Türkmen Lideriniň adyna gutlag hatlary | TDH
Syýasat habarlary

Türkmen Lideriniň adyna gutlag hatlary

 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň!

Siziň ýurduňyz durmuş-ykdysady taýdan ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Aşgabat Bitaraplyk syýasatyna eýerip, Merkezi Aziýada durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge uly goşant goşýar.

Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýäris. Dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy, şeýle hem halkara howpsuzlygyň wehimlerine hem-de howplaryna garşy göreşmekde oňyn özara hereketleri bilelikdäki tagallalarymyz bilen mundan beýläk-de işjeň ösdürjekdigimize ynanýaryn. Munuň biziň dostlukly halklarymyzyň düýpli bähbitlerine kybap gelýändigi gürrüňsizdir.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglygyny we üstünlikleri, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir PUTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Size we türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli amerikan halkynyň adyndan gutlaglarymy beýan edýärin.

30 ýyla golaý wagtyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolup durýar. Siziň ýurduňyzyň özbaşdaklygyny, Garaşsyzlygyny we çäk bitewüligini goldap, biz bu däpleri geljekde-de dowam ederis.

Türkmenistan Merkezi we Günorta Aziýanyň gülläp ösmeginde, energetika howpsuzlygy we ulag ulgamlarynda möhüm orun eýeleýär. Parahatçylyk işlerine eýermekde Sizi we Siziň ýurduňyzy doly goldaýaryn hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna umyt edýärin.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ýene bir gezek kabul ediň!

Hormatlamak bilen,

Donald TRAMP,
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli Hytaýyň Hökümetiniň, halkynyň adyndan hem-de öz adymdan Size we dostlukly türkmen halkyna mähirli gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmegi özüm üçin uly hormat hasaplaýaryn.

Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistanda uzak möhletli durnukly syýasy ýagdaý saklanýar, ykdysadyýet batly depginler bilen ösdürilýär, jemgyýet bolsa asudadyr we sazlaşyklydyr. Dostlukly goňşy we strategik hyzmatdaş hökmünde hytaý tarapy muňa ýokary baha berýär.

Siziň ýolbaşçylygyňyzda zähmetsöýer we parasatly türkmen halkynyň döwlet gurluşynyň dürli ugurlarynda ýene-de uly üstünlikleri gazanjakdygyna berk ynanýaryn.

Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýärin we ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostluga uly sarpa goýýaryn. Ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegi hem-de ony iki ýurduň we halklarymyzyň bähbidine täze derejä çykarmak üçin Siz bilen bilelikde tagallalary etmäge taýýardyryn.

Dostlukly Türkmenistana gülläp ösüşi we rowaçlyk, onuň halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Si SZINPIN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Gadyrly doganym!

Türk halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi we doganlyk türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Garaşsyzlyga eýe bolan ilkinji günlerinden bäri depginli ösüşlere we jemgyýetiň abadançylygyna gönükdirilen taslamalary amala aşyrýan Türkmenistan Siziň Alyhezretiňiziň baştutanlygynda tutuş sebitiň gülläp ösüşine hem-de durnuklylygyna goşant goşýan uly mümkinçilikleriň merkezine öwrüldi.

Diliň, medeniýetiň, taryhyň we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşýan biziň dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklarymyzyň ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, sebit we halkara derejesinde hem mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistana meýilleşdirilen sapary ýakyn geljekde amala aşyryp boljakdygyna umyt edýärin.

Siziň Alyhezretiňize — gadyrly doganyma berk jan saglyk, bagt we üstünlik, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Rejep Taýyp ÄRDOGAN,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size hem-de türkmen halkyna gutlaglarymy beýan edýärin.

Germaniýa geljekde hem ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we demokratik ösüş ýoly boýunça işleri amala aşyrmak üçin özara habarly bolup hem-de ynamly hereket etmek aýratyn möhüm bolan döwründe, döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy durmakda Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygynda uly ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolmagynda galýar.

Size hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Frank-Walter ŞTAÝNMAÝER,
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň
Federal Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Milli baýramyňyz — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy, şeýle hem türkmen halkyna iň oňat arzuwlarymy ýollamak mende örän uly kanagatlanma döredýär.

ÝELIZAWETA II,
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şa zenany.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
doganym Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, Siziň Alyhezretiňize öz adymdan, Saud Arabystany Patyşalygynyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we mähirli arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Goý, Allatagala Sizi öz penasynda aman saklasyn!

Siziň doganyňyz,

Iki mukaddesligiň hyzmatkäri
Salman ben Abdel Aziz AL SAUD,
Saud Arabystanynyň Patyşasy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gadyrly doganym!

Milli baýramçylyk — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, Sizi hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyny tüýs ýürekden gutlamak we iň oňat arzuwlarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistan ähli ugurlarda uly üstünlikleri gazanýar. Toplumlaýyn özgertmeleriň netijesinde, ýurtda ilatyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygy, uly döredijilikli işleriň alnyp barylýandygy, täze owadan şäherleriň gurulýandygy, iri döwrebap düzümleýin desgalaryň bina edilýändigi bizi örän begendirýär.

BMG-niň hem-de beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde, dünýä we sebit ähmiýetli möhüm meseleler boýunça Türkmenistanyň öňe sürýän anyk başlangyçlary halkara giňişlikde ýurduň eýeleýän ornunyň hem-de abraýynyň ýokarlanýandygynyň ajaýyp subutnamasydyr.

Köptaraply özbek-türkmen gatnaşyklary biziň halklarymyzyň köpasyrlyk taryhynyň, diliniň, ruhy we medeni gymmatlyklarynyň umumylygynyň esasynda netijeli ösdürilýär.

Bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk söwda-ykdysady, ulag, suw, energetika, oba hojalyk, medeni-ynsanperwer we beýleki möhüm ulgamlar bilen birlikde, ähli ileri tutulýan ugurlarda yzygiderli pugtalandyrylýar.

Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormat goýmaga we goldawa baky eýerýän iki doganlyk halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, Gazagystanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistan döwletliligi yzygiderli pugtalandyrmaga, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan abadançylygyny üpjün etmäge we halkara derejedäki abraýyny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm özgertmeleri ynamly durmuşa geçirýär.

Gazagystanda Siziň ýurduňyzyň üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýarlar hem-de köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň ruhunda döwletlerimiziň arasyndaky köptaraply hyzmatdaşlygyň depginli ösdürilmegine uly ähmiýet berýärler.

Ýokary derejedäki işjeň syýasy gatnaşyklaryň gazak-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk has-da giňeltmegiň mäkäm binýady bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, şu ajaýyp günde Size jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart TOKAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, Size hem-de türkmen halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy uly kanagatlanma bilen beýan edýärin.

Dostlukly Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýeti, ylmy, medeniýeti ösdürmekde, halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmakda hem-de dünýä derejesinde abraýynyň artmagynda uly üstünlikleri gazandy.

Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky mähirli dostlugyň we netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýäris.

Biziň hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de halklarymyzyň we umuman, sebitiň bähbitlerine öňde goýlan uly maksatlara ýetmek üçin bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri umumy tagallalar arkaly amala aşyryp biljekdigimize umyt edýärin.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk hem-de ýurdy gülledip ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işleriňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Emomali RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gyrgyz Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky özara ynama we dostlukly gatnaşyklara esaslanan strategik hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna hem-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size hem-de Siziň maşgalaňyza berk jan saglyk, abadançylyk hem-de işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Sooronbaý ŽEENBEKOW,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Azerbaýjan halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Umumy taryhy-medeni we ruhy kökleri bolan azerbaýjan-türkmen gatnaşyklary bu gün depginli we hemmetaraplaýyn ösdürilýär. Şu ýylyň mart aýynda Siziň Azerbaýjana bolan resmi saparyňyzy, biziň duşuşyklarymyzy hem-de Siziň bilen geçirilen gepleşikleri mähir bilen ýatlaýaryn.

Ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbitlerine däp bolan dostluk gatnaşyklarymyzy hem-de hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrmak üçin mundan beýläk-de bilelikde tagallalary etjekdigimize ynanýaryn.

Şu şanly günde, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham ALIÝEW,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli, tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň!

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan daşary syýasat ugry hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan özbaşdak we depginli ösýän döwlet hökmünde berkarar boldy.

Belarus Respublikasynda Türkmenistan bilen dostluga we özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly sarpa goýulýar. Bilelikdäki tagallalar arkaly ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine belarus-türkmen gatnaşyklarynyň giňeldilmegini üpjün edip biljekdigimize tüýs ýürekden ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri we belent sepgitleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, bagtyýarlyk hem-de ähli gowulyklary arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Aleksandr LUKAŞENKO,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize, şeýle hem türkmen halkyna uly kanagatlanma bilen tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

NARUHITO,
Ýaponiýanyň Imperatory.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy hem-de Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de üstünlik hem-de rowaçlyk baradaky arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr. Bu mende uly kanagatlanma döredýär.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym we tüýs ýürekden dostlugym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Halifa bin Zaýed AL NAHAÝAN,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Owganystanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de dostlukly türkmen halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, gadyrly doganym!

Häzirki wagtda biziň hemmetaraplaýyn bilelikdäki tagallalarymyz hem-de gyzyklanmalarymyz netijesinde Owganystanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň depginli ösýändigini, muňa bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça ylalaşykly geçirilýän işleriň hem aýdyň şaýatlyk edýändigini bellemek guwançlydyr.

Ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça ýakynda geçirilen ikitaraplaýyn pikir alyşmalar hem özüniň oňyn netijelerini berdi. Hoşniýetli, berk we dostlukly gatnaşyklarymyzyň netijesinde biziň ýurtlarymyzyň arasynda gatnaşyklary giňeltjekdigimize ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňizi Owganystanyň Türkmenistan bilen mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek ynandyrmaga hem-de Size berk jan saglyk we uly üstünlikleri, Siziň dostlukly hem-de doganlyk halkyňyza bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etmäge rugsat ediň!

Mohammad Aşraf GANI,
Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size bagtyýarlyk we abadançylyk, türkmen halkyna bolsa rowaçlyk we gülläp ösüş baradaky tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Aleksandr Wan der BELLEN,
Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Şweýsariýanyň Federal Geňeşiniň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size gutlaglarymy beýan edýärin. Munuň özi Siziň ýurduňyza gülläp ösüş we abadançylyk arzuw etmäge ajaýyp pursatdyr.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli, ynanyşmak gatnaşyklary bize döwrüň ählumumy wehimlerine garşy hereket etmek boýunça esasy wezipeleri bilelikde çözmäge mümkinçilik berýär, munuň üçin Size özümiň raýdaşlygymy beýan etmek hem-de Şweýsariýanyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny bellemek isleýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Simonetta SOMMARUGA,
Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Slowakiýa Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi ýurduňyzyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen gutlaýaryn!

Türkmenistanyň raýatlaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Slowakiýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine ähli ugurlarda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatlamak bilen,
Zuzana ÇAPUTOWA,
Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de türkmen halkyna mähirli gutlaglarymy beýan edýärin.

Biziň ýurtlarymyzyň özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygyna ynanýaryn. Şol hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygynyň dabaralanýan şu ýylynda hem ösdürildi.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de täze üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Mun Çže IN,
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy bilen mähirli gutlaýaryn.

Biz mukaddes gymmatlyklary — garaşsyzlygy hem-de özbaşdaklygy baýram etmekde Türkmenistanyň halkyna goşulyşýarys, bu gymmatlyklara bolan guwanjymyzy paýlaşýarys we oňa sarpa goýýarys.

Goý, parahatçylykly we gülläp ösýän ýurdy gurmakda bu gün Siziň üstünlikleriňiziň ýene-de bir uly sylagy bolsun!

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Rodrigo Roa DUTERTE,
Filippinler Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de türkmen halkyna abadançylyk baradaky iň oňat arzuwlarymy beýan edýärin.

Karl XVI GUSTAW,
Şwesiýanyň Patyşasy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli öz adymdan hem-de Marokkonyň halkynyň adyndan Size tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde, halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirjekdigimize ynanýaryn.

MOHAMMED VI,
Marokkonyň Patyşasy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Bahreýn Patyşalygynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden arzuwlarymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Çuňňur hormat we sarpa goýmak bilen,
Hamad bin Isa AL HALIFA,
Bahreýniň Patyşasy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter