BSG-na synçy derejesi: Türkmenistanyň ählumumy ykdysady giňişlige goşulyşmagy | TDH
Teswirlemeler

BSG-na synçy derejesi: Türkmenistanyň ählumumy ykdysady giňişlige goşulyşmagy

опубликованно 23.07.2020 // 375 - просмотров
 

2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Bütindünýä söwda guramasynyň Ženewada (Şweýsariýa Konfederasiýasy” ýerleşýän ştab-kwartirasynda BSG-niň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň bu abraýly gurama synçynyň derejesini almaga bolan sargydyna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen tarapyndan ýurdumyzyň BMG-niň Ženewadaky Bölüminiň ýanyndaky Hemişelik wekili, şeýle hem ýurdumyzyň Daşary işler, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň wekilleri mejlisiň onlaýn görnüşinde wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyna gatnaşdylar.

Baş geňeşiň mejlisine gatnaşyjylara Türkmenistanyň BSG goşulmak ýagdaýynyň çeşmeleri, hususan-da, milli Liderimiziň döwletimiziň daşary ykdysady işini ösdürmek babatda alyp barýan täzeçillik syýasaty hakynda maglumat berildi. Bellenilişi ýaly, onda 2020 — 2025-nji ýyllara niýetlenen degişli Maksatnama möhüm resminama bolup durýar.

Ýurdumyzyň BSG-niň synçysy derejesine eýe bolmagy milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşini, daşary söwda gatnaşyklarynda eýeleýän ornunyň berkidilmegini, köptaraply hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini, daşary ýurt maýa serişdeleriniň çekilmegini şertlendirer. Şeýle hem bu dereje geljegi uly täjirçilik we söwda strategiýasyny işläp taýýarlamakda, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ähmiýetli bolar.

BSG-niň Baş geňeşine gatnaşyjy-döwletleriň wekilleriniň teklibi ara alyp maslahatlaşmalaryndan soň Türkmenistana Bütindünýä söwda guramasyna synçynyň derejesini bermek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BSG-niň ähli agzalarynyň arasynda söwdanyň düzgünlerini kadalaşdyrýan ýeke-täk ählumumy halkara gurama bolup durýandygyny belleýär. Dünýäniň köpsanly döwletleriniň gatnaşmagynda gol çekilen we tassyklanan ylalaşyklar onuň esasyny düzýär.

BSG-niň düzgünnamasy söwda-ykdysady gatnaşyklarda milli kanunçylygy işläp taýýarlamak we ony iş ýüzünde ulanmak üçin möhüm çelgi bolup durýar. Guramanyň baş maksady agza döwletleriň arasynda durnukly, aýdyň we erkin söwda akymlaryny ýola goýmakdan ybaratdyr.

Häzirki döwürde dünýäniň 164 ýurdy BSG-niň agzasy bolup durýar. Döwletleriň birnäçesi synçy derejesine eýedir. Türkmenistan synçy derejesine eýe bolan 25-nji döwletdir.

Bütindünýä söwda guramasyna synçynyň derejesine eýe bolunmagynyň artykmaç tarapy ýurtlar üçin öz önümçiligini ösdürmek, eksport möçberlerini artdyrmak, şeýle hem bazar gatnaşyklarynyň özgertmeleriniň durnukly ösüşini üpjün etmek mümkinçiligini döredýändigidir.

Şol bir wagtyň özünde munuň özi dünýäniň önümçilik, ylmy-tehniki we medeni ösüş gatnaşyklaryna goşulmagyny, işewürlik gurşawynyň kämilleşdirilmegini we bäsdeşligiň höweslendirilmegini üpjün eder.

Synçynyň derejesi BSG-niň geçirýän resmi çärelerine gatnaşmaga mümkinçilik berýär we onuň esasy resminamalaryna, şeýle hem bu guramanyň söwda meseleleri boýunça tehniki goldaw maksatnamasyna elýeterliligi üpjün edýär.

Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň bu derejäni almagy üçin ägirt uly maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylandygyny bellemeli.

Hususan-da, döwlet Baştutanymyz geçen ýyl "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda BSG-ni daşarky bazarlar bilen netijeli söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin esasy halkara meýdançalarynyň biri hökmünde tassyklady. Ol ýaramaz täsiri bolan bäsleşikden goragy üpjün edýär we anyk, aýdyň ýagdaýlarda işleýär.

Mundan başga-da, “Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk” ady bilen şu ýylyň 14-nji ýanwarynda geçirilen halkara maslahatynyň dowamynda milli Liderimiz ýurdumyzyň abraýly maliýe düzümleri, şol sanda BSG bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardygyny mälim etdi. Şeýle hem 2019-njy ýylda Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna girmegiň düzgünlerini we ýagdaýlaryny öwrenmek işlerini güýçlendirdi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň BSG goşulmagy bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek işleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça 2013-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda degişli Hökümet toparynyň döredilmegi bilen başlandy. Şu döwrüň dowamynda ol Türkmenistanyň milli bähbitlerine laýyk gelýän BSG bilen hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryna garady we beýleki bu gurama goşulan ýurtlaryň tejribelerini, gurama gatnaşmak üçin talap edilýän köptaraply söwda ylalaşyklaryny we başga-da köp meseleleri öwrendi.

Bu ugurda alnyp barylýan çäreleri işjeňleşdirmek hem-de oňa täze itergi bermek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 15-nji iýulynda gol çeken Kararyna laýyklykda Hökümet toparynyň düzümi täzelenip, oňa ýurdumyzyň daşary ykdysady işine jogap berýän esasy edaralar girizildi.

Geçen ýyllaryň dowamynda BSG bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň çäklerinde dürli derejedäki birnäçe çäreler, şol sanda 2016-njy ýylyň maý aýynda Aşgabatda guralan “Merkezi Aziýa we köptaraply söwda ulgamy” ýokary derejeli forum we beýlekiler, şeýle hem ugurdaş maslahatlar we duşuşyklar geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şeýle hem ýörite ylmy-barlag işleri taýýarlandy.

2019-njy ýylyň 30-njy iýulynda Hökümet toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Onuň jemleri boýunça Türkmenistana synçynyň derejesini almak arkaly BSG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň işjeň tapgyryna geçmegiň zerurdygy nygtaldy.

Geçen ýylyň awgust aýynda Bütindünýä söwda guramasynyň wekiliýeti
birinji Hazar ykdysady forumyna, onuň öň ýanynda BSG-a girmek meseleleri boýunça geçirilen milli okuw maslahatyna, şeýle hem türkmen tarapynyň wekilleri bilen guralan ikitaraplaýyn duşuşyklara gatnaşdy.

2019-njy ýylyň 28-nji awgustynda geçirilen Hökümet toparynyň ikinji mejlisinde BSG bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça geljekki anyk hereketler barada çözgüt kabul edildi.

Şu ýylyň aprel we maý aýlarynda geçirilen onuň üçünji we dördünji mejlisleriniň jemleri boýunça Türkmenistanyň BSG-ä synçy derejesinde gatnaşmagynyň milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşine ýardam etjekdigi baradaky netijenama çykaryldy.

2020-nji ýylyň 15-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulyşmagy hakynda teklibi makullap, degişli Karara gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, türkmen tarapy BSG-niň Baş direktorynyň adyna degişli haty, şeýle hem Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň hem-de daşary söwda ýagdaýynyň synyny iberdi.

Ýokarda bellenilişi ýaly, 22-nji iýulda Ženewada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ştab-kwartirasynda bu guramanyň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ýüzlenme hatyna garaldy hem-de Türkmenistana BSG-de synçy derejäniň berilýändigi hakynda çözgüt biragyzdan kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan 2020 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň Daşary ykdysady işini ösdürmegiň maksatnamasy BSG bilen netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine goşmaça gyzyklanma döretdi.

Emele gelen birnäçe şertler ýurdumyzyň BSG-a goşulyşmagynyň maksada laýykdygyny tassyklaýar.

Bütindünýä söwda guramasynyň işine synçy hökmünde gatnaşylmagy Türkmenistanda bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň möhüm bölegi hökmünde ýokary halkara derejesinde hem-de umumy ykrar edilen kadalara laýyklykda tassyklanylýar.

Bu dereje ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini giňelder hem-de döwletimizde öndürilýän harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, dünýä bazarynda olary işjeň ilerletmek üçin amatly şertleri döreder.

Munuň özi şeýle hem Türkmenistanyň halkara söwda we ykdysady giňişligine netijeli goşulyşmagyna ýardam berer.

Biziň döwletimiziň BSG-niň işine gönüden-göni gatnaşmagy ykdysady, maliýe, söwda, maýa goýum ugurly esasy halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm şertine öwrüler.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasynda daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine hem-de söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň BSG-ä goşulyşmagy döwletimiziň maýadarlary hem-de söwda hyzmatdaşlary üçin kepillikleri we aýanlygy üpjün eder. Şeýle hem Bütindünýä söwda guramasyna goşulyşmagy Türkmenistana täjirçilik meseleleri boýunça öz ornuny öňe ilerletmäge hem-de olaryň çözgüdini tizleşdirmäge mümkinçilik berer.

Şeýlelikde, BSG-niň synçysy derejesine eýe bolmagy Watanymyzyň halkara gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamynda ornuny pugtalandyrmakda, düýpli özgertmeler we ösüş ýolunda Diýarymyzyň üstünlikli öňe gitmeginde täze netijeli ädim bolar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter