Meşhur aýdym-sazly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi | TDH
Medeniýet

Meşhur aýdym-sazly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

 

Şu gün paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýaş aýdymçylaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy.

Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän bu özboluşly taslama ýaşlaryň döredijilik ukybyny açmaga, olary milletiň genji-hazynasy, baý saz medeniýeti bilen tanyşdyrmaga ýardam edýär.

Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, welaýatlaryň häkimlikleri hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan bilelikde guralýan döredijilik bäsleşigi soňky ýyllarda estrada giňişliginde täze ýyldyzlaryň peýda bolmagyna ýardam etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagy şu gün dabaranyň öwüşginini artdyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlag hatynda buýsanç bilen belleýşi ýaly, ýaşlarymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asyrlar aşyp gelen sungat däplerine, türkmeniň döwletlilik ýörelgelerine eýerip, milli aýdym-saz sungatymyzyň has-da rowaçlanmagy, barha kämilleşmegi ugrunda güýç-gaýratyny gaýgyrman, ussat bagşylarymyzyň, zehinli aýdymçylarymyzyň sungat äleminde miras galdyran döredijilik ýollaryny mynasyp dowam etdirer.

«Siz ussat halypalardan miras galan milli aýdym-saz sungatymyzyň inçe ýollaryny kalbyňyza pugta siňdirip, ony dünýä derejesinde ösdürmelisiňiz hem-de dünýä halklarynyň aýdym-sazlaryny düýpli özleşdirmelisiňiz. Siziň esasy wezipäňiz geljekde hem ýurdumyzyň aýdym-saz sungatynyň has belende göterilmegine ähli ukyp-başarnygyňyzy bagyş edip, Garaşsyz Watanymyzyň taryhy özgerişlerini, halkymyzyň bagtyýarlygyny, jemgyýetimiziň abadançylygyny belentden wasp etmekdir. Siziň kalbyňyzdan joşup çykýan aýdymlaryňyz mähriban watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine, belent sepgitlere, sagdyn durmuş ýörelgelerine ruhlandyrmalydyr» diýlip, milli Liderimiziň bäsleşige gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtalýar.

Häzir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlar syýasatyny amala aşyrmak, ýaş zehinleri höweslendirmek we goldamak baradaky meselelere uly üns bermegi netijesinde türkmen saz sungatyny has-da ösdürmek üçin mäkäm ygtybarly esaslar goýulýar.
Eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna beslenen ýylda bu ulgamyň wekilleriniň üstüne aýratyn jogapkärçilik düşýär. Munuň şeýledigi meşhur döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň mazmunly konsert çykyşlarynda öz beýanyny tapdy.

Bäsleşik üç tapgyrda geçirildi. «Ýaňlan, Diýarym!» döredijilik bäsleşigine paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan ýaş zehinli aýdymçylaryň 770-den gowragy, şol sanda dürli döredijilik toparlarynyň aýdymçylary ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, medeniýet we beýleki ulgamlaryň işgärleri gatnaşdylar.

Bäsleşigiň welaýat tapgyrlarynda olaryň her haýsyndan ýaş aýdymçylaryň 10-sy çykyş etmäge hukuk gazandy. Düzgüne laýyklykda, her welaýatdan we Aşgabatdan zehinlileriň 2-si jemleýji tapgyra çykdy. Şu gün «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýaş aýdymçylaryň 12-si — ýigitleriň 8-si we gyzlaryň 4-si duşuşdy.

Jemleýji tapgyra çykan zehinlileriň agramly bölegi sungat mekdeplerinde ilkinji aýdym-saz bilimine eýe bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýatlary ösdürmegiň çäklerinde bina edilen oba Medeniýet öýlerinde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şol toparlarda döredijilik bilen meşgullanmak, zehinleri ýüze çykarmak üçin amatly şertler döredildi.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna çykmak üçin aýdymçylaryň çykyşlaryna emin agzalary olaryň bäş ugry boýunça baha berdiler. Bäsleşige gatnaşyjylar onuň düzgünlerine laýyklykda, aýdymlary sazly we sazsyz görnüşde ýerine ýetirdiler. Şunda aýdymçynyň diňe sesi däl-de, eýsem, onuň ýerine ýetirijilik ussatlygy, artistligi göz öňünde tutuldy.

Ýene-de bir bellemeli zat, şu ýyl ses bermek we sesleri hasaplamak işi sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen geçirilmegi bolup, ol çözgütleri kabul etmekde ýüzgörmezlige ýardam etdi. Ine, şu gün hem emin agzalarynyň öňünde ýeňil bolmadyk wezipe — ökdelerden ökdäni, has zehinli aýdymçylary saýlamak wezipesi durdy.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän ýylyň konsert maksatnamasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylan üstünlikler, milli sungatymyzyň ýeten belent sepgitleri öz beýanyny tapdy.

Dürli ýyllarda geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileriniň ýerine ýetiren «Sungata sarpaňa sag bol, Arkadag!» atly aýdym döredijilik baýramynyň tolgundyryjy pursadyna öwrüldi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanyp, mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen medeniýeti öz ösüşinde täze kuwwatly itergä eýe boldy.

Milli Liderimiz aýdym-saz sungatynyň muşdagy bolup, aýdym aýtmak, saz çalmak ýaly ukyp-başarnyga eýedir. Döwlet Baştutanymyzyň döreden aýdymlaryny meşhur, şeýle hem ýaş aýdymçylar uly höwes bilen ýerine ýetirýärler.

Konsertiň dabaraly başlanmagy döredijilik bäsleşigini täsirli duýgular bilen gurşap aldy. Ýaş zehinleriň ýerine ýetirmeginde açyk sahna meýdançasynda halk aýdymlary hem-de eziz Watanymyza, ene topragymyzyň gözelligine, söýgi we dostluga bagyşlanan aýdymlar ýaňlandy. Olarda häzirki zaman sazlary we milli owazlar sazlaşykly utgaşdy.

Käbir aýdymçylar nusgawy şahyrlarymyzyň sözlerine görnükli türkmen kompozitorlary tarapyndan ýazylan aýdymlary ýerine ýetirdiler. Olarda milli sungatymyzyň iň gowy däpleriniň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy.

Aýdym-sazly çykyşlaryň özboluşly bezegine hem-de höwesjeň artistleriň ýerine ýetirijilik ukybyna tomaşaçylar dowamly el çarpyşmalar bilen baha berdiler.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Ýaşa, mähriban Arkadag!» atly aýdym hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanyp, gala-konsertiň jemleýji pursadyna öwrüldi. Milli Liderimiziň başlangyjy we ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzda halkymyzyň bähbidine, berkarar Watanymyzyň, onuň milli medeniýetiniň has-da gülläp ösmeginiň hatyrasyna ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar.

Baýramçylygyň ahyrynda netijeler jemlenip, bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Dabaraly çäräniň barşynda bellenilişi ýaly, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi milli Liderimiziň üns we goldaw bermegi netijesinde ýylsaýyn ýaş nesliň zehinleriniň köp sanlysyny öz hataryna çekýär. Olar öz aýdymlary we sazlary bilen mähriban Watanymyzy hem-de onuň gazanan üstünliklerini wasp edýärler.

Bäsleşigiň ýeňijileriniň atlary şowhunly el çarpyşmalar astynda yglan edildi, olar ýörite diplomlara hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyndan gowşurylan baýraklara eýe boldular.

«Ýaňlan, Diýarym!» — 2020» telebäsleşigine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler hem-de beýik ruhy genji-hazynany — türkmen milli sungatyny aýawly saklamak we ösdürmek üçin öz güýç-gaýratlaryny, zehinlerini we ylham-joşgunlaryny gaýgyrmajakdyklaryna, geljekde-de döredijilik ylhamy bilen halkymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanan ajaýyp üstünliklerini wasp etjekdiklerine ynandyrdylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter