Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Owganystana geldi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Owganystana geldi

опубликованно 27.08.2015 // 946 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Owganystan Yslam Respublikasyna geldi.

Şu gün ir bilen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Hormatly Prezidentimiziň uçary birnäçe wagtdan Owganystanyň paýtagtyndaky Hamid Karzaý adyndaky halkara howa menzilinde gondy.

Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna uçaryň ýanynda Hormat garawulynyň esgerleri hatara düzülipdir. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Milli Liderimiz haly düşelen ýoda bilen howa menziliniň Resmi wekiliýetler zalyna bardy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden sapar mahaly Owganystan Yslam Respublikasynyň Köşkler toplumynyň “Herem Saraý” köşgünde ýerleşýän kabulhanasyna tarap ugrady. Şu gün Kabul şäherinde döwlet Baştutanymyzyň bu ýurda resmi saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde ýokary derejedäki türkmen-owgan gepleşikleri geçiriler.

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek bilen, goňşy ýurtlar, şol sanda Owganystan bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu gezekki sapary häzirki döwürde taraplaryň hoşniýetli erkine laýyklykda täze mazmun bilen üsti ýetirilýän döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýolunda möhüm ädimi alamatlandyrdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter