Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY | TDH
Resminamalar

Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY

опубликованно 27.08.2015 // 1025 - просмотров
 

Owganystan Yslam Respublikasynyn Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň 27-nji awgustynda Owganystan Yslam Respublikasyna sapary boldy.

Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyn Prezidentleri dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda hemmetaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler we ikitaraplaýyn, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gatnaşyklarynyň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar.

Taraplar türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn höweslendirmegiň ähmiýetlidigini bellediler, bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyn halklarynyň arasynda dostlugy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmaga düýpli goşant goşýar.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli mümkinçiliklerini peýdalanmak üçin Taraplar yzygiderli gatnaşyklary goldamagyň, dürli derejelerde geňeşmeleriň we ysnyşykly utgaşdyrmagyň hern-de pikir alyşmagyň, şol sanda halkara duşuşyklarynda, maslahatlarynda we Birleşen Milletler Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara guramalarynyň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde pikir alyşmagyň zerurdygyny ykrar etdiler.

Döwletleriň Baştutanlary Owganystanda parahatçylygy berkarar etmegiň we durnuklylygy üpjün etmegiň möhümdigini bellediler. Turkmen tarapy Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga özüniň eýerýändigini tassyklady.

Türkmenistanyň bitaraplygynyň Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň esasy bolup durýandygyny göz önünde tutup, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 20 ýyllygy bilen Türkmenistany gutlady hem-de şu hukuk ýagdaýyny Owganystanyň goldaýandygyny tassyklady.

Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň we gol çekilen ikitaraplaýyn
resminamalaryň durmuşa geçirilişine oňyn baha berdiler, şeýle hem olary syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni we beýleki ugurlarda mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Taraplar Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliginiň bardygy bilen ylalaşdylar hem-de ony deňlik we özara bähbit esasynda ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Olar iki ýurduň ykdysady işi ýöredijileriniň arasynda hyzmatdaşlygy höweslendirmek üçin ykdysady, maliýe we beýleki ugurlarda amatly şertleri döretmegi ylalaşdylar. Taraplar iki ýurduň energetikasyny we mineral serişdelerini ösdürmek babatda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Taraplar «Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasynyň ähmiýetini nygtadylar hem-de bu möhüm sebit taslamasyny ýakyn wagtda durmuşa geçirmek boýunça çäreleri görmegi karar etdiler.

Taraplar, şeýle hem iki ýurduň gyzyklanma bildirýän guramalarynyň we kompaniýalarynyň arasynda ulag, elektrik energetikasy, himiýa senagaty, kommunikasiýalar, tebigy serişdeleri aýawly peýdalanmak we daşky gurşawy goramak babatda, şeýle hem beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmegi höweslendirmek barada ylalaşdylar.

Döwletleriň Baştutanlary iki döwletiň ägirt uly üstaşyr-ulag mümkinçiligini göz öňünde tutmak bilen, «Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe» ulag geçelgesini döretmäge möhüm ähmiýet berýärler.

Iki döwletiň Prezidentleri Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasynyň berlişini artdyrmak, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan demir ýollary babatda hyzmatdaşlyk etmegi we sebitde ulag-üstaşyr merkezi hökmünde Owganystanyň ornuny bellediler.

Taraplar medeniýet, ylym, bilim, sungat, syýahatçylyk we sport babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýetlidigini nygtadylar.

Taraplar 2017-nji ýylda Aşgabat Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny üstünlikli geçirmek üçin ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar.

Taraplar howpsuzlyk babatda we terrorçylyga, neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň bikanun dolanyşygyna, transmilli guramaçylýkly jenaýatçylyga hem-de häzirki döwrüň beýleki howplaryna we wehimlerine garşy göreşde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek zerur diýip hasapladylar.

Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi üçin, Onuň Alyhezreti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganä we Owganystanyň halkyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti çakylygy minnetdarlyk bilen kabul etdi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar boýunça ylalaşylar.

Türkmenistanyň
Prezidenti

Gurbanguly
BERDIMUHAMEDOW

Owganystan Yslam
Respublikasynyň Prezidenti

Mohammad Aşraf GANI

Kabul şäheri, 2015-nji ýylyň 27-nji awgusty

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter