Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda

опубликованно 12.08.2020 // 692 - просмотров
 

«Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

1-nji derejeli ýurist Kakajan Kanalowiç Amanmyradowy Balkan welaýatynyň prokurory wezipesine belläp, ony Lebap welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly;

ýustisiýanyň geňeşçisi Oraz Döwletgeldiýewiç Rozyýewi Balkan welaýatynyň prokurory wezipesinden boşatmaly;

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Rahim Hekimowiç Ataýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Mary welaýatynyň prokurory wezipesinden boşatmaly;

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Allanazar Ataýewiç Nyýazlyýewi Mary welaýatynyň prokurory wezipesine belläp, ony Daşoguz welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 12-nji awgusty.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter