Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

опубликованно 01.09.2015 // 1011 - просмотров
 

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna köpsanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri öz hatlarynda döwlet Baştutanymyzyň bilim ulgamynda geçirýän özgertmeleriniň bu ulgamy dünýä derejesine çykarmaga, okatmagyň innowasion usullaryny giňden ornaşdyrmaga, tutanýerli zähmeti bilen eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny beýgeltjek zehinli ýaşlary kemala getirmäge gönükdirilendigini belleýärler. Häzir Türkmenistanda halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap mekdebe çenli edaralar, çagalar sagaldyş merkezleri, orta we ýokary okuw mekdepleri guruldy hem-de bina edilýär. Hatlary iberenler hormatly Prezidentimize ýurdumyzda milli hünärmenleri taýýarlamagyň kämil ulgamynyň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikler arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimizi Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Ş.Durdylyýew, B.Hojamämmedow, B.Ereşow, B.Hojamuhammedow, R.Meredow, S.Satlykow, P.Taganow, S.Toýlyýew, E.Orazgeldiýew, M.Ýazmuhammedowa tüýs ýürekden gutladylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan milli Liderimizi A.Nurberdiýewa gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri P. Taganow, W.Hramow, G.Hojaberdiýew, K.Çaryýardurdyýew, A.Žadan, Y.Paromow ýolladylar.

Döwlet Baştutanymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi O. Gurbannazarow, Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow, Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gutlag hatlaryny Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K. Babaýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy O.Mämmedow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy R.Bazarow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Baýramowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ö.Enermyradow, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa we beýlekiler iberdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter