Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda

опубликованно 12.08.2020 // 478 - просмотров
 

«Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 56-njy, 72-nji, 73-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Seýitjan Pirkulyýewiç Ýaňybaýewi Ahal welaýatynyň Sarahs etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Serdar Rozymyratowiç Allakowy Ahal welaýatynyň Tejen etrap, şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa bäşinji hünär derejesini bermeli;

Göwher Çaryýewna Eşanowany Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa bäşinji hünär derejesini bermeli;

Döwran Gurbanowy Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa bäşinji hünär derejesini bermeli;

Gurt Amandurdyýewiç Gurbandurdyýewi Ahal welaýatynyň Sarahs etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 12-nji awgusty.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter