Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Tunisiň Prezidentinden hat gelip gowuşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Tunisiň Prezidentinden hat gelip gowuşdy

 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tunis halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt baradaky, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de öňegidişlik we gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňiz bilen ikitaraplaýyn dostluk gatnaşyklaryny hem-de doganlyk halklarymyzyň umumy bähbitleriniň hatyrasyna hyzmatdaşlyk boýunça bilelikde işlemäge taýýardygymy tassyklaýaryn.

Kais SAID,
Tunis Respublikasynyň Prezidenti.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter