Ýol ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi | TDH
Ykdysadyýet

Ýol ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi

опубликованно 20.10.2016 // 1102 - просмотров
 

Aşgabat, 20-nji oktýabr (TDH). Şu gün “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Hökümetara ýolçular geňeşiniň hem-de Ulag we ýol hojalygy işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň halkara birleşiginiň bilelikdäki XXXVIII mejlisi geçirildi. Foruma GDA ýurtlarynyň ministrlikleriniň we ýol edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň wekilleri, geňeşiň assosirlenen agzalary, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň degişli edaralarynyň hünärmenleri we bu ulgamda işleýän bilermenler gatnaşdylar.

Aşgabatda şu mejlisiň geçirilmegi Türkmenistanyň dünýä giňişliginde abraýynyň barha artýandygyny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň halkara hyzmatdaşlyk üçin açykdygynyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ägirt uly ykdysady we ulag-üstaşyr kuwwatyna eýe bolan ýurdumyza uly gyzyklanma bildirýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.

Geňeşiň maksady döwletara derejesinde awtoulag ýollarynyň taslamalaryny düzmek, gurmak we durkuny täzelemek ulgamynda işleri utgaşdyrmakdan, awtomobil ýollary ulgamynyň tehnologiki bitewiligini üpjün etmekden, olaryň düzümini ylalaşykly ösdürmekden ybaratdyr.

Aşgabatdaky mejlisiň gün tertibine ýollary ulanmagyň ylalaşykly kadalaryny işläp taýýarlamak, bu ulgamda toplumlaýyn özara hasaplaşyklary geçirmek, awtoýol pudagyna täze tehnologiýalary we serişdeleri ornaşdyrmak meseleleri girizildi. Awtoýollary ulanmak, sebitde ýük daşalmagynyň möçberini artdyrmak arkaly ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmegiň geljegi barada özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Mejlisiň açylyşynda durmuş-ykdysady ösüş babatda ýokary netijeleri görkezýän Türkmenistanyň sebit we halkara ähmiýetli döwrebap ulag logistikasyny döretmegiň möhüm meselelerini çözmekde işjeň orun eýeleýändigi bellenildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän we gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen oňyn we öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesi bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ulag we aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýedir. Ýokary hilli düzümiň döredilmegi ykdysady ösüşe oňyn täsir edýär, söwda ulgamynyň giňeldilmegine ýardam berýär, önümçiligiň gerimini giňeltmegiň hasabyna girdeji almak üçin mümkinçilikleri açýar, tebigy serişdeleriň rejeli ulanylmagyny üpjün edýär hem-de önümçlik we logistiki ösüş babatda bökdençlikleri arada aýyrýar. Şunuň bilen baglylykda, foruma gatnaşyjylar şu duşuşygyň gün tertibine girizilen, sebit ykdysady gatnaşyklaryna we GDA ýurtlarynyň ýakynlaşmagyna, hususan-da, sebitiň durnukly ösmegi üçin awtomobil ýollaryny has amatly peýdalanmaga degişli meseleleriň möhümdigini bellediler.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň hemme ýerlerinde ulag kommunikasiýalaryň halkara ulgamynyň merkezi bölegine öwrüljek awtomobil köprüleri gurulýandygy bellenildi. Öz nobatynda, munuň özi Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara ulag ýollaryny döretmegiň hem-de netijeli ulanmagyň ýolunda möhüm ädim bolup durýar. Umuman, bu ulgamda giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi GDA ýurtlary we Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleri üçin sebitara gatnawlaryny giňeltmek maksadynda üstaşyr gatnawlar üçin amatly şertleri üpjün eder.

Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça Milli maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanda Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça iri taslamalaryň birnäçesi tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Sebitiň döwletleri hem-de BMG-niň we ÝHHG-niň degişli düzümleri bilen bilelikde Türkmenistan “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ýaly geljegi uly ulag geçelgelerini işjeň ösdürýär. Şol geçelgeler bolsa Ýewraziýa kontinentiniň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň ygtybarly köprüsi bolmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylar noýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň wajypdygyny nygtadylar. Bu maslahat şu möhüm ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge saldamly goşant bolmalydyr.

Mejlisiň barşynda türkmen hünärmenleri awtoýol düzümini ösdürmek barada aýdyp, ýurdumyzyň tutuş taryhynyň dowamynda awtoulag ýollaryny gurmak we olaryň durkuny täzelemek boýunça entek şeýle depginlerde we giň gerimde amala aşyrylmandygy aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, toplumlaýyn işleriň çäklerinde inžener-kommunikasiýa ulgamlaryny doly täzelemek, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň döwrebap ulgamyny ornaşdyrmak, elektron maglumat tablolaryny, LED-monitorlary gurnamak we beýleki işler göz öňünde tutuldy. Bularyň ählisi ulag gatnawlaryny ösdürmäge hem-de awtoulag serişdeleriniň sanynyň artýandygyny nazara almak bilen, ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny giňeltmäge, ýollarda howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Tutuş ýurdumyzyň çäginde gurulýan Aşgabat-Garagum-Daşoguz, Türkmenbaşy-Aşgabat-Farap awtomobil ýollarynyň esasy görkezijisi olaryň dünýä standartlaryna doly laýyk gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Şu awtomobil ýollarynyň ugrunda inženerçilik desgalarynyň onlarçasy-döwrebap ýol aýrytlary, köprüler we estakadalar gurulýar. Olar awtomobil ýollaryna düşýän agramy peseltmäge, sil suwlaryndan goraglylygy we hereket howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Ýolçularyň hökümetara geňeşiniň XXXVIII mejlisiniň çäklerinde ýol pudagynda howpsuzlyk we zähmeti goramak, hünärmenleri taýýarlamak awtoýol pudagyna täze tehnologiýalaryny, serişdeleri, maşynlary, gurallary we barlaghanalary ornaşdyrmak meselelerine garaldy.

GDA ýurtlarynyň we Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň ýol pudagyny ösdürmegiň, hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlary, bu ulgamda bar bolan ägirt uly kuwwatdan netijeli peýdalanmak boýunça görülmeli çäreler forumyň netijeleri boýunça kabul edilen Teswirnamada öz beýanyny tapdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter