Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Prezidentiň poçtasy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 25.10.2016 // 1065 - просмотров
 

Siziň Alyhezretiňiz!

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hoşniýetli goňşuçylygy ösdürmek hem-de berkitmek maksady bilen men jenap Sun Weýduny Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim.

Siziň Alyhezretiňiz, jenap Sun Weýdunyň üstüne ýüklenen wezipäni ýerine ýetirmegi üçin özüne bagly bolan ähli zatlary etjekdigine ynam bildirmek bilen, ony mähirli kabul etmegiňizi, Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan gulluk borçlaryny ýerine ýetirende oňa ynam bildirmegiňizi we ýardam etmegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi hökmünde işini tamamlan jenap Sýao Sinhua şu wezipede işlän mahaly oňa ýardam edendigiňiz üçin öz hoşallygymy beýan edýärin.

Si Szinpin,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter