Resmi habarlar 4-nji Sentýabr | TDH
Resminamalar

Resmi habarlar 4-nji Sentýabr

опубликованно 04.09.2015 // 993 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň önüm öndürijilerini höweslendirmek, olaryň bähbitlerini goramak we öndürýän harytlarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem söwda dolanyşygyny düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň çäklerine getirilende gümrük paçlary bellenen käbir harytlaryň sanawy hem-de gümrük paçlarynyň möçberleri tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine, Türkmenistanyň Maliýe ministrligine, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Karar 2015-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan güýje girýär.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda 2015-nji ýylyň 8-28-nji sentýabry aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 188 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugyna zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin “Boing-757” uçarynyň ýörite gatnawyny öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak tabşyryldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter