Türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

 

Şu gün Daşary işler ministrliginde onlaýn görnüşde Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň administratiw edarasynyň başlygy Mohammad Şakir Kargar bilen duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine, goňşy ýurtlar, hususan-da, Owganystan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli syýasatyna esaslanýan türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ýokary derejesi nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň Owganystanyň Hökümetiniň ýurtda parahatçylygy we durnuklylygy dikeltmek baradaky tagallalaryny doly goldaýandygy hem-de baky Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde ylalaşmak we ýakynlaşmak işine ýardam bermäge çalyşýandygy, parahatçylykly owganara gepleşikleri geçirmek üçin syýasy giňişligini bermäge taýýardygy bellenildi.

Türkmenistan syýasy ösüşiň ykdysady hem-de ynsanperwer ulgam bilen berk baglanyşyklydygyna göz ýetirmek bilen, Owganystanyň gatnaşmagynda möhüm ähmiýetli taslamalaryň ençemesiniň başyny başlaýar we ilerledýär.

TOPH gaz geçirijisiniň, TOP elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygy, demir ýol gatnawlarynyň ösdürilmegi, «Lapis Lazuli» geçelgesi hem-de beýleki durmuş, ykdysady we senagat maksatly düzümleriň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi iki ýurduň hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Öz nobatynda, bularyň ählisi tutuş sebitiň howpsuzlygyna, durnuklylygyna hem-de ösüşine oňyn täsir etmelidir.

Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynda — ulag, kommunikasiýa, energetika, gurluşyk, ylym, bilim we beýleki köp sanly ulgamlarda taraplaryň strategik hyzmatdaşlygyny kadalaşdyrýan ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumy hereket edýär. Hyzmatdaşlygyň bu hukuk binýadynyň üsti şu ýylyň sentýabr we oktýabr aýlarynda gol çekilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn resminamalaryň birnäçesi bilen ýetirildi.

Duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň döwlet we hususy düzümleriniň işjeň gatnaşmagynda geosyýasy hem-de geoykdysady ähmiýetli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça sazlaşykly işi dowam etdirmegiň zerurdygy nygtaldy hem-de hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlylyk tassyklanyldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter