Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Prezidentiň poçtasy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 29.09.2016 // 1042 - просмотров
 

Siziň Alyhezretiňiz,

Awstraliýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, men jenap Piter Martin Teşi Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim.

Jenap Teşiň ýokary şahsy häsiýetleri hem-de ukyplary onuň öz borçlaryny Siziň makullamagyňyza we hormatyňyza mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine mende ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de Size Awstraliýanyň adyndan aýtjak ähli sözlerine, aýratyn hem Size meniň iň gowy arzuwlarymy we Türkmenistanyň abadançylygyna we gülläp ösmegine uly gyzyklanma bildirýändigim baradaky ynandyrmalarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy Sizden haýyş edýärin.

Piter Kosgrouw,
Awstraliýa Bileleşiginiň General-gubernatory

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter