Parahatçylyk döredijilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip | TDH
Syýasat habarlary

Parahatçylyk döredijilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip

опубликованно 26.08.2015 // 956 - просмотров
 

27-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystan Yslam Respublikasyna resmi sapary başlanýar.

Türkmenistan we Owganystan ýokary derejede geçiriljek ikitaraplaýyn duşuşyga aýratyn ähmiýet berýärler. Ol häzirki tapgyrda örän işjeňleşen hem-de hil taýdan täze sepgide çykan döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň we çuňlaşdyrmagyň ýolunda täze möhüm ädim bolmaga gönükdirilendir.

Şu ýylyň 21-nji ýanwarynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň Türkmenistana bolan döwlet saparynyň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan daşary syýasat strategiýasyny amala aşyranda, goňşy döwletler, hususan-da, Owganystan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berýär. Bu ýurduň halky bilen türkmen halkyny dostlugyň köp asyrlyk däpleri we taryhy-medeni umumylyk birleşdirýär.

Türkmenistan bu asylly däplere hemişe ygrarly bolmak bilen, goňşy ýurda onuň durmuş-ykdysady we medeni taýdan galkynmagynda hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Owgan halkynyň parahat we abadan durmuşa ymtylmasyny goldap, ýurdumyz Owganystana ýeňillikli bahalar boýunça elektrik energiýany we suwuklandyrylan gazy iberýär, goňşy döwletde durmuş ähmiýetli desgalary, hususan-da, lukmançylyk we bilim desgalaryny gurýar, ýaşlara bilim bermekde we işgärleri taýýarlamakda kömek edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow doganlyk goňşy döwletdäki ýagdaýlaryň diňe parahatçylykly, giň umumymilli gepleşikler esasynda syýasy-diplomatik usullar arkaly sazlaşdyrmak mümkindigini nygtaýar. Halkara jemgyýetçiliginiň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler
Guramasynyň howandarlygynda parahatçylyk döredijilik mümkinçilikleri Owganystanda has işjeň we giňden herekete getirilmelidir. Şu babatda, Türkmenistan öz tarapyndan BMG-ä şu meselede zerur bolan hemme ýardamlary bermäge taýýardyr hem-de şunda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýsy boýunça Sebit merkezi möhüm orun tutmalydyr.

Türkmenistan owgan ykdysadyýetiniň we durmuş düzümleriniň dikeldilmegine gönükdirilen anyk işleri durmuşa geçirip, Owganystanyň hökümetine işjeň halkara goldawyny bermek, bu ýurduň sebitleýin we halkara ykdysady işlerine netijeli goşulyşmagyna ýardam etmek ugrunda çykyş edýär. Muňa Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde hem-de beýleki iri halkara maslahatlarynda Türkmenistanyň beýan eden döredijilikli başlangyçlary, şeýle hem türkmen tarapynyň başyny başlan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan //TOPH/ gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly iri taslamalar subutnama bolup durýar. Bu transmilli energetika taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi dünýäniň energiýa howpsuzlygynyň häzirki zaman gurluşynyň döredilmegine hakyky goşant bolar hem-de şonuň bilen birlikde goňşy Owganystanda wajyp durmuş meselelerini çözmäge, hususan-da, täze iş orunlaryny döretmek boýunça meseleleri çözmäge gönüden-göni ýardam eder.

Şu babatda örän uly kuwwata eýe bolan ulag-aragatnaşyk babatda hyzmatdaşlyk hem möhüm ähmiýetli bolup durýar. Şunda 2013-nji ýylda badalga alan Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygyny aýdyň mysal hökmünde getirmek bolar. Geljekde bu polat ýolunyň sebit we halkara möçberinde ulag-üstaşyr daşalmalarynyň ugurlarynyň möhüm halkasy bolmagy üçin hemme şertlere eýe bolup, bu taslama gatnaşyjy ýurtlaryň häzirki zaman dünýä hojalyk aragatnaşyk ulgamyna işjeň ýakynlaşmagyna ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Owganystan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylygy hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrar we ösdürer, doganlyk ýurtdaky ýagdaýlary parahatçylykly çözmek boýunça halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryna örän işjeň gatnaşar, owgan halkyna hakyky goldaw we zerur bolan ynsanperwer kömegini berer.

Netijeleri boýunça möhüm resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýän ýokary derejedäki nobatdaky ikitaraplaýyn gepleşikleriň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi hem-de geljekki meýilnamalar babatda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri çykarylar. Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystan Yslam Respublikasyna häzirki resmi sapary, gürrüňsiz suratda, dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň synmaz gatnaşyklary bilen baglanyşan türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň has-da yzygiderli ösdürilmegine täze itergi berer.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter