Owganystana Real-time PCR lukmançylyk enjamlaryň toplumlaryndan ybarat bolan ynsanperwer kömegi iberildi | TDH
Syýasat habarlary

Owganystana Real-time PCR lukmançylyk enjamlaryň toplumlaryndan ybarat bolan ynsanperwer kömegi iberildi

опубликованно 12.08.2020 // 251 - просмотров
 

2020-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasyna lukmançylyk enjamlaryň toplumlaryndan ybarat bolan ynsanperwer kömegini iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara 4-nji awgustda gol çekdi.

Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine polimeraz zynjyrynyň reaksiýasy (Real-time PCR) üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny ynsanperwer kömek hökmünde Owganystan Yslam Respublikasynyň hökümetine muzdsuz bermek tabşyryldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara işlere işjeň gatnaşýar. Ynsanperwerlik ideallaryna ygrarly Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk we özara goldaw bermek ýörelgelerine eýerip, beýleki döwletlere kömek bermäge hemişe taýýardyr.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter