Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda diplomatik işini tamamlaýan Ýaponiýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda diplomatik işini tamamlaýan Ýaponiýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirdi

 

Wise-premýer, daşary işler ministri Reşit Meredow ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarlly ilçisi Takahiko Kasumata bilen duşuşyk geçirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ösüş derejesine ýokary baha berildi we syýasy gatnaşyklaryň oňyn häsiýeti bellenildi. Şu jähtden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa saparlarynyň ähmiýeti bellenildi, olar ugurlaryň ählisi boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge itergi berdi.

Taraplar abraýly sebit we halkara guramalarynyň, ozaly bilen BMG-nyň meýdançasynda özara goldawy dowam etmäge gyzyklanma bildirdiler. Şu jähtden ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň birnäçesi boýunça Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň garaýyşlarynyň ýakynlygy tassyklanyldy.

Söhbetdeşligiň barşynda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy, şeýle hem parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Ýaponiýanyň ilçisine döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda ilçi Takahiko Kasumata Türkmenistanyň Prezidentine we DIM-niň ýolbaşçysyna diplomatik wezipesini ýerine ýetirmekde goldawy üçin hoşallyk bildirdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter