, şol sanda Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar boýunça komitetiň hem-de medeni hukuklar ulgamynda Ýörite hasabatçynyň işi bilen tanyşdyryldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasy we hereket edýän Kanunlaryň onlarçasy ýurdumyzyň her bir raýatynyň medeni durmuşa gatnaşmak hukugyny, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligini, medeni gymmatlyklara elýeterliligi kepillendirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, medeniýet ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn ösdürmek we pugtalandyrmak, milli mirasy aýawly saklamak boýunça uly işler amala aşyrylýar.

Türkmenistan esasy halkara-hukuk resminamalaryna, şol sanda adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasyna, Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar boýunça 1966-njy ýylyň Halkara paktyna goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny doly ýerine ýetirýär.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz halkara guramalary bilen bu ugurda ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär, halklaryň arasynda döwlet derejesinde medeni we ynsanperwer gatnaşyklary işjeň ösdürýär, şeýle hem Türkmenistanda ýaşaýan beýleki milletleriň wekilleriniň medeni hukuklaryny durmuşa geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter