Resmi habaralar 27-nji awgust | TDH
Resminamalar

Resmi habaralar 27-nji awgust

 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda Zenan Parlament Baştutanlarynyň 10-njy duşuşygyna hem-de Parlament Baştutanlarynyň dördünji Bütindünýä maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýeti 2015-nji ýylyň 28-nji awgusty – 3-nji sentýabry aralygynda Amerikanyň Birleşen Şatatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň ýokary derejedäki duşuşygyna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, agzalan döwletleriň daşary işler ministrleriniň arasyndaky üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin, 2015-nji ýylyň 28-29-njy awgustanyda Türkiýe Respublikasynda gulluk iş saparynda bolar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter