Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy — dünýä metbugatynyň sahypalarynda | TDH
Jemgyýet

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy — dünýä metbugatynyň sahypalarynda

 

2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda taryhy waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerini Türkmenistanda parlamentarizmiň we demokratik özgertmeleriň ösüşinde täze tapgyryň başlangyjy diýip atlandyrmak bolar. Ählihalk forumynda döwlet gurluşynyň ösüşini we häsiýetlerini kesgitleýän möhüm çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanun dünýäniň habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döretdi. Şonuň üçin halkara media bileleşiginiň hem-de metbugat wekilleriniň ünsi geçen hepdäniň wakasyna gönükdi.

Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçişini Arkalaşygyň ýurtlarynyň habar beriş serişdeleri hem-de türkmen elektron neşirleri, tele we radioýaýlymlary, resmi we garaşsyz saýtlar işjeň beýan etdiler.

«РИА» täzelikler topary maslahatda kabul edilen resminamalar, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy barada habar bermek bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň konstitusion özgertmeleri kabul edendigini nygtady. «ТАСС» öz okyjylaryna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň konstitusion özgertmeleri makullandygyny habar berdi.

TDH-nyň saýtynda ýerleşdirilen habarlaryň yzysüre, türkmen Parlamentiniň iki palataly ulgama geçendigi baradaky habary «Russia today», «Интерфакс», «Аргументы и факты», «Эхо Москвы», «Московский комсомолец», МИР24, «Взгляд», «Regnum», «Рамблер», «Казинформ», «Каспий Online», «Вестник Кавказа», «Informбюро», «Azerbaycan 24», aqreqator.az, iMag.one, forbes.kz, Avesta.Tj we beýlekiler çap etdiler.

Şeýle hem habar beriş serişdeleri täze parlamentiň Türkmenistanyň Milli geňeşi diýlip atlandyryljakdygy barada habar berdiler. Munuň özi kanun çykaryjylyk häkimiýetini amala aşyrýan hem-de iki palatadan — Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat bolan wekilçilikli edara bolar.

Habar beriş serişdeleriniň ençemesi palatalaryň wezipesi hem-de düzümi hakynda anyk maglumatlary mysal getirdiler. Bulardan başga-da, habar beriş serişdeleri döwlet Baştutanymyzyň çykyşlaryndan setirleri, hususan-da, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dünýä çökgünligine garamazdan, durnukly ösüşini saklap galandygyny habar berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 70 göterimden gowragynyň durmuş maksatly ugra gönükdirýändigi barada aýdanlaryny «2021-nji ýylda Döwlet býujetiniň hasabyna maýyplar we goldawa mätäç raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy dowam ederis» diýen sözlerini daşary ýurt habar beriş serişdeleri mysal getirdiler.

«Saglygy goraýyş we bilim ulgamlary Türkmenistanyň ösmegi üçin möhüm ugurlardyr» diýen sözbaşy astynda Türkiýäniň «Anadolu» habarlar agentligi türkmen Lideriniň saglygy goraýyş işgärlerini höweslendirmegiň möhümdigi barada aýdan sözlerine salgylanyp, Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine goşmaça ýeňillikleriň berilmegini göz öňünde tutýan Karara gol çekendigini habar berdi.

«Trend» öz okyjylarynyň ünsüni Halk Maslahatynda gozgalan meselelerden başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan teklip edilen ulag, energetika we ekologiýa howpsuzlygy baradaky meselelere çekdi.

Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigini nazara almak bilen, ýurduň ulag we energetika ulgamyny ösdürmek babatda wajyp belliklerini diňlediler. Şunuň bilen baglylykda, ekologiýany goramak boýunça kadalary berjaý etmegiň aýratyn ähmiýeti bellenildi diýip, «AMI Trend» habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurtda ykdysady we durmuş ösüşiniň möhüm şerti hökmünde ulag düzüminiň kemala getirilmeginiň ähmiýetini belledi. Demir ýol, awtomobil, howa hem-de suw ulaglaryny nazara almak bilen, amatly we howpsuz halkara ýollar sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge mümkinçilik döredip, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine, hyzmatdaşlygyň berkidilmegine hem-de ýurtlaryň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga ýardam eder.

«Iri möçberli taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy, Özbegistan —Türkmenistan — Eýran — Oman hem-de «Lapis-Lazuli» üstaşyr geçelgäniň döredilmegi görkezildi. Dünýä ýüzünde epidemiologiýa ýagdaýy barada bellemek bilen, döwlet Baştutany Aral meselesini çözmegiň möhümdigine ünsi çekdi” diýip «Trend» ýazýar.

Beýleki Azerbaýjan habarlar agentlikleri — «Azertaj.Report.Az.» Aşgabatda bolup geçen wakalar hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynda eden çykyşy barada öz okyjylaryna habarlary gyzgyny bilen ýetirdiler.

Habar beriş serişdeleriniň ençemesi türkmen Lideriniň çykyşyny mysal getirdiler. Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň «Döwlet häkimiýetiniň aýratyn şahasy hökmünde Parlament ýurduň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynda halk demokratiýasyny berkarar etmegiň aýrylmaz guralydyr. Sebäbi, dünýäniň çalt umumylaşýan häzirki şertlerinde Garaşsyz döwletimiziň halkara tejribä daýanýan kanun çykaryjy edaralary hem kämilleşýär we özgerýär» diýip aýdan sözleri mysal getirildi.

«Milli Parlamentimiziň hil taýdan täze, iki palataly gurluşynyň döredilmegi bolsa Garaşsyz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň hukuk binýadyny berkitmek we döwlet häkimiýet edarasynyň işiniň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmak üçin oňaýly şertleri döreder» diýip, «Звязда» belarus gazeti Türkmenistanyň Prezidentiniň sözlerini mysal getirýär.

25-nji sentýabrda dürli saýtlaryň täzeliklerinden mysal getirilen käbir sözbaşylar: «Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk önümlerini öndürmegiň innowasion usullarynyň möhümdigini belledi» (Internet-GDA portaly); «Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler girizmek hakynda resminama gol çekdi hem-de parlamente täze saýlawlary belledi» («Медиа Зона»); «Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýa düzedişleri girizmek hakynda Kanuna gol çekdi: ýurtda iki palataly Parlament peýda bolar» («Настоящее Время»); «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi» (UA24).

Umuman, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisi baradaky habarlar daşary ýurt halkara habarlar agentlikleriniň 130-a golaýy boýunça ýaýradyldy.

Belli elektron neşirleri olara salgylanmak bilen, Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka — Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem-de onda kabul edilen, hakyky demokratik, hukuk we dünýewi türkmen döwletiniň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen taryhy çözgütler barada habar berdiler.

«Okalýan» metbugatdan başga-da bu waka barada «Россия-24», «TRT haber», «TRT AVAZ» we «Мир-24» teleýaýlymlarynda habar berildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine Özbegistan Respublikasynyň SNG.FM «ORIAT» FM radiogepleşikleri bagyşlanyldy, şeýle hem bäş ýurduň 7 teleýaýlymynda «CBC» (Azerbaýjan), «TRT» we «TRT AVAZ» (Türkiýe), «Uzbekiston» (Özbegistan), «TV24» (Gruziýa), «PTV» we «PTV WORD» (Pakistan) teleýaýlymlarynda wideoşekilli täzelikler görkezildi.

Köp sanly habarlar üçin umumy pikiriň beýany: Aşgabatda geçirilen Halk Maslahaty ýurduň syýasy ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi. Olar döwlet Baştutanynyň gol çeken Konstitusion kanunynda hem öz beýanyny tapdy.

Bilermenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şol resminamany işläp taýýarlamak baradaky pikiri şeýle özgertmäniň döwrüň hem-de syýasy wakalaryň talaby bolup durýandygy bilen baglanyşyklydyr.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter