Resmi habarlar 13-nji Oktýabr | TDH
Resminamalar

Resmi habarlar 13-nji Oktýabr

опубликованно 13.10.2016 // 990 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän okuwlaryň hiline gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Toýlyýew Sapardurda duýduryş yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky teleradioýaýlymlaryň işine gözegçiligi gowşadyp, berilýän gepleşikleriň hiliniň pese düşmegine ýol berendigi üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmedowa Gülşat Sahyýewna käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky gulluklaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat sekretary Çaryýardurdyýew Kakageldi Öwezgeldiýewiçe käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, ýaýlymda berilýän
telewizion gepleşikleriň hiliniň pese düşmegine ýol berendigi üçin, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmenistan” teleýaýlymynyň başlygy Işangulyýew Şirgeldi Işangulyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa duýduryldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter