Türkmenistanyň Prezidenti “Polimeks” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti “Polimeks” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

опубликованно 25.10.2016 // 1023 - просмотров
 

Aşgabat, 25-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belli “Polimeks” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjany kabul etdi.

Işewür özara söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi ýetip gelýän şanly sene – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza we ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk hem-de özygtyýarly ösüşiň ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, “Polimeksiň” we beýleki türk kompaniýalarynyň milli ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn berkitmäge, ýurdumyzyň ösmegine hem-de türkmen halkynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen möhüm döwlet maksatnamalaryny we iri möçberli bilelikdäki taslamalary üstünlikli amala aşyrmaga uly goşantlaryny kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň barşynda özara ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýerde geljek ýylyň güýzünde iri möçberli sport baýramçylygy - Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz sebitde deňi-taýy bolmadyk bu iri desga berilýän ähmiýetiň möhümdigini belläp, ýene bir gezek türkmen tarapynyň berk talaplaryna ünsi çekdi. Ähli işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi we öz wagtynda tamamlanmagy şol talaplaryň esasylary bolmagynda galýar.

Erol Tabanja ýokary ynam üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň buýrujynyň bildirýän talaplaryna örän jogapkärçilikli çemeleşmäge hem-de Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen Lideriniň başyny başlaýan özgertmelerine işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda işewür döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän uly baýramçylyk bilen ýene bir gezek gutlady hem-de berk jan saglyk, bagtyýarlyk, oňyn özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyny tüýs ýürekden arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter