Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Gurban baýramyny bellemek hakynda | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Gurban baýramyny bellemek hakynda

опубликованно 28.07.2020 // 684 - просмотров
 

Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenlstanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

1. Türkmen halkynyň Milli baýramy bolan Gurban baýramyny 2020-nji ýylyň 31-nji iýulynda, 1-2-nji awgustynda bellemeli.

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Aşgabat şäheri 2020-nji ýylyň 27-nji iýuly

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter