Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda

 

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramyny zähmet ýeňişleri bilen garşylaýan ata Watanymyzyň her bir gününde taryha altyn harplar bilen ýazyljak beýik işler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanylýar. Agzybirligiň we jebisligiň, parahat hem-de abadan durmuşyň ýurdy bolan Bitarap döwletimiz dünýäde dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we parahatçylyk söýüjilik daşary syýasaty bilen giňden tanalýar.

Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünliklerinde, merdana halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmekde, ýaşlary ata-babalarymyzdan gelýän milli däplerimize laýyklykda terbiýelemekde ýaşuly nesiller bahasyna ýetip bolmajak işleri bitirýärler. Il-ýurt bähbitli, möhüm döwlet ähmiýetli meseleleri maslahatlaşyp-geňeşip çözmäge, berkarar Watanymyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmelere işjeň gatnaşýarlar. Biz eziz Diýarymyzda tutumly başlangyçlara hemişe hormatly ýaşulularymyzyň ak patasy bilen badalga berýäris.

Şoňa görä-de, ýaşuly nesliň barha kämilleşýän jemgyýetimizdäki ornuna, ýaşlarymyzy watançylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, päk ahlaklylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlaryna döwletimiz hemişe ýokary baha berýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändiklerini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändiklerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna
Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy»
diýen ady dakmaly:

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa kafedrasynyň professory Amanguly Magtymowa,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň direktory Berdinyýaz Atabaýewiç Babanyýazowa,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň müdiri Myrat Öwezgeldiýewiç Haitowa,

Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň matematika mugallymy Aga Narçaýewe,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky 2-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy Akmyrat Kertikowa,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ahal welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň Ak bugdaý etrabyndaky sport mekdebiniň müdiri Mämmetguly Meretdurdyýewe,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ahal geňeşliginiň Ahal obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Şamyrat Goçmyradowa,

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň umumy tehniki dersler kafedrasynyň uly mugallymy Amanmyrat Orazgulyýewe,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Gumdag şäherindäki 1-nji orta mekdebiniň fizika mugallymy Şamyrat Hydyrowa,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Döwletnyýaz Hojaýewe,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy Aşyrdurdy Aranowiç Allaýewe,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Arazmet Jumagulyýewe,

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Biruny adyndaky geňeşliginiň Bagban obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Nurnepes Jumaýewe,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Lebap welaýatynyň Farap etrap hassahanasynyň anesteziologiýa-reanimasiýa bölüminiň lukmany Kammyl Kerimowa,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 19-njy orta mekdebiniň müdiri Rozykuly Beşimowiç Huddyýewe,

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Mülk geňeşliginiň Gyzan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Rejep Ylýasowa,

Mary welaýatynyň «Gurbanguly Hajy» dini guramasynyň başlygy we baş ymamy Amangeldi Agajanowiç Myradowa,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap hassahanasynyň terapiýa bölüminiň müdiri Amangeldi Täşliýewiç Hommakowa,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Täze durmuş geňeşliginiň Täze durmuş obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Kakadurdy Eşekowa.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri,
2020-nji ýylyň 25-nji sentýabry.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter