Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady topluma gözegçilik edýän orunbasary G.Müşşikowyň, maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň hem-de Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Onuň dowamynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň taýýarlanylyşy hakyndaky hasabatlar diňlenildi.

Ilki bilen, maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynda göz öňünde tutulan ýerli býujetleriň görkezijileri hakynda hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 2021-nji ýyl üçin hususyýetçiligi, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, ýurdumyzda önüm öndürilişiniň möçberini artdyrmak, içerki bazarlarda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça zerur çäreler göz öňünde tutuldy.

Şol bir wagtyň özünde döwlet eýeçiligindäki desgalary we kärhanalary hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde hususy pudagyň paýyny ýokarlandyrmak işleri dowam etdiriler. Salgyt ulgamyny kämilleşdirmek, döwlet we milli maksatnamalaryň çäklerinde göz öňünde tutulan meýilnamalary ýerine ýetirmek üçin maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemek geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, geljek ýylda maýa goýum serişdelerini çekmek maksady bilen, daşary ýurtlaryň maliýe düzümleri bilen gatnaşyklary giňeltmek boýunça işler dowam etdiriler.

Ministr häzirki döwürde alnyp barylýan işler barada hasabat bermek bilen, sanly ulgama geçmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny habar berdi. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan elektron resminama dolanyşygy we «Elektron salgyt» ulgamlary girizildi. Gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek, kärhanalaryň arasyndaky özara hasaplaşyklary düzgünleşdirmek boýunça anyk işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň Mejlisi bilen bilelikde ykdysadyýetiň pudaklarynyň işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmek işleri alnyp barylýar.

Häzirki wagtda maliýe-ykdysady durnuklylygy üpjün etmek, önümçilik kuwwatlyklaryny doly herekete girizmek, zerur bolmadyk çykdajylary azaltmak, innowasion usulda kärhanalaryň düşewüntliligini ýokarlandyrmak maksady bilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, maliýe-ykdysady pudakda düýpli özgertmeleriň geçirilmegine, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň mundan beýläk-de durnukly we deňeçer ösüşine gönükdirilen wezipeleriň gyşarnyksyz we çalt ýerine ýetirilmegi üçin anyk işleriň amala aşyrylmalydygyna ünsi çekdi.

Degişli düzümler bilen bilelikde telekeçiligi yzygiderli ösdürmek, içerki bazarlary özümizde öndürilen ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmek, eksport önümleriniň mukdaryny artdyrmak we hususy telekeçiligiň ornuny pugtalandyrmak maksady bilen, utgaşykly işleriň alnyp barylmagy wajypdyr.

Ýakyn geljek üçin bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşini, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda dolanyşygynyň artmagyny üpjün eder diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda ministre birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan we ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän anyk işler barada hasabat berdi. Geljek ýylda daşary söwda dolanyşygynyň garaşylýan görkezijileri baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň karz serişdelerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, karz edaralaryň hususy we çekilen serişdeleriniň, şol sanda daşary ýurt banklaryndan we maliýe guramalaryndan alnan karz serişdeleriň gönükdirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, hyzmat ediji karz edaralary tarapyndan pudaklara goýberilýän karz serişdeleriň doly we maksada laýyk ulanylyşyna berk gözegçilik ediler.

Milli Liderimiziň goldaw bermeginde döredilýän giň mümkinçiliklere laýyklykda, ykdysadyýetde pul toplumyny hakyky zerurlyga görä düzgünleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, milli bank ulgamynyň işinde halkara tejribäniň häzirki zaman gurallaryny giňden ulanmak meýilleşdirilýär. Hususan-da, dürli görnüşli nagt däl hasaplaşyk amallaryny we hyzmatlaryny ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa häzirki döwürde ýurdumyzyň karz edaralarynda öňdebaryjy tehnologiýalar yzygiderli esasda, işjeň ulanylýar we işgärleriň hünär derejesi ýokarlandyrylýar diýlip hasabat berildi. Durmuşa geçirilýän çäreler nagt däl hasaplaşyklar arkaly ulanmak üçin müşderilere elýeterli mümkinçilikleri üpjün edýär hem-de bank ulgamyna bolan ynamyň ýokarlanmagyny şertlendirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ykdysady strategiýanyň netijesinde daşary ýurtly maýadarlar hem-de karz berijiler üçin goraglylygy we degişli kepillikleri üpjün edýän şertler döredildi.

Munuň özi türkmen bazarynyň özüne çekijiligini artdyrýar hem-de dünýäniň işewür toparlarynyň Diýarymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler taslamalarynyň ýerine ýetirilmegine bolan gyzyklanmalaryny ýokarlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň öňdebaryjy banklary we maýadar kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça işler dowam etdiriler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, banklaryň öňünde durýan we uly geljegi bolan wezipelere ünsi çekdi. Uzak aralykdan ýola goýulýan bank hyzmatlarynyň täzeçil görnüşlerini giňden ornaşdyrmagyň hasabyna, karz edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek möhüm ugur hökmünde kesgitlenildi. Milli Liderimiz öňdebaryjy tejribäni düýpli öwrenmek maksady bilen, abraýly halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tabşyryklary berdi.

Aýratyn-da, ýurdumyzda ýokary hünärli, köp ugurdan bilimli işgärleri taýýarlamak meselelerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmegine möhüm üns berildi. Olar Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarmalydyrlar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Merkezi bankyň başlygyna ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny ösdürmek üçin gönükdirilýän karz serişdeleriniň öz wagtynda gaýtarylmagy bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa wise-premýer G.Müşşikow milli Liderimiziň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bu resminamalar ykdysady strategiýadan, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan ugur alnyp taýýarlanyldy. Dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyndaky ýagdaý nazara alnyp, pudaklaryň Prezident Maksatnamasynda 2021-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan käbir ösüş görkezijileri olaryň hakyky mümkinçiliklerine we emele gelmegine garaşylýan hasaplamalara laýyklykda kesgitlenildi.

Geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 174,7 milliard manat we ösüş depgini deňeşdirme nyrhlarynda 6,2 göterim derejede göz öňünde tutulýar.

Dünýä bazarynda çig nebitiň bahasynyň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, geljek ýyl üçin nebitgaz toplumynyň görkezijileri we býujeti düzülende, nebitiň ortaça bahasyndan ugur alyndy. Ähli ministrliklerden we pudak edaralaryndan gelip gowşan maglumatlar seljerilip, ýurdumyzyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejileriniň we çykdajylarynyň möçberleri jemlenildi.

Wise-premýer Döwlet býujetiniň meýilleşdirilen görkezijileriniň ugurlary barada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa jikme-jik hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, maliýe serişdeleriniň köp bölegi durmuş ulgamynyň, hususan-da, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, döwlet durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy we umumy häsiýetdäki döwlet hyzmatlar ugurlaryna gönükdiriler.

Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, 2021-nji ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak meýilleşdirildi.

Maýa goýum serişdeleriniň kesgitlenen möçberlerini geljek ýylda önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşyklary üçin gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ugurda ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlaryna ünsi çekdi.

Ýurdumyzyň ykdysady we uzak möhletleýin bähbitleri nukdaýnazaryndan, netijeli dolandyryş çözgütlerini kabul etmek wajyp wezipeleriň biri bolup durýar.

Gönükdirilýän maýa serişdeleriniň oýlanyşykly hem-de netijeli peýdalanylmagynyň üpjün edilmegi, hususyýetçilige, kiçi we orta telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw bermek üçin anyk işleri ýerine ýetirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Wise-premýere milli ykdysadyýetimiziň köpugurly esasda ösdürilmegine we bäsdeşlige ukyplylygynyň berkidilmegine, eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň döredilmegine, döwlet eýeçiligindäki edaralaryň we desgalaryň hususylaşdyrylmagyna hem-de olaryň paýdarlar jemgyýetlerine öwrülmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, milli Liderimiz dünýädäki çylşyrymly ýagdaý bilen baglylykda, ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ösüşini goldamaga we 2021-nji ýylda jemi içerki önümiň 6 göterimden gowrak derejede artmagy üçin durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen makroykdysady syýasatyň durmuşa işjeň geçirilmelidigini belledi. Bazar institutlaryny özgertmek esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Ilkinji nobatda, bank ulgamyny mundan beýläk-de özgertmegi dowam etmeli. Bu işler banklaryň görnüşini özgertmäge we bank hyzmatlarynyň hiliniň netijeli bolmagyny üpjün etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz içerki islegleri höweslendirmegiň, ilatyň iş bilen üpjünçiligini üpjün etmegiň we halkyň girdejileriniň artmagyny gazanmagyň möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyny belledi. Täze işe başlaýan telekeçilere maliýe goldawyny bermek boýunça amala aşyrylýan maksatnamalaýyn çäreleriň gerimini giňeltmegiň zerurdygy nygtaldy.

Senagat pudagynda bäsdeşlige ukyplylyk babatda syýasaty kämilleşdirmeli, şol sanda milli önümlerimize içerki islegleri höweslendirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Kooperatiw gatnaşyklary ösdürmek, strategik möhüm pudaklaryň kärhanalaryny özgertmek meseleleri geljegi uly ugurlar hökmünde görkezildi.

Maýa goýum işleriniň depginini güýçlendirmegiň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, ilkinji nobatda, üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça işlere ýerli maýadarlaryň gatnaşmagyny höweslendirmegiň we goşulan bahaly önümçilikleriň ulgamlaryny döretmek üçin içerki gorlaryň gerimini giňeltmegiň güýçlendirilmelidigini aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, daşary ýurtlara harytlary iberýän kärhanalara ýardam bermek arkaly, olaryň goşmaça maliýe taýdan ösüşini gazanmaly. Şol sanda söwda maliýeleşdirmesiniň häzirki zaman serişdelerini ulanmagyň gerimini giňeltmeli.

Daşary ýurtlara haryt iberýän kärhanalaryň daşary-ykdysady işini we olara goldaw bermegi höweslendirmeli. Bu işleri ýerli önümleri täze eksport bazarlaryna ibermegiň möçberleriniň artdyrylmagyny höweslendirmek arkaly amala aşyrmaly diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň telekeçilerini döwlet satyn alyş ulgamyna çekmek, telekeçiligi alyp barmak we bäsdeşlik ulgamy üçin döredilýän şertleriň amatlylygyny ýokarlandyrmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Bu işleri sebitlerde kiçi senagat zolaklaryny ösdürmegiň we ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek üçin sanly ulgama geçirmek, hususy telekeçiligi ösdürmek üçin goşmaça maliýe serişdelerini bölüp bermegiň hasabyna amala aşyrmaly.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş taýdan ösdürmek, bilim ulgamyny kämilleşdirmek, saglygy goraýşyň maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň doly ýerine ýetirilmegini möhüm wezipeler hökmünde kesgitledi.

Iş maslahatynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter