Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabaha Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Sabah Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabahyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny ýollady.

“Türkmen halky doganlyk halkyň gynanjyny paýlaşýar. Onuň Alyjenaby parasatly we öňdengörüji ýolbaşçy hökmünde, Kuweýt Döwletiniň hem-de onuň halkynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly işleri bitirdi. Onuň ýagty ýadygärliginiň häzirki we geljekki nesilleriň kalbynda baky galjakdygyna ynanýaryn” diýlip, hatda bellenilýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Kuweýt Döwletiniň tutuş halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini ýetirdi.

“Gudraty Güýçli Allatagala Siziň Alyjenabyňyza hem-de Kuweýtiň ähli halkyna ruhy durnuklylyk we mertlik bersin!” diýlip, hormatly Prezidentimiziň hatynda bellenilýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter