Iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary türkmen-katar gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar | TDH
Syýasat habarlary

Iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary türkmen-katar gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar

опубликованно 11.08.2020 // 163 - просмотров
 

10-njy awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredow bilen Katar Döwletiniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, dürli ugurlarda döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigini beýan etdiler.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň hem-de Katar Döwletiniň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny bellediler. Bar bolan köpugurly kuwwaty nazara almak bilen, uzak möhlete gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy. Şunda bilelikdäki Hökümetara toparyň işine aýratyn orun degişlidir. Bu topar ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine, söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de giňeltmäge, işewürlik gatnaşyklary pugtalandyrmaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge ýardam edýär.

Koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasynyň garşysyna bilelikdäki hereketleriň utgaşdyrylmagy bilen bir hatarda, derwaýys sebit hem-de halkara meselelerine hem seredilip geçildi. Bu ugurda diplomatlar adatdan daşary ýagdaýlarda netijeli gaýragoýulmasyz utgaşdyrylan hereketleriň guramaçylygy we geçirilmegi babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Alym-lukmanlaryň geňeşiniň döredilmegi baradaky başlangyjynyň aýratyn ähmiýetini we derwaýyslygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň DIM-niň ýolbaşçylary çylşyrymly umumydünýä ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagy bilen, ylmy diplomatiýanyň netijeli gurallarynyň hemmetaraplaýyn ýaýbaňlandyrylmagynyň wajyp häsiýete eýe bolýandygyny hem belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň we Kataryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy geňeşmeleri geçirmegi dowam etmäge gyzyklanma bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter