Türkmenistanyň Prezidenti “Niklaus Dizaýn” amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti “Niklaus Dizaýn” amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

опубликованно 05.10.2016 // 794 - просмотров
 

Aşgabat, 5-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow golf ugrunda ýöriteleşdirilen belli “Niklaus Dizaýn” amerikan kompaniýasynyň ýurdumyza gelen prezidenti Jek Niklausy kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewür düzümleriniň, şol sanda özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň “açyk gapylar” we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy ugruny amala aşyrýan Türkmenistan bilen ýola goýlan özara gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň däbe öwrülen dostlukly, okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, iň gowy dünýä tejribesini, öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary işjeň ornaşdyrmagy ugur edinýän giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmek bilen biziň döwletimiziň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny aýtdy.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman bar bolan mümkinçilikleri, hususan-da, sport ýaly geljegi uly ugurda mümkinçilikleri nazara almak bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Sport ulgamyny ösdürmek bolsa Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda kabul edilen degişli maksatnamalar şol ugurda öňde goýlan maksatlary gazanmaga gönükdirilendir. Olary amala aşyrmagyň çäklerinde türgenleri we tälimçileri taýýarlamak işi kämilleşdirilýär, paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap sport we bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, köp ugurly stadionlar guruldy we gurluşygy ýaýbaňlandyryldy, sportuň dürli görnüşleri boýunça iri ýaryşlary geçirmek üçin ähli şertler döredilýär.

Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda çözgüdi, türkmen türgenleriniň abraýly sebit hem-de halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri dünýäniň sport giňişliginde Türkmenistanyň abraýynyň artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Işewür hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň bedenterbiýe hem-de sport ulgamynda gazanýan üstünliklerine, jemgyýetde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine ýokary baha berip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň sportuň golf ýaly meşhur görnüşini Türkmenistanda ösdürmekde ýardam etmäge taýýardygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda türkmen paýtagtynda golf meýdançasyny gurmagyň taslamasyny ilerletmek meselesi hem-de sportuň bu görnüşi boýunça ýaryşlary geçirmek mümkinçiligi gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. “Niklaus Dizaýn” kompaniýasynyň ýolbaşçysy
milli Liderimiziň ozal aýdan belliklerini we maslahatlaryny nazara almak bilen degişli ugurda geçirilýän işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen teklipler bilen tanşyp, häzir Türkmenistanda sportuň dürli görnüşlerini wagyz etmek we ösdürmek, ilaty, ozaly bilen ýaşlary bedenterbiýe-sport hereketine giňden çekmek boýunça uly işleriň geçirilýändigini aýtdy. Golf barada aýdylanda bolsa, mälim bolşy ýaly, ol dünýäde sportuň has meşhur görnüşleriniň biri bolup, onuň bilen islendik ýaşda we ýylyň islendik paslynda meşgullanyp bolýar. Golf diňe işjeň däl-de, eýsem, boş wagtyňy saglyk üçin peýdaly geçirmekde-de netijeli bolup durýar: bu sport oýny hereketi, pikiri we sabyrlylygy utgaşdyrmagy ösdürýär, terbiýeleýär, bedeni taplamaga ýardam edýär, çünki arassa howada dowamly hereketi göz öňünde tutýar.

Bulardan başga-da, golf bilen meşgullanmak adama tebigata ýakyn bolmaga hem-de onuň gözelliklerini synlamaga mümkinçilik döredýär, çünki türgenleşikler we ýaryşlar daşky gurşaw bilen sazlaşykda döredilýän ýörite meýdanlarda geçirilýär. Olar gurlanda tebigy dizaýnyň öňdebaryjy tehnologiýalary ulanylýar. Bu bolsa öz nobatynda şeýle taslamalary işläp taýýarlamaga jogapkärli, oýlanyşykly çemeleşmegi hem-de olar amala aşyrylanda işleriň ýokary hilli bolmagyny talap edýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Myhman döwlet Baştutanymyzyň ähli maslahatlarynyň we teklipleriniň hökman göz öňünde tutuljakdygyny aýdyp, “Niklaus Dizaýn” kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda işewür hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa geçirilen düýpli işewür gürrüň üçin çuňňur hoşallyk bildirip, amerikan kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýändigini hem-de munuň üçin özüniň ähli tejribesini we mümkinçiliklerini paýlaşmaga taýýardygyny aýtdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter