Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasynaBirleşen Arap Emirliklerinden,Şweýsariýadan, Türkiýeden, Şotlandiýadan, Owganystandan, Panamadan we Özbegistandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, gyzdyrylan nebit koksuny satyn aldylar. Türkiýe Respublikasyndan gelen täjirler bolsa“Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna Russiýa, ABŞ, Türkiýe, Azerbaýjan, Ermenistan, Gyrgyzystan, Ukraina, Özbegistan we beýleki ýurtlar tekiz reňklenen we tüýjümek žakkard önümleri, nah ýüplügi, reňksiz list aýnany satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 27 million 994 müň dollaryndan gowrak boldy.

BAE-den, Türkiýe Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan gelen işewür toparlaryň wekilleri jemi bahasy 7 million 233 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 41 million 586 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter