Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm guralydyr | TDH
Ykdysadyýet

Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm guralydyr

опубликованно 14.07.2020 // 273 - просмотров
 

3-nji iýulda birinji ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitledi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda milli Liderimiziň tassyklan, 2025-nji ýyla çenli niýetlenen Konsepsiýa amala aşyrylýar. Bu resminama pudaklary tehnologiýa taýdan özgertmegiň hem-de döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ýurdumyzyň serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysadyýeti ösdürmegiň özboluşly «ýol kartasy» bolup durýar.

Ol birnäçe bölümi öz içine alyp, şolarda Konsepsiýanyň maksatlary hem-de wezipeleri, ony durmuşa geçirmegiň ugurlary we usullary, garaşylýan netijeler beýan edilýär.

Sanlylaşdyrmak — milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze döwür bolup, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet Baştutanymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy esasynda oňa geçmek mümkin boldy. Ol ösüşiň durnukly oňyn depginini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, degişli şertleriň üýtgemegine uýgunlaşmagy, daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleriň azalmagyny üpjün etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bu ugurda yzygiderli maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar, şol sanda zerur düzümi döretmek boýunça çäreler görülýär.

Degişli ugurda kadalaşdyryjy-hukuk binýady kämilleşdirilýär. Bu babatda «Aragatnaşyk hakynda» (2019-njy ýylda rejelenen görnüşde), «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumatlar we olary goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de beýlekiler kabul edildi.

Şu ýylyň ýanwarynda döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topary döretmek hakynda Karara gol çekmegi möhüm ädimleriň biri boldy. Bu toparyň esasy wezipesi öňde goýlan wezipeleri iş ýüzünde çözmekden ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenaragatnaşyk» agentligini degişli ygtyýarly edara hökmünde kesgitledi.

Şeýlelikde, diwersifikasiýa ýoly bilen ösüşi we senagatlaşdyrmagy, ýokary goşulan bahaly taýýar önümiň öndürilmegini ugur edinýän ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň düzümi üýtgeýär. Hususylaşdyrmak işi dowam edýär. Ýokary tehnologiýaly, ylmy işleri talap edýän we innowasion pudaklary, hususan-da, elektron senagatyny ösdürmegiň binýady goýuldy.

Bu ugurda maliýe pudagyna uly orun degişlidir. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň arasynda pul görnüşindäki serişdeleriň çeýe, netijeli paýlanylmagyny üpjün etmek durmuş wezipelerini çözmäge, maýa goýum işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de durnukly ykdysady ösüşi saklamaga, ähli pudaklary öňdebaryjy tehnologiýalara geçirmäge ýardam eder.

Tehnologiýa taýdan ösen ýurtlaryň tejribesinden görnüşi ýaly, hut sanlylaşdyrmak işi olara batly depginler bilen öňe gitmäge hem-de dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna girmäge mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümeti, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylaryny ählumumy meýillere hem-de ähli derejede halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirýär.

Türkmenistanyň ösüşiniň geljegi daşarky şertleriň güýçlenmegi: dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmak, özara bähbitli söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ylmy-tehniki ösüş babatda özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň peýda bolmagy, adamzat üçin umumy meseleleriň ylalaşylan çözgütlerini işläp taýýarlamak bilen gös-göni baglydyr.

2030-njy ýyla çenli döwür üçin dünýäniň gün tertibi hem-de milli syýasat ýurdumyzda amala aşyrylýan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek boýunça işler bilen ýakyndan baglydyr. DÖM babatda Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň amala aşyrylmagy bar bolan ähli serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmakda jemlenip, durmuş ulgamy şol wagtda halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, ekologiýa ulgamy bolsa daşky gurşawyň goralmagyny üpjün etmäge hem-de tebigata aýawly garamaga gönükdirilendir.

Döwlet maksatnamalaryna we iri ykdysady taslamalara ornaşdyrylan DÖM-ni ýerine ýetirmek üçin sanly tehnologiýalaryň artykmaçlygy aýdyňdyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda telelukmançylygyň, onlaýn bilimiň hem-de uzak aralykdan okatmagyň, elektron hökümetiň gurallarynyň ösdürilmegini höweslendirýär.

Häzir sanlylaşdyrmak her bir pudak üçin zerur bolup, umumy ösüşe kybap gelmegiň aýrylmaz şertidir. Tehniki we tehnologik döwrebaplaşdyrma, özgertmeleriň, hususan-da, ýurdumyzyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýetli ugrudyr.

Bu ýerde mysal hökmünde telematiki sanly elektron ulgamyň kömegi bilen obasenagat toplumynda mehanizmleşdirilen işleriň ýerine ýetirilmegini görkezmek bolar. Türkmen daýhanlarynyň ygtyýarynda bolan dünýä belli «John Deere» kompaniýasynyň oba hojalyk tehnikalary şol ulgam bilen üpjün edildi.

Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň awgustynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen «John Deere Walldorf GmbH & Co. KG» kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegini ýatlap geçeliň. Şol resminama laýyklykda, ýakyn birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyz tarapyndan 2013 — 2019-njy ýyllarda satyn alnan «John Deere» we «Claas» kysymly ýokary öndürijilikli ýörite tehnikalar telematika bilen üpjün ediler.

Bu ulgam geçirilýän işleri ýönekeýleşdirmäge hem-de maşynlara, hususan-da, olaryň ýerleşýän ýerine, ýangyjyň sarp edilişine, hakyky ulanylýan wagtyna, ýük urulýan wagtyna we beýleki ençeme ölçeglere gös-göni edara binasyndan ýa-da Internete çykyp bolýan islendik ýerden, hatda ykjam telefondan gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Umuman, sanlylaşdyrma hojalyk hem-de dolandyryş işlerini kämilleşdirmäge mümkinçilik döredip, önümçiligi has çeýe we bäsdeşlige ukyply, diýmek, has girdejili edýär, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegini şertlendirýär.

Şunda milli Liderimiziň belleýşi ýaly, öňdebaryjy tejribäni hem-de kämil işleri öwrenmek we özleşdirmek zerurdyr, diňe taýýar çözgütlere däl-de, eýsem, öz ylmy tehnologik kuwwatymyza esaslanan sanly nusganyň döredilmegini ugur edinmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň aýratyn möhümdigini belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan «Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy» şu ugurda goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.

Resminamada kesgitlenen çäreleriň amala aşyrylmagy maglumat-bilim gurşawyny döretmäge hem-de degişli ugry ähli tapgyrlardaky okuwyň elektron serişdeleri bilen üpjün etmäge, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny artdyrmaga, halkara standartlarynyň derejesinde ugurdaş usulyýetleri kämilleşdirmäge ýardam etmelidir.

Kitaphanalary sanly ulgama geçirmek hem jemgyýeti ösdürmegiň girewi bolup durýar. Wagtyň geçmegi hem-de ylmy tehnologiýanyň ösmegi bilen okamak işiniň özi hem düýpli özgerdi. Häzir kitaplar elektron görnüşde we onlaýn görnüşde elýeterli bolup, kompýuter ýa-da ykjam telefon arkaly belli bir kitaphana «girmek» hem-de gerek neşiriň sanly görnüşini almak bolýar. Sanly ulgama geçilmegi kitaphana-maglumat hyzmatlaryny hödürlemegiň dessinligini we hilini artdyrýar hem-de täze ulanyjylaryň köp sanlysyny özüne çekýär.

Kitaphana kitaplary saklamagyň däbe öwrülen hem-de medeniýet ojagy bolmagynda galyp, okyjylaryň isleglerine jogap bermelidir, olar bilen işjeň aragatnaşykda, şol sanda wirtual gurşawda bolmalydyr. Şol ýerde häzir biziň gündelik durmuşymyzyň, işimiziň, boş wagtymyzyň, söhbetdeşligimiziň, ösüşimiziň we bilim almagymyzyň bir bölegi geçýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere hem-de ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň konsepsiýasyna laýyklykda, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arabaglanyşygy işjeň berkidilmelidir.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça täze hünärleri girizmegi, zerur bolan ugurlar, aýratyn-da, inžener-tehniki we tehnologiýa ugurlary boýunça bilim bermek usulyny kämilleşdirmegi dowam etmek gerek. Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ähli mekdeplerde sanly ulgam boýunça täze okuwlary guramagyň zerurdygyny belleýär. Şunda Ylymlar akademiýasyna esasy orun degişlidir.

Sanlylaşdyrmak türkmen telekeçileri üçin hem uly mümkinçilikleri açýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olara goldaw berilmegine uly üns berýär.

Bu ýerde sanly özgerişlik diňe döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny, döwrebap enjamlaryň we programma üpjünçiligiň, maglumat serişdeleriniň netijeli ulanylmagyny däl-de, eýsem, dolandyrmaga çemeleşmelerde düýpli özgertmeleri göz öňünde tutýar, bu bolsa kärhanalary ösdürmegiň innowasion usullaryna tarap ýol açýar.

Hyzmatdaşlar bolmazdan, häzirki zaman üstünlikli işewürligi göz öňüne getirmek hem kyn. Sanlylaşdyrma işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin täze mümkinçilikler açýar. Şeýlelikde, öňdebaryjy tehnologiýalaryň bolmagy netijesinde, araçäkler işlere böwet bolup bilmeýär. Öňdebaryjy kompaniýalar eýýäm sanly özgertmeler strategiýalaryny durmuşa ornaşdyrýarlar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, üstünligi ugur edinýän kärhanalar döwrebap ykdysadyýetiň meýillerini we howplaryny göz öňünde tutmalydyr, diňe şeýle ýagdaýda, olar garaşylýan netijeleri gazanyp bilerler.

Şeýle hem sanly tehnologiýalar geljegi uly hyzmatlar bazarlarynyň ösmegini, hyzmatlaryň dürli görnüşleriniň üpjün edilmegini hem-de netijeliliginiň artdyrylmagyny şertlendirýär. Türkmenistanda bu ugry sanly ulgama geçirmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär.

Häkimlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň önümçilik işini awtomatlaşdyrmak, hasaba almak boýunça işleri ýeňilleşdirmek hem-de raýatlarymyzyň amatlylygy hem-de elektron hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bitewi döwlet hyzmatlar saýty (e.gov.tm.) döredildi. Bu portal raýatlar we işewürler üçin elektron görnüşdäki döwlet hyzmatlaryny hödürlemek babatda «Bir penjire» awtomatlaşdyrylan maglumatlar ulgamy bolup durýar.

Şu ýylyň fewral aýynyň başynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda we Diýarymyzyň welaýatlarynda IT-merkezlerini döretmek üçin ABŞ-nyň 10 million dollarynyň goýberilýändigini habar berdi. Döwlet Baştutanymyzyň bu işlere aýratyn üns bermegi we goldamagy sanly ykdysadyýete geçmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek üçin işgärleri taýýarlamagyň zerurdygyna şaýatlyk edýär.

27-nji fewralda bolsa milli Liderimiz «Türkmenistanda elektron resminama dolanyşygy ulgamyny hem-de Internet web-saýtlaryny döretmek we ornaşdyrmak hakynda» Karara gol çekdi. Degişli ugurda işleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan halatynda degişli işleri amala aşyrmaga hukugy bolan ýurdumyzyň edara-kärhanalary we telekeçileri çekiler. Amala aşyrylýan çäreler IT-hünärmenleriniň hem-de programma üpjünçiligini işläp düzüjileriň milli mekdebini döretmäge we goldamaga gönükdirilendir.

Umuman, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli guralan sergi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipesiniň ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk ulgamynyň gatnaşmagy netijesinde işjeň çözülýändigini görkezdi. Bu sergä sanly tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak boýunça hyzmatlaryň edilmegine ýöriteleşdirilen kompaniýalar gatnaşdylar.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan yglan edilen «Sanly çözgüt — 2020» bäsleşigi önümçilik we innowasion taslamalary işläp taýýarlamak üçin oňat itergi boldy. Oňa ýurdumyzyň ähli fiziki we ýuridiki şahslary gatnaşyp bilýärler. Onuň jemleri «Türkmentel — 2020» halkara sergisiniň çäklerinde jemleniler.

Ähli derejedäki ýolbaşçylara sanly ulgam boýunça bilim bermek, Diýarymyzyň ýokary hem-de orta hünär mekdepleriniň mugallymlaryny taýýarlamak, pudaklarda elektron hyzmatlaryny giňeltmek maksady bilen, bu agentlik tarapyndan kompýuter we ulgam tehnologiýalary hem-de kiberhowpsuzlyk boýunça gysga möhletleýin ýörite okuwlaryň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.

Häzir ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem ösüşiň hil taýdan täze tapgyrynda bolup, olaryň öňünde sanly ulgama geçmek boýunça anyk wezipeler durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň metbugat habar beriş serişdelerini elektron görnüşe geçirmek boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda, degişli Tertibiň işlenip taýýarlanylandygyny bellemek gerek.

Sanly ulgam bilen bir hatarda, interaktiw we multimediýa häzirki habar beriş serişdeleriniň esaslyk binýady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, gazetleriň hem-de žurnallaryň saýtlarynyň, beýleki web serişdeleriň döredilmeginiň ähmiýeti uludyr. Türkmen habar beriş serişdeleriniň Internet giňişligini gurşap almagy okyjylar üçin amatlylygy döretmek bilen bir hatarda, halkara bileleşigiň biziň ýurdumyz we onuň gazananlary baradaky bilim derejesini artdyrar.

Habarlar we tematiki materiallar saýtlaryň okyjylaryna diňe hat görnüşinde däl-de, eýsem, audio hem-de wideo görnüşlerde hödürlener. Içerki maglumatlar bazarynda bäsdeşlige ukyply gurşawy döretmäge ýardam etmek bilen, sanly özgertmeler ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň dünýäniň media bazaryna çykmagyna hem kömek eder.

Mahlasy, Türkmenistan sanly ykdysadyýete toplumlaýyn, yzygiderli esasda geçmek wezipesini çözýär. Çünki hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, sanlylaşdyrmak işiniň esasy netijesi — onuň köp derejeliligi we giň gerimi bolup durýar.

Munuň özi milli howpsuzlygyň berkidilmegine, ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna hem-de mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam eder. Netijede, türkmen halkynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna getirer.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter