Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisinde wideoýüzlenme bilen çykyş etdi | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisinde wideoýüzlenme bilen çykyş etdi

 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wideoýazgy bilen çykyş etdi.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl BMG-däki esasy wakalaryň döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisiniň umumy pikir alyşmalara degişli hepdesiniň adatdakylardan üýtgeşik görnüşde geçýändigini bellemek gerek.Bu bolsa dünýäde dowam edýän koronawirus ýokanjy bilen şertlendirilendir.

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu gezekli ýubileý maslahatynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanylandygy bellärliklidir. Munuň özi şu ýyl hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň şanly 25 ýyllyk senesini belleýän Watanymyzyňýokaryhalkaraabraýyna, milli Liderimiziň alyp barýan döredijilikli daşary syýasat ugrunyň giň goldawa we ykrarnama mynasyp bolýandygyna şaýatlyk edýär. Biziň ýurdumyz özüni BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde tanadyp, strategiki häsiýete eýe bolan köpýyllyk netijeli gatnaşyklary has-da pugatalandyrmagy we giňeltmegi maksat edinýändigini iş ýüzünde tassyklaýar.

BMG-niňBaşAssambleýasynyň 75-nji mejlisiniň gün tertibi Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ählumumy wehimlere howplara garşy hereket etmek, durnukly ösüşi öňe ilerletmek, ekologiýa ugurlary we beýlekiler bilen birlikde, halkara gatnaşyklarynyň ähliu gurlaryna degişli meseleleriň toplumyny gurşap alýar. Şunda pandemiýa garşy göreşmek hem-de köptaraplaýyn hereketler arkaly onuň ýetirýän täsirlerini aradan aýyrmak meselesi aýratyn üns berilýän wezipe bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda ýurdumyzyň anyk başlangyçlaryny beýan etdi.Şol başlangyçlar döwrüň möhüm meselelerini çözmek boýunça tagallalary birleşdirmäge, ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we rowaçlygy üpjün etmegiň bähbidi nenetijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş sekretaryna hem-de ählumumy foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, ilki bilen jenap Wolkan Bozkyry Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygy wezipesine saýlanylmagy bilen gutlady hem-de oňa bu jogapkärli wezipede üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem jenap Tijany Muhammad-Banda BMG-niň Baş Assambleýasynyň tamamlanan 74-nji mejlisiniň başlygy hökmünde onuň alyp baran başarnykly we netijeli işleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz wideoýüzlenmesini Ýer ýüzüniň koronawirus pandemiýasynyň täsirine döz gelmedik ýaşaýjylarynyň sanynyň ýüz müňlerçä ýetmegi zerarly, çuňňur gynanç sözlerini beýan etmekden başlady. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem lukmanlara, bu ulgamyň işgärlerine, tehniki hünärmenlerine, meýletinçilere, dünýäniň dürli künjeklerinde adamlaryň ömrüni we saglygyny halas etmegiň hatyrasyna ençeme aýlaryň dowamynda yhlasly zähmet çekýänleriň ählisine guwanýandygyny aýtdy hem-de olara minnetdarlyk bildirdi.

Biziň üns-aladamyz umyt we ynam bilen pandemiýanyň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen waksinalary hem-de derman serişdelerini döretmegiň üstünde işleýän alymlara, barlag geçirijilere gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de olara minnetdarlyk bildirip, bu möhüm işde hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Häzirki wagtda biz, ilkinji nobatda, adamzadyň ХХI asyrda ýüzbe-ýüz bolan täze howpy barada aýtmaga mejbur bolýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de gysga döwrüň içinde COVID-19-yň hakyky we belki-de, döwrüň iň howp salýan wehimine öwrülendigini nygtady.

--Ol hiç bir serhetsiz, adamlaryň gelip çykyşyna we milletine parh goýmaýan, ösen dünýäniň ähli ulgamlaryna örän ýaramaz täsirini ýetirýän ählumumy möçberdäki wehimdir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. -Belki-de, ençeme onýyllyklaryň dowamynda bütin dünýä umumy howpuň öňünde ilkinji gezek özüniň gowşakdygyny ýiti duýdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ony diňe jebislik we raýdaşlyk bilen ýeňip geçmegiň hem-de bu göreşden täze, has paýhasly, jogapkärli we öňden görüjilikli bolup üstün çykmagyň mümkindigine ynam we umyt bildirdi.

Häzirki döwrüň kynçylyklaryna we garşylyklaryna garamazdan, hut şu ýagdaýlar tutuş Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň ykbaly üçin gowulyga tarap üýtgemäge bize mümkinçilik berýär. Şu mümkinçiligi ýitirmezlik, mynasyp hereketleri, agzybirligi we hakyky ynsanperwerligi görkezmek biziň iň beýik syýasy we ahlak borjumyzdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dünýäde pandemiýanyň ýaýrap başlan ilkinji pursatlaryndan, biziň ýurdumyz bu howpa garşy hereket etmek boýunça zerur çäreleri amala aşyrmaga girişdi. Öz wagtynda netijeli gorag çäreleri geçirildi, koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek boýunça ýeke-täk milli strategiýa işlenip düzüldi.

Şol bir wagtda Türkmenistanyň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalaryň ugry boýunça hem ýakyndan halkara gatnaşyklaryny ýola goýandygyny aýdyp, milli Liderimiz şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen özara gatnaşyklaryň ysnyşykly häsiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz BMG-niň Baş sekretarynyň şu ýylyň 23-nji we 30-njy martynda eden çykyşlaryndaky çagyryşlaryny hem-de ýüzlenmelerini doly goldaýar.

Baş sekretaryň başlangyçlaryny üns merkezinde saklap, Türkmenistanda döwlet derejesinde ýiti ýokanç kesellerine garşy hereket etmäge we täsir etmäge taýýarlygy üpjün etmegiň Milli meýilnamasy tassyklanyldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şeýle hem koronawirus pandemiýasyna garşy hereket etmek boýunça dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy we kabul edildi.

Şonuň bilen birlikde, Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen özüniň köpýyllyk we netijeli hyzmatdaşlygyny dowam edýär, koronawirusa garşy göreşmekde onuň eýeleýän ornuna ýokary baha berýär. BSGG-niň teklipleri biziň ýurdumyzda özüniň esaslandyrylandygy hem-de lukmançylyk we beýleki edaralaryň işlemegi üçin möhüm ugur görkeziji bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegi we anyklaşdyrmagy, ony ulgamlaýyn, uzakmöhletleýin derejä çykarmagy maksat edinýändigini aýtdy.

Pandemiýany çalt ýeňmek üçinhünärmenleriň ýakyndan utgaşykly işlemegi we bütin dünýäniň ylmy-lykmançylyk jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň birleşdirilmegi ähli döwürdäkilerden has zerur bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýdyp, howply ýokanç keselleriň meseleleri boýunça toplumlaýyn, ulgamlaýyn we maksada gönükdirilen köptaraply gatnaşyklaryň, ylmy diplomatiýanyň ýollaryny doly açmagyň zerurdygyna ynanýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan degişli halkara gurallaryny işläp taýýarlamak we döretmek meselelerine garamagy teklip edýär.

Hususan-da, BSGG-nyň howandarlygynda koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýörite maksatnamasyny döretmek, pnewmoniýa garşy göreşmek boýunça köptaraply guraly işläp taýýarlamak, ýiti ýokanç kesellerini bejermek we olaryň öňüni almak boýunça Usulyýet merkezini döretmek maksadalaýyk görünýär.

Milli Liderimiz biziň ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän döwletleriň we halkara düzümleriň ählisi bilen bu başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça giňişleýin pikir alyşmaga taýýardygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, koronawirus pandemiýasynyň ählumumy ykdysadyýetiň barşyna we ugurlaryna ep-esli derejede ýaramaz täsirini ýetirýändigini, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny çynlakaý bökdeýändigni belledi. Şu babatda Türkmenistan ykdysady we söwda gatnaşyklaryny dikeltmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdiriljekdigine umyt edýär.

Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetini durnukly ösüş ýoluna çykarmak üçin şertleri döretmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de energetikany, ulag, senagat we söwda ulgamlaryny möhüm ugurlaryň hatarynda görkezdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz 75-nji mejlisiň barşynda Türkmenistanyň energiýanyň iberilmeginiň durnuklylygy we ygtybarlylygy ulgamynda BMG-niň halkara-hukuk guralyny döretmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi maksat edinýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri hem möhüm derejede bolmagynda galýar. Türkmenistan ulag meselesi babatda giň halkara gatnaşyklarynyň başyny başlaýjylaryň biri hökmünde adatdan daşary ýagdaýlaryň döwründe halkara ýük daşalyşynyňdurnuklylygyny üpjün etmek meselelerine garamagy teklip edýär. Türkmen tarapyndan Baş Assambleýanyň Kararnamasynyň degişli taslamasy taýýarlanylyp, ol BMG-a agza ýurtlaryň garamagyna iberildi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň geljek ýyl Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara maslahatynyň bu mesele babatda ylalaşykly çemeleşmelerini işläp taýýarlamak üçin anyk meýdança öwrüljekdigi barada pikirini aýtdy.

Milli Liderimiz wideoýüzlenmesiniňdowamynda dünýä ykdysadyýetini dikeltmek, söwdany we maýa goýumlaryny höweslendirmek boýunça işlerde Bütindünýä söwda guramasynyň öz üstüne esasy wezipäni almalydygyny belledi.

Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýakynda BSG-niň synçy derejesini alandygyna ünsi çekip, şunuň bilen baglylykda, ählumumy ykdysadyýetdäki çökgünlik ýagdaýlaryny çalt ýeňip geçmek, ony oňyn depginli ösüşe geçirmek boýunça anyk çäreleri öňe ilerletmek üçin açylýan mümkinçilikleriň netijeli peýdalanyljakdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, dünýäniň örän köp ýurtlaryna ol ýa-da beýleki derejede degen koronawirus pandemiýasynyň ekologiýa nukdaýnazaryndan oňaýsyz bolan sebitlere aýratyn howp salýandygyny nygtady. Gynansak-da, Ýer ýüzüniňkartasynda şeýle sebitler az däl. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Merkezi Aziýanyň halklary we döwletleri üçin örän möhüm ähmiýete eýe bolan meseläni gozgady hem-de gürrüňiň Aral heläkçiliginiň zolagy barada barýandygyny düşündirdi.

Pandemiýa bilen baglylykda, ol ýerdäki ýagdaýlar ýitileşip, adamlaryň ömrüne we saglygyna hakyky howp salýar, ýokanjyň giňden we çalt ýaýramak howpy ep-eseli ýokarlandy. Şunuň ýaly şertlerde, biz dünýä jemgyýetçiligini Aral we Aralýaka meselelerine örän uly üns bermäge çagyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Elbetde, BMG-niň ugry boýunça bolşy ýaly, halkara guramalaryň gatnaşmagynda hem ol ýerde az bolmadyk belli bir işler alnyp barylýar, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işine ýardam berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirdi. Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiz häzirki wagtda munuň heniz ýeterlik däldigini belledi. Araly halas etmek işinde has giň çäreler, şol ýerlerde ýaşaýan adamlara iş ýüzünde anyk kömek we goldaw zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselä ulgamlaýyn we toplumlaýyn çemeleşmäniň, degişli resminama-hukuk üpjünçiligiň zerurdygyna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýratyn bir ugry hökmünde öňe çykarylmalydygyna ynam bildirip, Aral deňziniň gurşawy üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek boýunça Türkmenistanyň öňe süren başlangyjyna ünsi çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 2018-nji ýylyň aprel aýynda we 2019-njy ýylyň maý aýynda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda” Kararnamalarynyň möhümdigini belledi. Şol resminamalar häzir bu ugurda bilelidäki tagallalary birleşdirmek üçin meýdança hökmünde çykyş edýär.

Aral meselesini çözmegiň halkara-hukuk esaslaryny döretmek boýunça işleri ösdürip, 2021-nji ýylyň maý aýynda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ýkdysady we Durmuş toparynyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde Türkmenistan Aral boýunça geljekki Ýörite maksatnamanyň konsepsiýasynyň ilkibaşky taslamasyny we düzümini hödürläp, ähli döwletleri hem-de gyzyklanma bildirýän guramalary bu resminamalary ara alyp maslahatlaşmaga çagyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Baş Assambleýanyň häzirki mejlisiniň, gynansak-da, häzirki döwürde dünýäde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlar, harby-syýasy garşylyklaryň barha ýaýbaňlanmagy bilen baglylykda geçýändigini belledi.

Bu wakalara, olaryň sebäp-derňew arabaglanyşyklyklaryna baha berlişi tapawutly bolup biler. Ýöne, bir zat aýdyňdyr: olar umumy halkara ýagdaýyna ýaramaz täsir edýär, howpsuzlygyň ählumumy gurluşynyň esaslaryna şek ýetirýär, ykdysady, söwda, ynsanperwer gatnaşyklarynyň amala aşyrylmagyny kynlaşdyrýar. Dawalaryň ýüze çykyp biljek mümkinçiligi bolan ýerleriň giňemek, dartgynlylyk ojaklarynyň möwjemek, gapma-garşylyklaryň dürli görnüşlerine gatnaşjaklaryň sanynyň barha artmak howplary bar.

Milli Liderimiz soňky wagtlarda halkara hukugynabiperwaý garamak ýaly ýüze çykýan ýagdaýlaryň aýratyn alada döredýändigini aýtdy. Emele gelen ýagdaýlarda, halkara hukugynyň eýeleýän ornuny, ählumumy howpsuzlygyň bar bolan ulgamynyň köptaraply hukuk gurallaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalaryň birleşdirilmegi, ähli ýurtlar tarapyndan BMG-niň Tertipnamasyndan gelip çykýan umumy ykrar edilen kadalaryň yzygiderli berjaý edilmegi zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow diňe şeýle etmek bilen, dünýä syýasatyndaky durnuklylygy we geljege bolan ynamy saklap boljakdygyny, dawalaryň ýüze çykmak töwekgelçiligini azaltmagyň mümkindigini aýtdy. Bu maksada ýetmegiň ýollarynyň biri halkara syýasatynda ynanyşmagy täzeden dikeltmekden, özara hormat goýmak gatnaşyklarynyň medeniýetini berkarar etmekden ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul etdi. Biziň ýurdumyz bu resminamanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilmegi babatda geljek ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmek başlangyjyny öňe sürýär. Bu başlangyç häzirki döwrüň ählumumy gün tertibiniň iň möhüm meseleleri boýunça netijeli we özara hormata daýanýan köptaraply gatnaşyklara kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan öz häzirki zaman taryhynda şanly senäni – 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň üsti bilen halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ýurdumyza hemişelik Bitaraplyk derejesiniň berkidilen senesiniň 25 ýyllygyny belleýär.

- Çärýek asyr bäri Bitaraplyk Türkmenistan üçin onuň döwletliliginiň, alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň esaslarynyň biri bolup durýardiýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Bitaraplyk ýörelgeleri, onuň gymmatlyklary hem-de dünýä garaýşymilli bähbitlere, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna we wezipelerine özüniň doly kybap gelýändigini subut etdi.

2017-nji ýylyň fewral aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň agza döwletleriň örän köpsanlysynyň awtordaşlygynda 12-nji dekabry Halkara Bitaralpyk güni diýipbiragyzdan yglan edendigi kanunalaýykdyr.

Türkmenistanyň Bitaraplygy – munuň özi syýasatda, ykdysadyýetde, daşky gurşawy goramak işinde, ählumumy azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde deňhukukly, hormat goýmak, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk, Ýer ýüzüniň tebigy serişdelerini adalatly we netijeli paýlamak, bosgunlara, göçe-göçlükde ýaşaýanlara we raýatlygy bolmadyk adamlara kömek we goldaw bermek üçin, häzirki zaman dünýäsiniň ençeme beýleki möhüm meselelerini çözmäge çagyryşdyr hem-de şertleriň döredilmegidir.

Türkmenistanyň Bitaraplygy -- munuň öziparahatçylyk döredijilikli ýokary wezipedir, parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly ýurdumyzyň dünýä we sebit derejelerinde ýüze çykýan ähli meseleleriň çözülmegine gatnaşmaga taýýardygydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň möhüm wezipesi we aýrylmaz bolegiöňüni alyş diplomatiýadyr. Milli Liderimiz hut biziň Bitarap döwletimiziň paýtagtynda goňşy ýurtlaryň we Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň goldamagynda Baş Assambleýanyň çözgüdi bilen 2007-nji ýylda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmeginiň çuňňur mazmuna eýedigini belledi.

Sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek, Öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiligini yzygiderli açmak boýunça öz Bitaraplyk syýasatynyň ýörelgelerine eýerip, Türkmenistan mejlisiň çäklerinde Baş Assambleýa “Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň eýeleýän orny” diýen Kararnamanyň taslamasyna garamagy teklip etmegi maksat edinýär.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňini dowam edip, Merkezi Aziýada parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň Owganystandaky ýagdaýlaryň düzgünleşdirilmegine gönüden-göni baglydygyny nygtady.

Şunda Türkmenistanyň eýeleýän ýörelgesi tutanýerlidir we üýtgewsizdir: gepleşikleri geçirmek arkaly işlerden başga ýollar bolup bilmez. Mundan ozalky tejribeleriň ählisi güýç ulanyş usullarynyň geljeginiň ýokdugyny hem-de ylalaşyga we ýaraşmaga getirip bilmeýändigini görkezdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Bitarap döwlet we Owganystanyň gönüden-göni goňşusy hökmünde Türkmenistan öz çäklerinde owgan Hökümetiniň hem-de bu ýurtdaky ýagdaýlary syýasy taýdan düzgünleşdirmekde gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary ýola goýmak üçin zerur bolan syýasy we guramaçylyk şertlerini üpjün etmäge taýýardyr.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri düzümleýin, ilkinji nobatda, energetika, ulag we kommunikasiýa ýaly möhüm ulgamlarda taslamalaryň durmuşa geçirilmegini Owganystanyň syýasy taýdan durnuklaşdyrylmagynyň, ykdysady we durmuş taýdan täzeden dikeldilmeginiň, onuň dünýähojalyk işlerine üstünlikli goşulyşmagynyň esasy şerti hökmünde kesgitledi.

Bu ugurda yzygiderli iş alyp barmak bilen, biri ýurdumyz, mälim bolşy ýaly, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, şeýle hem Owganystanyň çäklerine çykýan demir ýol şahalarynyň, optiki-süýümli atagatnaşyk ulgamlarynyň gurluşyklarynyň başyny başlady, şol taslamalary eýýäm iş ýüzünde amala aşyrmak tapgyryna girişildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan halkara jemgyýetçiligini, işewür düzümleri, maliýe edaralaryny bu işlere has işjeň goşulyşmaga çagyrdy.

Biziň ýurdumyz üçin BMG möhüm, ileri tutulýan hyzmatdaş bolupdy we şeýle bolmagynda galar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Biz halkara giňişligindäki öz ähli işlerimizi BMG-niň Tertipnamasynyň ähli talaplaryndan ugur alýarys. Şoňa görä-de, häzir Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygynda Türkmenistan onuň binýadynda goýlan beýik maksatlara özüniň pugta ygrarly bolup durýandygyny jogapkärli beýan edýär.

Milli Liderimiz BMG-niň maksatlarynyň, gymmatlyklarynyň we ýörelgleriniň öz möhümligini saklap galjakdygyna ynam bildirip, Birleşen Milletler Guramasynyň köpugurly kanuny düzgünlere eýe bolan ýeke-täk halkara guramasy bolandygny, bolup durýandygyny we bolup galmalydygyny aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda BMG-niň geljegine pugta ynanyp, ýurdumyzyň bu gurama bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy we ösdürmegi dowam edip, tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we rowaçlygyň bähbitlerine, onuň egsilmez kuwwatynyň açylmagyna goşandyny goşjakdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň wideoýüzlenmesi çuňňur gyzyklanma bilen diňlenildi.

Şeýlelikde, milli Lideriniň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny ýene-de bir gezek beýan edip, häzirki zaman dünýäsindäki möhüm meseleleriň çözülmegine sazlaşykly, öňdengörüjiliklili çemeleşmelerini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milletler Bileleşigine agza döwletleriň doly goldawyna we makullamagyna eýe bolan hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary bilen berkidilen möhüm başlangyçlary, şeýle hem ileri tutulýan ugurlarda netijeli halkara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine, sebit we dünýä derejesinde durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyna gönükdirilen täze teklipleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter