Türkmenistanyň Prezidenti Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli sylaglary gowşurdy we gutlaglary kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli sylaglary gowşurdy we gutlaglary kabul etdi

опубликованно 27.10.2016 // 1108 - просмотров
 

Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy” diýen ýubileý medallaryny gowşurdy.

Sylaglananlar milli Liderimizden döwlet sylaglaryny buýsanç duýgusy bilen kabul edip, geljekde hem eziz Watanymyza tutanýerli gulluk etjekdiklerine, ene topragymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny gözleriniň göreji deýin gorajakdyklaryna ynandyrdylar.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Goranmak ministri Ý.Berdiýew döwlet Baştutanymyza gowşuran ýubileý medallary hem-de Watan goragçylary hakynda edilýän hemmetaraplaýyn alada üçin harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň adyndan çuňňur hoşallyk sözlerini beýan edip, türkmen harby gullukçylarynyň hemişe eziz Watanymyzyň öňündäki mukaddes borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirip, beýik Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, halkymyzyň abadan we döredijilikli durmuşynyň goragynda eserdeňlik bilen durjakdyklaryny aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
milli senenamamyzyň şanly senesi mynasybetli bellenilýän baýramçylyk-- Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminden gutlaglary kabul etdi.

Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri milli Liderimizi şanly baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, bagt, abadançylyk, şeýle hem köp ugurly döwlet we jemgyýetçilik işlerinde täze ajaýyp ýeňişleri we üstünlikleri arzuw etdiler.

Bellenilişi ýaly, ady häzirki taryhy döwrüň ajaýyp üstünlikleri bilen bagly bolan milli Liderimiziň parasatly, öňden görüjilikli syýasaty özygtyýarly Türkmenistanyň bedew bady bilen öňe gitmegini hem-de durmuş-ykdysady taýdan pajarlap ösmegini, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny amala aşyrýan eziz Watanymyzyň halkara abraýynyň artmagyny şertlendirdi.

Garaşsyzlyk Türkmenistanyň dünýäniň has durnukly ösýän döwletleriniň hataryna girmegi, dünýäniň aýry-aýry ýurtlary we abraýly guramalary bilen köp ugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmagy üçin ygtybarly binýady döretdi. Olar bilen gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ýola goýulýar.

Bu ýere ýygnanan hökümet agzalarynyň belleýşi ýaly, milli özboluşlylygy hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanan, ylmy týadan esaslandyrylan döwlet strategiýasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy biziň demokratik hukuk we dünýewi döwletimiziň gülläp ösmegini, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyny şertlendirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden “Döwlet adam üçindir!” diýen çuň manyly şygary adam hakynda hemmetaraplaýyn aladany öňe sürýän döwlet syýasatynyň many-mazmunynyň beýanyna öwrüldi.

Döwlet maksatnamalarynyň, ilkinji nobatda "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" yzygiderli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň iň alys künjekleri hem tanalmaz derejede özgerdi. Döwrebap nusgadaky täze ilatly ýerler yzygiderli gurlup, senagat we durmuş-medeni maksatly desgalaryň ýüzlerçesi ulanmaga berilýär.

Milli baýramçylyklaryň hormatyna ulanmaga berilýän iri desgalar hem-de geçirilýän köp sanly medeni-köpçülikleýin çäreler döwletimiziň özygtyýarlylygynyň sütünlerini tutanýerli zähmeti bilen berkidýän türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Ýygnananlar asuda, gülläp ösýän ýurtda bagtly ýaşaýan we joşgunly zähmet çekýän türkmenistanlylaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän içeri we daşary syýasatyna tüýs ýürekden buýsanýandygyny we guwanýandygyny aýratyn bellediler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň edara kärhanalarynyň zähmetkeşler toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň adyndan çäksiz hoşallyk sözleri we iň gowy arzuwlar beýan edildi.

Milli Liderimiz ýygnananlara mähirli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, hemmelere bagt we abadançylyk arzuw etdi hem-de olaryň hemmesiniň geljekde hem öz halkyna we eziz Watanyna birkemsiz gulluk edip, öz bilimlerini we tejribelerini Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik maksatlaryny we wezipelerini amala aşyrmaga gönükdirjekdigine ynam bildirdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter