Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

опубликованно 25.10.2016 // 1011 - просмотров
 

Aşgabat, 25-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň “ARETI” kompaniýasynyň ýobaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýakynlaşyp gelýän umumymilli baýram--Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy bilen gutlady hem-de bütin türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny aýtdy. Işewüriň nygtaýşy ýaly, “ARETI” kompaniýasy döredijilikli içeri we daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyrýan, depginli ösýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýändigine tüýs ýürekden buýsanýar.

Milli Liderimiz gutlaglary we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dünýä işewürliginiň, şol sanda rus işewürliginiň öňdebaryjy wekilleri bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklar üçin ýurdumyzyň hemişe açykdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda iň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we daşary ýurtly hünärmenleriň öňdebaryjy tejribelerini peýdalanmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, “ARETI” kompaniýasynyň ýurdumyzda özüni ygtybarly işewür hyzmatdaşlaryň biri hökmünde görkezendigini kanagatlanma bilen belledi.

Şunuň bilen baglylykda, “ARETI”-niň ýolbaşçysy ösdürilmegine Türkmenistanyň ilkinji derejeli ähmiýet berilýän nebitgaz pudagyny we gurluşygy nazara almak bilen, ýurtda durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde dürli ugurlar boýunça geljegi uly bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmek üçin kompaniýanyň ähli kuwwatyny hödürlemäge gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Pikir alyşmalaryň barşynda ýakyn geljekde, şol sanda sport düzümlerini kemala getirmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Igor Makarow ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen özara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge örän uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, türkmen bazarynda bolmagyny giňeltmek meýillerini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, işewür “ARETI” kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny berjaý etmäge hemişe örän jogapkärli çemeleşjekdigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we “ARETI” kompaniýasynyň baştutany birek-birege iň oňat arzuwlaryny aýdyp, özara hereket etmegiň köpýyllaryň dowamynda toplanan oňyn tejribesi nazarda tutulyp ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter