Söwda pudagynda täzeçil usullar | TDH
Ykdysadyýet

Söwda pudagynda täzeçil usullar

 

Ägirt uly serişde kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde okgunly ykdysady ösüş ýoluna düşdi. Bu gün eziz Diýarymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ykdysadyýetini ösdürýär, täze pudaklary döredýär we ozal bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrýar. Işlenip taýýarlanylan we durmuşa geçirýän döwlet maksatnamalary, sanlylaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň ösüşini üpjün edýär.

Türkmenistanda amala aşyrylýan 2019-2025-nji ýyllar üçin niýetlenen sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy ähli pudaklaryň tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň köpugurly kuwwaty esasynda ykdysady bilimiň kemala gelmeginekömek edýär.

Sanly tehnologiýalaryň artykmaçlygy mälimdir. Şeýlelikde, kabul edilen Konsepsiýa döwlet maksatnamalary we iri ykdysady taslamalar bilen bir bitewi utgaşyklygy emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly we ykjam hyzmatlaryň ählumumy elýeterliliginiň üpjün edilmegini möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezýär.

Häzirki zaman şertlerinde sanlylaşdyrmak durnukly ösüşiň köpsanly wezipeleriniň çözgüdini üpjün edýär. Sanly tehnologiýalar bazary dünýäde sazlaşykly ösýän, ýaşlaryň arasynda iň meşhur ugurlarynyň biri bolup durýar.

Bu gün dürli görnüşdäki we islendik möçberdäki maglumatlary almak üçin döwrebap elektron serişdeleri zerur şertleri üpjün edýär. Internediň kömegi arkaly öýde oturan ýeriňde lukmanyň kabulhanasyna ýazylmak, hasabyňy tölemek, islendik önümi ýa-da harydy satmak we satyn almak bolýar.

Söwda ulgamy milli ykdysadyýetimiziň ösüşini üpjün edýän esasy pudaklaryň biridir. Ol ýurduň jemi içerki önüminiň 10 göterimden gowragyny üpjün edýär. Bu pudagyň sanlylaşdyrylmagynyň aýratyn ähmiýetlidigini bellemeli. Pudakda ýokary tehnologiýaly, ylmy we täzeçil çözgütleri işläp taýýarlamagyň hem-de şolary herekete girizmegiň ygtybarly binýady döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça öňe sürlen Konsepsiýa internet-söwdanyň ösdürilmegine, ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çäreleriň giň toplumynyň amala aşyrylmagynaýardam edýär.

Söwda pudagynyň esasy görkezijilerine geçirilen seljermeler sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň ähmiýetlidigini subut edýär. Şunuň bilen baglylykda, Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýurdumyz boýunça bölek haryt dolanyşygynyň mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, hereket edýän nyrhlarda 19,4 göterim artdy.

Şu ýylyň sekiz aýynda bu düzümde bölek söwdanyň paýy döwlet derejesinde 7,8 göterime, döwlete dahylly bolmadyk pudakda bolsa 92,2 göterime deň boldy.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň bölek söwda kärhanalarynyň paýy ýanwar-awgust aýlarynda ykdysadyýetiň döwlete degişli bölek haryt dolanyşygynyň umumy möçberinde 45,7 göterime deň bolup, ösüş 13,8 göterime barabar boldy.

Ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, milli söwda ulgamynda lomaý we bölek söwda ulgamyny dolandyrmakda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin hukuk binýady döredildi hem-de yzygiderli kämilleşdirilýär.

Türkmenistanyň “Alyjylaryň hukuklaryny goramak hakynda”, “Söwda işi hakynda”, “Türkmenistanda Internet ulgamynyň we internet-hyzmatlarynyň ösüşini hukuk taýdan kadalaşdyrmak hakynda” Kanunlarynyň esasynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan “Harytlary uzak aralykdan ýerlemegiň düzgünnamasy” işlenip taýýarlanyldy we ornaşdyryldy.

Oňa uzak aralykdan söwdany ýola goýmak, şol sanda harytlary mahabatlandyrmak, almak-satmak şertnamalaryny baglaşmak, harytlary sarp edijilere eltip bermegiň tertibi boýunça umumy düzgünler girizildi we sarp edijileriň hukuklary hem-de beýleki bölümler kesgitlenilýär.

Bu düzgünnama guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, ýuridik taraplara, hem-de ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini alyp barýan telekeçilere degişlidir.

Şeýle hem bu düzgünnama elektron resminamalary ulanmak arkaly lomaý söwda etmek üçin geleşikleri, şertnamalary baglaşýanhem-de söwda awtomatlary arkaly harytlaryň söwdasyna, daşary ýurtlardan harytlary satyn almak üçin şertnama baglaşylanda özara gatnaşyklara, almak-satmak şertnamalaryna we bäsleşiklere ýaýradylýar.

Düzgünnama laýyklykda, ýurdumyzda internet-dükanlaryň şu aşakdaky görnüşleri hereket edip biler: internet-dükany hereket edýän dükan üçin goşmaça meýdança hökmünde; diňe sargyt boýunça haryt getirijiniň ammaryndan, hem-de saýtyň üsti bilen söwda edýän internet-dükany;
özüniň ammary bolan we diňe saýtyň üsti bilen söwda edýän internet-dükany.

Şeýlelikde, internet-dükany özünde söwdanyň birnäçe görnüşlerini jemläp biler (öz ammaryndan we sargyt esasynda söwda). Şeýle hem internet-dükanlaryň üsti bilen satylmaýan harytlaryň sanawy kesgitlenildi. Olar hususan-da, alkogolly içgiler, temmäki önümleri, biologik goşundylar, audiowizual eserler we ses ýazgylary ýaly önümlerdir.

Gymmat metallardan we gymmat bahaly daşlardan taýýarlanylan önümleriň söwdasy Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyk esasynda amala aşyrylyp bilner.

Ýuridik şahslar we internet arkaly söwda edýän hususy telekeçiler elektron kassa enjamlaryny hökman ulanmalydyr hem-de töleg terminaly arkaly hasaplaşyklaryň netijesini aýan etmelidir. Kassa çeki haryda töleg geçirilen mahaly berilýär.

Bu gün söwdanyň sanlylaşdyrylmagy alyjylaryň söwda bolan gatnaşyklarynyň üýtgemegini we kämilleşdirilmeginitalap edýär. Munuň özi tehnologiýanyň ösmegi, sanly ekoulgamyň hem-de innowasion işewürlik ugurlarynyň ösmegi bilen düşündirilýär.

Häzirki wagtda alyjylar amatly we ekologiýa ýagdaýyna, wagtyň tygşytlanylmagyna aýratyn ähmiýet berýärler. Bu bolsa şahsy çemeleşmeleri talap edýär. Adamlar sanly tehnologiýalar we maglumat almak üçin dürli ýollary işjeň pedalanýarlar. Umuman, Türkmenistan boýunça sarp edijilik derejesi ösýär. Şeýlelikde, alyjylaryň söwda bolan gatnaşyklary köpugurly häsiýete eýe bolýar. Bu bolsa bölek söwdada üýtgetmeleriň amala aşyrylmagynyň zerurdygynaşaýatlyk edýär.

Tejribeden görnüşi ýaly, şeýle üýtgetmeler girizilende, toplumlaýyn çemeleşmeler oňyn netije berýär. Söwda ulgamynda alyjylar bilen hasaplaşyk we olaryň islegini öwrenmekde bolşy ýaly, munuň ornaşdyrylmagy sarp edijileriň isleglerini öwrenmäge we zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga şert döredýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban halkymyzyň abadançylygy barada hemmetaraplaýyn alada edýär, ähli özgertmeler hut şu maksatlara gönükdirilendir.

Sanly tehnologiýalaryň kömegi arkaly satuw işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, harytlaryň özüne düşýän bahasyny peseltmek we bazarlarda elýeterliligini üpjün etmek mümkinçiligi emele gelýär. Şunda, pudagyň köpsanly işgärleri alyjylaryň tehniki täzeliklere uly höwes bilen girişýändiklerini we olary söwda ulgamynda giňden ulanylýandygyny belleýärler. Öz-özüňe hyzmat etmek, özbaşdak töleg geçirmek, söwda ulgamynyň ykjam gollanmalaryny edinmek döwrüň möhüm talabyna öwrülip barýar.

Şeýlelikde, milli söwda ulgamyny sanlylaşdyrmakda iki möhüm ugruň ähmiýetini bellemeli. Olar döwrebap tehnologiýalary işjeň ulanmakdan we umumy sarp ediş ýagdaýyna seljerme geçirmekden ybaratdyr.

Bu meýiller öz aralarynda berk baglanyşykly: bu gün tehnologik söwda desgalary alyjylary özüne çekýär. Olar alyjylaryň isleglerini öwrenmek arkaly ösüşi bilen tapawutlanýar. Şeýlelikde, has anyk teklipleriň emele gelmegine gyzyklanmalar we onuň ýollary artýar. Sanly ulgam söwda edaralaryna sarp edijiler hakynda maglumat toplamaga, söwdanyň yzygiderliligini ýola goýmaga, islegleri öwrenmäge we alyjylar üçin zerurlygy berkitmäge mümkinçilik berýär.

Bölek söwda ulgamynda häzirki wagtda sanlylaşdyrmagyň binýatlaýyn 4 ugry bellenilýär: alyjylar bilen işlemek, ol söwda belgisine gyzyklanmanyň döremeginden tä satyn almak amala aşyrylýan wagtyna çenli ähli tapgyrlary öz içine alýar; amallaryň, şol sanda işgärleriň işiniň netijeliligini, önümler, baha görkezijiler bilen işlemegi, harytlary ýerli-ýerinde goýmagy we beýlekileri üpjün etmek; logistika we önümleriň iberilişine gözegçilik etmek; IT düzüminiň işine we howpsuzlyk ulgamyna gözegçilik etmek.

Ykdysadyýetiň islendik beýleki pudagynda bolşy ýaly, bölek söwdanyň wekilleriniň her biri baş maksadyň ikisine ýetmäge – girdejini artdyrmaga we çykdajyny azaltmaga çalyşýar. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň söwda kärhanalarynyň köpüsi ilkinji nobatda alyjylar bilen işlemäge uly üns berýär, sebäbi hut şu ugur girdejiniň artmagyna gönüden-göni täsir edýär.

Bu gün söwda kärhanalarynyň ýolbaşçylary öz müşderileri hakynda has doly maglumatlary almagyň möhümdigine düşünýärler. Sebäbi sanly tehnologiýa dükanlara gelýänleriň alyjylara öwrülmeginiň ýeterlik bolmadyk derejesini ýüze çykarmaga, marketing işjeňliginiň netjelerini öz wagtynda seljermäge, statistika maglumatlaryny onlaýn ýagdaýynda ýygnamaga we belli bir wagtyň özünde her söwda nokadyna gelýän alyjylaryň sanyny saklamaga mümkinçilik berýär.

Degişli maglumatlaryň seljermesi alyjylaryň isleglerine laýyklykda teklipleri döretmäk we söwda nokadynda zerur mahabaty gurnamak üçin zerurdyr.

Bölek söwda ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy telekeçilik işlerini oňaýly ýagdaýa getirmäge hem-de has köp zerur maglumatlary almaga mümkinçilik döredýär, diýmek, has dogry we esaslandyrylan çözgütleri kabul etmäge hem-de içerki we daşarky bazarlarda üstünlikli bäsdeşlik etmäge ýardam berýär.

Bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ýanynda döredilen kompýuter tehnologiýalary merkezinde ministrligiň ulgamyna uýgunlaşdyrylan elektron söwdasynyň maksatnamasyny taýýarlamagyň üstünde işlenilýär.

Aşgabat şäherinde ministrligiň garamagynda dükanlaryň 184-si bolup, şolar onlaýn ýagdaýynda harytlaryň ammarlara gelip gowşuşynyň, söwda nokatlaryna iberilişiniň, satylan we galan möçberiniň elektron gözegçiligini alyp barmaga mümkinçlik berýän sanly ulgam arkaly birleşdiriler.

Bu merkezleşdirilen ulgamyň kömegi bilen hünärmenlerde söwda ulgamynyň ähli nokatlarynda harytlaryň görnüşi bilen üpjün edilişi hakynda maglumat almaga, şolaryň hereket edişine gözegçilik etmäge, dükanlaryň haryt gorlarynyň üpjünçiligini ýola goýmak arkaly öz wagtynda üstüni ýetirmäge mümkinçilik dörär. Bu tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy satuw we haryt iberijiler bilen hasaplaşyklar boýunça elektron hasabaty girizmäge, bazarlara netijeli gözegçilik etmäge hem-de dolandyrmaga ýardam eder.

Şunuň bilen birlikde, alyjylar üçin oňaýly bolar ýaly internet giňişliginde her bir dükan hakynda maglumatlary – salgylary, aragatnaşyk belgilerini hil görkezijilerini goşmak bilen harytlaryň görnüşleri, öndürilen senesi we ýeri, gaplanylyşy, ulanyş möhleti bilen bagly maglumatlary özünde jemleýän türkmen, iňlis we rus dillerinde ýörite saýt dörediler.

Saýtda harydy eltip bermek buýrmalaryny resmileşdirmek, sorag-jogap görnüşinde goşmaça maglumatlary almak mümkindir.

Sanly haryt dolanyşygyň programma üpjünçiligini ministrligiň ýanyndaky kompýuter tehnologiýalaryna ýöriteleşdirilen kärhananyň güýji arkaly ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, täze ulgamy ornaşdyrmagy Aşgabatdan başlamak we soňra welaýatlara ýaýratmak meýilleşdirilýär.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, ýurdumyzyň bölek söwda dolanyşygynda has uly bölek paýtagtymyza degişlidir (52,3 göterim), onuň möçberi 2019-njy ýylyň ýanwar-awgust aýlary bilen deňeşdirilende, 19,4 göterim ýokarlandy.

Elektron haryt dolanyşygy ulgamynyň we alyjylar üçin täze hyzmatlaryň ornaşdyrylmagy söwda işgärleriniň zähmet öndürijiligini hem-de raýatlaryň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Mundan başga-da, özümizde öndürilen harytlar baradaky elýeterli maglumatlar, satuw baradaky ygtybarly seljermeler ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmaga hem-de Türkmenistanyň eksport kuwwatyny artdyrmaga itergi berer. Söwda pudagyndaky täzeçillikler Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge-de ýardam eder.

Bütindünýä bankynyň kesgitlemesine görä, sanly ykdysadyýet – bu sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanmaga esaslanýan ykdysady-durmuş we medeni gatnaşyklaryň toplumydyr. Bu guramalar we hususyýetçiler üçin öňde goýlan wezipeleri gowy, çalt hem-de köplenç öňkülerden çalt ýerine ýetirmek üçin mümkinçilikdir we zerurlykdyr.

Sanly ykdysadyýet jemgyýetiň ähli agzalaryna – döwlet düzümlerine, işewürlere, bilim ulgamyna we aýry-aýry raýatlara degişlidir.

Mundan başga-da, “sanly ykdysadyýet” adalgasy wezipelri ýerine ýetirmek üçin tehnologiýalaryň ulanylýangerimini hem-de öňler mümkin bolmadyk işlere gatnaşmagyň mümkinçiligini aňladýar. Bu üýtgeşmeler hereket edýän guramalaryň netijeli işlemegi, ol ýa-da beýleki işi başgaça etmegi, düýbünden täze mümkinçilikleri almagy üçin döredilýär we jemgyýetiň sanly özgerdilmeginiň degişli maksatnamasyna girizilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly BerdimuhamedowTürkmenistanyň ykdysdyýetini sanlylaşdyrmagyň baş ugruny öňe sürüp, ähli pudaklaýyn edaralardan we ministrliklerden köpugurly halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegi talap edýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly,ýurdumyzy ösdürmegiň geljegi daşky faktorlaryň – dünýähojalyk gatnaşyklaryna mundan beýläk-de goşulyşmak, özara bähbitli söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ylmy-tehniki ösüş bilen baglylykda özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň peýda bolmagy, adamzat üçin umumy meseleleriň ylalaşykly çözgüdini işläp düzmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter