Türkmenistan we RF-iň Tatarstan Respublikasy hyzmatdaşlygy giňeldýärler | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistan we RF-iň Tatarstan Respublikasy hyzmatdaşlygy giňeldýärler

опубликованно 30.07.2020 // 144 - просмотров
 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.D. Rejebowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Maýa goýum ösüşi agentliginiň ýolbaşçysy T. I. Minullina hem-de Astrahan oblastynyň Halkara we daşary ykdysady gatnaşyklary agentliginiň ýolbaşçysynyň orunbasary A. G. Aýdin bilen wideomaslahat aragatnaşygy arkaly duşuşygy geçirildi.

Şeýle hem söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga ýurdumyzyň Kazandaky Baş konsuly A. H. Baýramow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, Tatarstan tarapyndan – Senagat we söwda ministrliginiň, Söwda-senagat palatasynyň, Kärhanalar we senagatçylar assosiasiýasynyň, Eksport korporasiýasynyň, Kazanyň motogurluşyk önümçilik birleşiginiň, Nebitsenagathimiýa YBI-niň, Zelenodolskiniň A. M. Gorkiý adyndaky gämi gurluşygy zawodynyň, «Poliz» kompaniýasynyň, «Ак Барс» bankynyň wekilleri gatnaşdylar.

Gepleşikleriň barşynda taraplaryň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygy beýan edildi.

Kazanda Türkmenistanyň Söwda öýüniň açylmagy duşuşygyň temalarynyň biri boldy, ol türkmen önümleriniň we harytlarynyň Russiýa bazaryna üstünlikli ilerledilmegine ýardam etmelidir.

Şeýle hem taraplar Hazarda türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň wajyplygyny bellediler we RF-iň Astrahan oblastynyň logistiki düzümlerini türkmen harytlaryny RF-iň Tatarstan Respublikasyna ibermek üçin ulanmak mümkinçiligine garadylar.

Tatarstan tarapy ähli ugurda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygyny beýan etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter