Türkmen Lideriniň adyna gutlag hatlary | TDH
Syýasat habarlary

Türkmen Lideriniň adyna gutlag hatlary

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Fransiýanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Men ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň syýasy, medeni we ykdysady ulgamlarda işjeň ösdürilmeginiň dowam edýändigini nygtamaga şatdyryn.

Iýun aýynda geçirilen ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň dördünji mejlisi özara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryna syn bermäge, şeýle hem lukmançylyk barlaglary ulgamynda öňdebaryjy fransuz guramasy bolup durýan Paster instituty bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda awgust aýynda ilkinji gezek tejribe alşylmagyny guramaga mümkinçilik berdi.

Iýul aýynda strategik suw ulgamynda fransuz geologiýa we dag-tehniki barlaglary edarasy bilen Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň arasynda gatnaşyklar ýola goýuldy. Men şeýle hem maý aýynda Fransiýanyň atçylyk we çapyksuwarlyk instituty bilen «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň täze itergä eýe bolandygyna begenýärin.

Mundan başga-da, Siziň ynam bildirýän fransuz kompaniýalaryňyzyň öz üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin hemme çäreleri görýändiklerini bellemek isleýärin.

Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilmeginiň biziň hyzmatdaşlygymyzyň, hususan-da, arheologiýa we älem giňişligi ulgamynda çuňlaşmagy bilen alamatlanjakdygyna umyt edýärin. Fransiýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Kararnamanyň kabul edilen pursadyndan başlap, yzygiderli goldaýar.

Jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Emmanuel MAKRON,
Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna berk jan saglyk, parahatçylyk we rowaçlyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr.

Strategik bähbitleri nazara alyp, özara ynanyşmagy berkidip hem-de Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklar üçin mümkinçilikleri peýdalanyp, ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de artdyrjakdygymyza ynanýaryn.

Jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Klaus Werner ÝOHANNIS,
Rumyniýanyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz, gadyrly doganym!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Alžiriň Hökümetiniň, halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize iň mähirli gutlaglarymy hem-de dostlukly türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlarymy ýollamaga şatdyryn.

Pursatdan peýdalanyp, ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary ösdürmek, halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak maksady bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygymy ýene-de bir gezek tassyklamak isleýärin.

Jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Abdelmajid TEBBUN,
Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli Ysraýylyň halkynyň we döwletiniň adyndan Siziň Alyhezretiňize hem-de türkmen halkyna iň mähirli gutlaglarymy beýan edýärin.

Türkmenistan sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy, durnuklylyk we parahatçylyk maksady bilen, Bitaraplygyň tuguny belende göteren gadymy taryhy bolan ýaş ýurtdur. Şoňa görä-de, döwletlerimiziň arasyndaky durnukly gatnaşyklara ýokary baha berýärin, ýurtlarymyzyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň has-da ösdüriljekdigine hem-de giňeldiljekdigine ynanýaryn.

Hormatly jenap Prezident, Size hem-de Türkmenistanyň halkyna berk jan saglyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Reuwen RIWLIN,
Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ukrain halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Ukraina bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlyk we özara bähbitlilik esasynda ösdürilýän gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna hem-de iki halkyň rowaçlygynyň bähbidine döwletlerimiziň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Hormatly jenap Prezident, Size berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir ZELENSKIÝ,
Ukrainanyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy hem-de iň oňat arzuwlarymy kabul ediň!

Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň döwletlerimiz deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürip we Gruziýanyň hem-de Türkmenistanyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen iri sebit taslamalaryny amala aşyrmak arkaly döwletara gatnaşyklaryň täze sahypasyny açdylar.

Biziň halklarymyzyň döredijilik we täze üstünlikler ýoly bilen mundan beýläk-de bilelikde hereket etjekdiklerine ynanýaryn.

Erkinligiň şu şanly baýramynda Gruziýanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna üstünlikleri we abadançylyk arzuw edýärin. Siziň ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistanyň yzygiderli ösüşini dowam etjekdigine hem-de täze belentliklere ýetjekdigine ynanýaryn.

Hormatlamak bilen,

Salome ZURABIŞWILI,
Gruziýanyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli moldowan halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size hem-de dostlukly türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we parahatçylyk, päklik, rowaçlyk hem-de döwleti mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda täze üstünlikleri gazanmagyňyz baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygymy tassyklap, bilelikdäki tagallalarymyz arkaly bize Moldowa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklara goşmaça itergi bermegiň hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiligini amala aşyrmak boýunça işleri güýçlendirmegiň başartjakdygyna pugta ynamymy beýan edýärin.

Hormatly jenap Prezident, Size berk jan saglyk, abadançylyk, öňde goýlan maksatlary durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri arzuw edýärin hem-de meniň Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Igor DODON,
Moldowa Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Siziň ýurduňyzyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllygy mynasybetli Nikaragua Respublikasynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we Türkmenistanyň halkyna gutlaglarymy beýan edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, dostlukly gatnaşyklary, halklarymyzy birleşdirýän raýdaşlygy we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagy maksat edinýändigimi tassyklaýaryn.

Nikaragualylaryň ählisiniň Türkmenistanyň halkyna bolan dostluk duýgularyny kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Daniel Ortega SAAWEDRA,
Nikaragua Respublikasynyň Prezidenti.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter