Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

опубликованно 25.10.2016 // 1000 - просмотров
 

Aşgabat, 25-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Işewür döwlet Baştutanymyz bilen mähirli salamlaşyp we wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi umumymilli baýram -- mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän şanly 25 ýyllygy bilen gutlady hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk we alyp barýan ägirt uly işlerinde üstünlik, türkmen halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi. “Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamda gazanýan ägirt uly üstünliklerine haýran galýandygyny aýdyp, köp ýyllyk hyzmatdaşlygy dowam etmegiň, ýurtda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny hem-de taslamalaryny durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşmagyň ýolbaşçylyk edýän holdingi üçin uly hormat we buýsançdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistany we Türkiýäni asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň hem-de medeniýetleriň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Türk kompaniýalary bilen netijeli işewür hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz durmuşa geçirilýän milli ykdysady strategiýanyň innowasion senagat infrastrukturasyny kemala getirmäge hem-de durmuş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilendigini aýdyp, holdingiň iri döwlet taslamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýandygyny belledi.

Duşuşygyň çäklerinde türkiýeli işewür möhüm bilelikdäki taslamalaryň ilerledilişi barada hasabat berdi. Olaryň hatarynda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän zawodyň, Mary DES-niň çäginde gurulýan utgaşykly buggaz elektrik stansiýasynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy bar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly gurulýan desgalarda gurluşyk işleriniň möhletleriniň hem-de hiliniň berk berjaý edilmegine işewüriň ünsüni çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda “Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysy bildirýän uly ynamy üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen mundan beýläk hem netijeli we ygtybarly hyzmatdaşlyk etjekdigine ynandyrdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter