Resmi habarlar 15-nji Oktýabr | TDH
Resminamalar

Resmi habarlar 15-nji Oktýabr

опубликованно 15.10.2016 // 1167 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, zehinli çagalaryň arasynda yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigine ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden gatnaşan ýaş aýdymçylaryň arasyndan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine goşant goşjak, geljekde sungat äleminiň ýyldyzlary bolup ýeitişjek zehinli aýdymçylar ýüze çykaryldy.

“Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginde ýokary ussatlyk görkezip, aýratyn tapawutlanan aýdymçylary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň “Merdana nesiller” aýdym-saz toparynyň aýdymçysy Döwran Arslanowiç Annamamedow;

Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Medeniýet bölüminiň “Halk saz gurallary” halk toparynyň sazandasy Amanmuhammet Berdimuhammedowiç Nazarow;

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Umytmyrat Baýramgylyjowiç Annameredow;

Daşogzuň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyby Bilbil Rahimowna Tagandurdyýewa;

Lebap welaýat Garabekewül etrabynyň medeniýet merkeziniň folklor tans toparynyň artisti Jemal Döwlet gyzy Saparowa;

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň medeniýet merkeziniň tansçysy Sähetmyrat Geldimyradowiç Gurbangeldiýew.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter