Türkmenistanyň Daşary işler ministrligniň metbugat habary | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligniň metbugat habary

опубликованно 27.07.2020 // 428 - просмотров
 

2020-nji ýylyň 27-nji iýulynda “Mir” Döwletara teleradiokompaniýasynyň ýaýlymy boýunça onuň Täjigistan Respublikasyndaky habarçysy Azamat Ziýaýewiň habary ýaýlyma göýberildi, onda, hususan-da ýakyn günlerde Täjigistanda garaşylýan yssy howa Eýrandan gelip, Türkmenistanyň üsti bilen geçen yssy howa akymynyň sebäp bolýandygy habar berilýär.

Türkmen tarapy şeýle habary hünär taýdan sowatsyzlyk diýip hasaplaýar we Türkmenistanyň hem-de beýleki ýurtlaryň gidrometeorologiýa merkezleriniň köp ýyllaryň dowamynda geçiren gözegçilik işleriniň Ýakyn Gündogardan öwüsýän, Merkezi Aziýada howa şertleriniň emele gelmegine täsirini ýetirýän howa akymynyň, geografik relýefiň aýratynlyklary bilen çaknyşmak arkaly öz ugruny üýtgedýändigine şaýatlyk edýändigini tassyklaýar. Şol bir wagtyň özünde, aglaba ýagdaýlarda ýeliň tizliginiň peselmegi netijesinde onuň Ýakyn hem-de Orta Gündogaryň çöl-düzlük zolaklaryndan ep-esli uzaklykda ýerleşýän hem-de beýik dag gerişleri bilen gurşalan ýurtlaryň howasyna ýetirýän täsiri azalýar. Şunlukda, Eýrandan gelip, Türkmenistanyň üstünden geçýän ýeliň “gyzgyn” akymlarynyň Täjigistanyň çägine barýanlygy baradaky kesgitleme hiç bir hakykata laýyk gelmeýär. Bu hakykat, Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ygtybarly gözegçiliginiň maglumatlary bilen tassyklanylýar.

Şol bir wagtda, türkmen tarapy koronawirus we beýleki ýokanç keselleriň ýaýramagy zerarly dünýäde ýüze çykan häzirki ýagdaý nazarda tutulmagy bilen, täjik žurnalistiniň ýokarda agzalan maglumatyny syýasy taýdan nädogry hasaplaýar. Bu ýagdaý dünýä jemgyýetçiliginiň pandemiýa garşy tagallalaryny utgaşdyrýan häzirki wagtynda, ýagny wirusologiýa ulgamyndaky, hususan-da koronawirusyň ýüze çykmagynyň tebigatynyň öwrenilmegi arkaly ylmy barlaglaryň işjeňleşdirilmegi bilen şertlendirilendir. 32 döwletden 239 alymyň kesgitlän möhüm netijelerine görä, wiruslar howada uzak wagtyň dowamynda aerozol damjalarynda saklanyp bilýärler. Degişlilikde, wirusly ýokançlaryň howa-damjalary arkaly geçmek mümkinçiligi has ähmiýetlidir hem-de ýaýraýan bolup durýandyr. Agzalan hünärmenler tarapyndan şu ýylyň iýul aýynda Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň Baş direktorynyň adyna ýollanan hatda munuň şeýledigi açyk beýan edilýär.

Aýdylanlardan ugur alyp, öz çäginden ýa-da onuň üstünden geçýän howa akymlarynyň beýleki döwletlere howply ýokanç keselleri geçirip bilmegi babatda haýsydyr bir döwletiň takyk adynyň islendik görnüşde ulanylmagy şübhe döredip biler diýip hasap edýäris.

Hut şonuň üçin hem, türkmen tarapy ýokarda agzalan maglumaty taýýarlamak we ýaýratmak bilen habarçynyň syýasy taýdan gözýetiminiň darlygyny aýratyn bellemek bilen, halkara tejribesinde kemala gelen syýasy etikanyň kadalarynyň gödek bozulmagynyň kabul ederlikli däldigini tassyklaýar.

Şunuň bilen birlikde, adam saglygy üçin aýratyn zyýanly ýokançlara, ilkinji nobatda, howa akymynyň üsti bilen geçýän wiruslara ünsi çekmek bilen, türkmen tarapy oňyn ýörelgäni durmuşa geçirýär, oňa laýyklykda möhüm ekologiki meseleleriň çözgüdinde dünýä ýurtlaryny hyzmatdaşlyga çagyrýar.

Olaryň biri hem Aral betbagtçylygydyr.

Hut şu ýerde – Aral deňziniň guramagy zerarly ýüze çykan ekologiki betbagtçylygyň zolagynda, tebigata, howa, Aralyň töwereginde we onuň çäginden uzakda ýaşaýan adamlaryň saglygyna zyýanly täsirini ýetirýän howa akymlary emele gelýär. Guran Aralyň düýbündäki aýratyn zyýanly maddalary ýaýradýan tozanly-duzly tupanlar müňlerçe kilometre ýaýraýar hem-de adamyň saglygyna hakyky howp döredýär.

2017-2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmek bilen, Türkmenistan bu halkara düzüminiň işiniň işjeňleşdirilmegi boýunça ençeme möhüm hereketleri amala aşyrdy. Hususan-da, geçirilen guramaçylyk häsiýetli çäreleriň netijesinde AHHG-nyň ähli edaralarynyň we komissiýalarynyň ulgamlaýyn esasdaky işi mümkin boldy. Köp ýyllaryň dowamynda ilkinji gezek 2018-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň ýolbaşçylarynyň Sammiti geçirildi. Türkmenistanyň bu Gazna başlyklyk eden üç ýylynda Aralyň ekologiki betbagtçylygynyň sebitde tebigaty goramak, durmuş-ykdysady, ynsanperwer meselelerini çözmäge ýetirýän ýaramaz täsirini azaltmak boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň geljekki bilelikdäki hereketlerine gönükdirilen wajyp çözgütler we resminamalar kabul edildi.

Türkmenistan şeýle-de BMG-da we beýleki halkara meýdançalarynda Aral deňziniň töwereginiň ýurtlary üçin BMG-niň ýörite maksatnamasynyň işlenilip düzülmegi baradaky başlangyjy işjeň öňe sürýär. Bu işde ähmiýetli netijeler hem bar.

Türkmen tarapy häzirki wagtda AHHG-na başlyklyk edýän Täjigistanyň hem Gaznadaky bilelikdäki işleriň çäklerinde Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň dowam etdirilmegi üçin zerur tagallalary alyp barjakdygyna ynam bildirýär.

Aral meseleleri toplumynyň çözülmeginde bilelikdäki utgaşdyrylan işiň aýratynam häzirki wagtda, ýagny bütin dünýäniň ählumumy wehime – koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy göreşýän döwründe aýratyn derwaýys ähmiýete eýe bolýandygyna ynanýarys.

Ýokarda agzalanlardan ugur alyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi işjeň hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşine päsgel berýän haýsydyr bir maglumatlaryň talabalaýyk bolmadyk häsiýetini nygtamak bilen, döwetleriniň esasy ünsüniň sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen giň gerimli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine gönükdirilmeginiň zerurlygyny belleýär.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter