Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahatlar görnüşindäki nobatdaky duşuşyklar | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahatlar görnüşindäki nobatdaky duşuşyklar

 

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň üçünji mejlisi onlaýn görnüşde geçirildi. Oňa BAE-niň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýanyň ýolbaşçylygyndaky topar gatnaşdy.

Geçen hepdede ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, bu bilelikdäki toparyň türkmen tarapynyň düzüminiň tassyklandygyny bellemek gerek.

Şu gezekki duşuşykda komitetiň iki tarapdan başlyklary iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini, muňa bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de BAE-niň ýokary ýolbaşçylygynyň arasyndaky gatnaşyklara häsiýetli bolan özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesiniň gönüden-göni täsir edýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Mejlisiň barşynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet we hususy düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmäge, maýa goýum ýagdaýyny kämilleşdirmäge özara gyzyklanma bildirilýändigi beýan edildi.

Iki ýurduň ulag mümkinçiliklerini ulanmaga we ösdürmäge degişli pikir alyşmalar geçirildi. Şonda deňiz, demir ýol we howa ulgamlarynyň, port düzümleriniň kuwwatyny ulanmak arkaly ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmegiň orny barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, «EXPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň ähmiýeti bellenildi, oňa Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyga açykdygy aýratyn bellenilip geçildi.

Taraplar «ýaşyl ykdysadyýetiň» wajypdygyny belläp, durnukly energiýanyň ulanylmagy, innowasion tehnologiýalaryň we gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamynyň bilermenlik başarnyklarynyň ilerledilmegi dogrusynda pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça agentliginiň (IRENA) çäklerinde hyzmatdaşlygy has hem giňeltmäge gyzyklanmasy beýan edildi.

Taraplar medeni-ynsanperwer häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ylym, bilim, medeniýet we sport ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler.

Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

* * *

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda “Bitarap Türkmenistan — parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna” mowzugy bilen daşary ýurtlaryň ýaş diplomatlary üçin onlaýn görnüşdäki üç günlük okuwlar başlandy.

Bu okuwlara dünýäniň 13 ýurdundan — Russiýadan, ABŞ-dan, Hytaýdan, Awstriýadan, Türkiýeden, Pakistandan, Günorta Afrika Respublikasyndan, Malaýziýadan, Wengriýadan, Owganystandan, Özbegistandan, Belarusdan, Ermenistandan 30-dan gowrak diplomat gatnaşýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän bu okuwlar oňa gatnaşyjylaryň döwletiň şu özboluşly hukuk derejesi, onuň daşary syýasatyň durmuşa geçirilmegindäki ähmiýeti hakyndaky bilimleriniň artdyrylmagyna gönükdirilendir.

Diplomatik okuwlaryň açylyş gününde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory gutlag sözi bilen çykyş etdi hem-de döwletiň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik gatnaşyklaryny has hem giňeltmäge ygrarlydygyny belledi.

Bu okuwlaryň ýaş diplomatlara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň gazanylmagy babatynda ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň özboluşlylygy hakynda has köp maglumatlary öwrenmäge itergi berjekdigi nygtaldy.

Okuwlaryň birinji gününde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory, şeýle hem türkmen diplomatiýasynyň halypalary, biziň ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri çykyş edip, ýaş diplomatlara gullugyň esaslary barada gürrüň berdiler.

Çykyş edenler parahatçylyga, özara düşünişmeklige hem-de deňhukukly döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulmagyna esaslanýan hemişelik Bitaraplygyň ýörelgelerine laýyklykda durmuşa geçirilýän türkmen diplomatiýasynyň we Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özboluşlylygy barada durup geçdiler.

Onlaýn görnüşde leksiýalary okamak üçin diplomatlar, Türkmenistanyň DIM-niň wekilleri hem-de ýurduň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary çagyryldy we olar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň gazananlary barada giňişleýin gürrüň bererler.

Okuwlaryň maksatnamasy giň mazmunlydyr. Onlaýn görnüşde geçirilýän okuwlara gatnaşyjylar türkmen diplomatiýasynyň bilermenlerine özlerini gyzyklandyrýan sowallary berip bilerler. Daşary ýurtlaryň ýaş diplomatlaryna «Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň taryhy we onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi», «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: ynsanperwerlik ugry boýunça hyzmatdaşlyk», «Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika, ulag we ekologiýa diplomatiýasy» hem-de beýleki ugurlar boýunça sapaklar geçiler.

22-nji oktýabrda daşary ýurtlaryň ýaş diplomatlary üçin okuwlar BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezinde dowam eder we şol ýerde bu merkeziň ýolbaşçylary çykyş ederler.

* * *

Şu gün Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesinde diplomatlaryň arasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we Birleşen Milletler Guramasynyň 75 ýyllygyna bagyşlanan iki günlük sport ýaryşlary başlandy. Ýaryşlar sportuň bilýard we uly tennis görnüşleri boýunça geçirilýär.

Sport çärelerine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde adam saglygyna peýdaly täsirini ýetirýän wajyp işler alnyp barylýar. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak üçin ähli zerur şertler döredilýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter