Aşgabatda dünýä türkmenleriniň ХIХ Maslahaty geçirildi | TDH
Jemgyýet

Aşgabatda dünýä türkmenleriniň ХIХ Maslahaty geçirildi

опубликованно 24.10.2016 // 1171 - просмотров
 

Aşgabat, 24-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХIХ maslahaty boldy. Ol Türkmenistanyň Prezidenti, bu abraýly halkara uramanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda çagyryldy. Däp bolşy ýaly, Watanymyzyň esasy baýramyna - Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp geçirilýän forumyň işine ýurdumyzyň ähli künjeklerinden, şeýle hem dünýäniň on alty döwletinden, şol sanda Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Şwesiýadan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Saud Arabystanyndan, Eýrandan, Owganystandan, Pakistandan, Belarusdan, Ukrainadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan wekiller gatnaşdylar.

DTYB-niň maslahaty wajyp çäre bolup durýar, çünki daşary ýurtlardaky watandaşlarymyz bilen köpugurly aragatnaşyklary giňeltmek ýörelgelerine laýyk gelýän, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, giň halkara hyzmatdaşlygy ýörelgelerine esaslanýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän işjeň daşary syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridir.

Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygy bellenýän şu ýylda bu ählitürkmen forumy has hem dabaraly geçýär. Beýik baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistana gelip, şanly senä bagyşlanan köp sanly çärelere gatnaşyp, biziň daşary ýurtlarda ýaşaýan ildeşlerimiz häzirki wagtda özleriniň taryhy Watany Türkmenistanda bolup geçýän ägirt uly özgertmeleriň güýç-kuwwatyny, ruhuny duýmaga ajaýyp mümkinçilik alýarlar.

Dünýä türkmenleri Garaşsyz döwletimiziň üstünliklerine, onuň barha artýan halkara abraýyna buýsanýarlar hem-de ata-babalarynyň ýaşan topragynyň gülläp ösmegi üçin özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şu ýylyň maý aýynda özüniň 25 ýyllygyny bellän DTYB-niň taryhy ýurdumyzyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ildeşlerimiz bilen ruhy-medeni umumylyk , ykdysady, ynsanperwer we umumadamzat gatnaşyklary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze itergä eýe boldy.

Häzirki wagtda dünýäniň 14 ýurdunda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 27 sany bölümi hereket edýär. Birleşigiň üç ýüzden gowrak toparlaýyn we ýüzlerçe, şol sanda dört ýüze golaý daşary ýurtly şahsy agzalary bar. Soňky ýyllarda DTYB-niň daşary ýurtly ildeşlerimiz bilen gatnaşygy mazmun taýdan we iş ugurlary boýunça örän köp dürli häsiýete eýe boldy. Ylym we bilim, medeniýet we sungat, telekeçilik ugurlary boýunça gatnaşyklar has işjeňleşdirildi. DTYB ýurdumyzyň beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji we oňyn syýasatyny, onuň täze taryhy eýýamda ýeten belent sepgitlerini wagyz etmekde, halkymyzyň medeniýetini, däp-dessurlaryny dünýä ýaýmakda, onuň taryhyny, dilini öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. DTYB-niň daşary ýurtlardaky bölümlerinde ildeşlerimiziň jebisleşmegine, milletiň ruhy taýdan birleşmegine, özboluşly medeni mirasymyzy aýawly saklamaga ýardam berýän çäreler geçirilip durulýar. Şu ýylyň ýurdumyzda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda bu çäreler has hem wajyp häsiýete eýe boldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä türkmenleri bilen köptaraply gatnaşyklary giňeltmäge uly ähmiýet berýär. Özüniň daşary ýurtlara saparlarynyň çäklerinde milli Liderimiz ildeşlerimiz bilen duşuşmaga mümkinçilik tapýar, olara üns we goldaw berýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ähli oňyn başlangyçlary, amala aşyrýan parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty dürli ýurtlarda ýaşaýan ildeşlerimiziň giň goldawyna eýe bolýar, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, mundan beýläk hem ösdürmäge ýardam edýär.

DTYB-niň ХIХ maslahatynyň başlanmazynyň öň ýanynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular. Soňra Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgüniň mejlisler zalynda maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Oňa hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary,Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, DTYB-niň toparlaýyn agzalary bolup durýan syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, Ylymlar akademiýasynyň birnäçe institutlarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, birleşigiň ähli welaýatlardaky şahsy agzalary, ylym we medeniýet işgärleri, hormatly il ýaşululary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy maslahatyň dabaraly açylmagyny habar berdi. Maslahatyň açylyş dabarasyna gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny çuňňur dykgat hem-de ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiz Garaşsyzlygymyzyň şanly toýy hem-de bu beýik baýrama bagyşlanyp geçirilýän maslahatyň işiniň başlanmagy bilen ýygnananlary gutlady.

Maslahata gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanan döwlet Baştutanymyzyň maslahata gatnaşyjylara Gutlagynda “Daşary ýurtlarda ýaşaýan doganlarymyzyň ylym, bilim, medeniýet, syýahatçylyk we telekeçilik ýaly ulgamlarda gatnaşyklary berkitmek, baý medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy hem-de ynsanperwer syýasatymyzy giňden wagyz etmek ugrunda alyp barýan işleriniň Garaşsyz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga, milletimizi has-da jebisleşdirmäge ýardam berýändigi aýratyn guwandyrýar. Biz geljekde hem dünýä türkmenleri bilen doganlyk gatnaşyklaryny has-da çuňlaşdyrmak, eziz Watanymyzyň abraýyny mundan beýläk-de belende götermek ugrunda zerur işleri ederis. Dünýä türkmenleriniň Garaşsyz, Bitarap Watanymyza erkin gelip-gitmegi, ýurdumyzda işlemegi we okamagy üçin ähli zerur goldawy bereris!” diýilýär.

Maslahatyň barşynda DTYB tarapyndan geçirilen iş barada hasabat diňlenildi, milli Liderimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasatyň ynsanperwer ýörelgelerine laýyklykda, dünýä türkmenleriniň medeni- ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şwesiýada, Owganystanda, Türkiýede, Eýranda, Täjigistanda, Gyrgyzystanda ýaşaýan türkmen kowçumlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri öz çykyşlarynda DTYB-niň daşary ýurt bölümleriniň işi barada gürrüň berip, ata-babalarymyzyň ýaşan ýerinde bolup geçýän ägirt uly özgerişliklere buýsanýandyklaryny beýan etdiler.

Maslahata gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza parahatçylyk, gülläp ösüş maksatlaryny öňe sürýän oňyn özgertmeler syýasaty, täze başlangyçlary, şeýle hem daşary ýurtly ildeşlerimiz barada edýän atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň mysaly hökmünde Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagy üçin berilýän goldawy, hususan-da, onuň sebitlerini elektrikleşdirilmegini, Hyrat welaýatynyň Turgundy obasynda çaga dogrulýan öýüň gurulmagyny, hünärmenleri taýýarlamagy we beýlekileri belläp geçdiler.

Şeýle hem çykyş edenler biziň döwletimiz tarapyndan amala aşyrylýan, daşary ýurtlar bilen özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge ýardam etjek ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda iri halkara taslamalarynyň ähmiýetini nygtadylar.

Ata Watanda her bir duşuşyk, DTYB-niň maslahatyna gatnaşmak ildeşlerimiziň öňünde özboluşly hasabat hem-de indiki edilmeli işleri kesgitlemek bolup durýar. Munuň özi giňden bellenilýän taryhy waka —Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şöhratly senesiniň bellenilýän ýyly has hem derwaýysdyr diýip, çykyş edenler bellediler. Daşary ýurtly ildeşlerimiziň kalbyny dolduran buýsanç duýgulary Watanymyza hem-de Arkadagymyza bagyşlanan goşgy setirlerinde hem beýan edildi.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça türkmen kowçumlarynyň wekilleriniň birnäçesini sylaglamak dabarasy boldy. Olar türkmen halkynyň beýleki halklar bilen dostlukly hem-de doganlyk medeni- ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan uly goşantlary, işjeň we önjeýli jemgyýetçilik işini alyp barandyklary üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna” ýubileý medaly bilen sylaglandylar.

Maslahatyň barşynda DTYB-niň aýratyn tapawutlanan daşary ýurtly işjeň agzalary hormat hatlary bilen sylaglandy. Dabara gatnaşyjylar özleriniň hoşallyk sözlerinde “Biz nirede ýaşasagam özümiziň Watanymyza dahyllydygymyzy duýýarys, Arkadagymyza hem-de mukaddes türkmen topragynda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işlere buýsanýarys” diýip aýtdylar.

DTYB-niň XIX maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Ýygnananlar milli Liderimizi Garaşsyzlygyň 25 ýyllyk şanly senesi bilen gutlap, döwlet Baştutanymyza watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, daşary syýasy abraýyny pugtalandyrmak, milletiň ruhy galkynyşy hem-de daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenlere uly üns berýänligi üçin hoşallyk bildirdiler hem-de döwlet Baştutanymyza jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, Watanymyza gulluk etmek ýaly asylly işde täze ägirt uly üstünlikleri arzuw etdiler.

“Mekan” köşgüniň eýwanynda we mejlisler zalynyň öňünde türkmen halkynyň taryhy, däp-dessurlary, özboluşly sungaty barada gürrüň berýän sergi guralypdyr. Sergide muzeý gymmatlyklary – milli lybaslar we saz gurallary, zergärleriň bezeg işleri, şol sanda bedewleriň bezegi üçin ajaýyp işleri, halylar we gobelenler, şeýle hem şekillendiriş sungatynyň eserleri görkezilipdir.

Döwlet Baştutanymyzyň eserleri goýlan diwarlyk aýratyn ünsi çekýär. Ol milli mirasymyza bagyşlanan köpsanly ylmy işleri, çeper eserleri we kitaplary ýazan milli Liderimiziň şahsyýetiniň köp taraplydygyny şöhlelendirýär. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň göwrümli täze işiniň, döwlet Baştutanymyz tarapyndan Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli öz halkyna sowgat eden “Türkmenistan” kitabynyň nusgasy hem görkezilipdir.

Milli golýazmalar institutynyň ajaýyp gymmatlyklary, XVI-XVIII asyrlara degişli bolan golýazmalar, şeýle hem öten zamanlaryň alymlarynyň, filosoflarynyň we şahyrlarynyň eserleriniň fotonusgasy maslahata gatnaşyjylarda we myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Paýtagtymyzyň aýdym we tans toparlary maslahata gatnaşyjylara döredijilik gutlagyny taýýarlapdyrlar. Köşgüň içinde gadymy hem-de baky ýaş türkmen topragynyň , zähmetsöýer hem zehinli halkyň waspyny ýetirýän aýdym-sazlar joşgun bilen ýaňlandy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter