Türkmen Lideriniň adyna gutlag hatlary | TDH
Syýasat habarlary

Türkmen Lideriniň adyna gutlag hatlary

 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň halkyny ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmen döwletiniň garaşsyz ösüşiniň ilkinji günlerinden başlap duldegşir goňşular bolan Eýran Yslam Respublikasy we Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini görkezýärler.

Iki ýurduň syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin umumy tagallalarymyz arkaly biziň baý medeni we taryhy tejribämiziň artjakdygyna ynanýaryn.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagt we abadançylyk arzuw edýärin.

Hasan RUHANI,
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Ermenistanyň hem-de Türkmenistanyň halklarynyň köp ýyllaryň dowamynda kemala gelen dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup durýar.

Köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde, ermeni-türkmen döwletara gatnaşyklarynyň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, şeýle hem işjeň ikitaraplaýyn aragatnaşyklaryň mundan beýläk hem halklarymyzyň bähbidine dürli ulgamlarda mümkinçilikleriň açylmagyna hem-de özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk we abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Armen SARKISÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Sizi we türkmenistanlylary gutlaýaryn.

Hemme adamlaryň parahatçylykda we doganlyk raýdaşlygynda ýaşamagyny hem-de Siziň milletiňiz üçin Beýik Taňrynyň alkyşyny dileg edýärin.

Rim Papasy FRANSISK.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Milli baýramy — Garaşsyzlygyň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky dostluk we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar köp ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni we ynsanperwer gatnaşyklar yzygiderli pugtalandyrylýar.

Hökümet ugry boýunça işjeň bilelikdäki işimiziň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly kuwwatyny açmaga mümkinçilik berjekdigine, dürli ulgamlarda täze, geljegi uly taslamalary ilerletmek üçin amatly şertleri döretjekdigine ynanýaryn. Munuň özi Russiýanyň we Türkmenistanyň uzakmöhletli bähbitlerine doly laýyk gelýär.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bagt we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Mihail MIŞUSTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Pakistanyň Hökümetiniň, halkynyň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Pakistan Türkmenistan bilen birek-birege hormat goýmaga, iki halkyň taryhy-medeni we ruhy umumylygyna esaslanýan doganlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berýär. Pakistan Türkmenistan bilen özara bähbitli ulgamlaryň ählisinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýär. Bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde, iki halkyň abadançylygynyň bähbidine ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyryp biljekdigimize ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt we uzak ömür, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, meniň Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Imran HAN,
Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Malaýziýanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňizi hem-de doganlyk türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

1992-nji ýylda resmi taýdan diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň we hyzmatdaşlygymyzyň oňyn ösýändigini kanagatlanma bilen belleýärin. Biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine özara gyzyklanma bildirilýän strategik ulgamlarda ysnyşykly gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de pugtalandyryp biljekdigimize ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Tan Sri Muhiddin ÝASSIN,
Malaýziýanyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Tailand Patyşalygynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymyzy hem-de iň gowy arzuwlarymyzy beýan edýärin.

Tailand bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklarymyzyň ýola goýlan pursadyndan bäri dostlukly häsiýete eýedir. Özara düşünişmäge hem-de ysnyşykly gatnaşyklara esaslanyp, hyzmatdaşlygymyzyň iki ýurduň we halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

General Praýut ÇAN-OÇA,
Tailand Patyşalygynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi we Türkmenistanyň dostlukly halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bilelikdäki tagallalarymyz arkaly Ermenistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibini baýlaşdyryp hem-de özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanan dostlukly gatnaşyklara täze itergi berip biljekdigimize ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk hem-de jogapkärli işiňizde gowulyklary, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Nikol PAŞINÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňize ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ýollamaga şatdyryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt, doganlyk halka bolsa mundan beýläk-de abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Goý, Gudraty Güýçli Allatagalla Sizi öz penasynda aman saklasyn!

Muhammed ben Salman ben Abdel Aziz AL SAUD,
Mirasdüşer Şazada, Saud Arabystany
Patyşalygynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
goranmak ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan etmek hem-de Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, dostlukly türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de üstünlikler we rowaçlyk arzuw etmek meniň üçin uly hormatdyr we şatlykdyr.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Muhammed Bin Raşid AL-MAKTUM,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti,
Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek hem-de Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, dostlukly türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de üstünlikler hem-de rowaçlyk arzuw etmek meniň üçin uly hormatdyr we şatlykdyr.

Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Muhammed Bin Zaýed AL-NAHAÝAN,
Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter