Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

опубликованно 27.10.2016 // 1141 - просмотров
 

Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi, oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly ýörişiň jemleri jemlenildi hem-de käbir möhüm meselelere seredildi.

Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, biz şu gün berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny dabaraly belläp geçýäris, çärýek asyryň dowamynda bitirilen ägirt uly işlere ýene-de bir gezek göz aýlaýarys diýdi. Hormatly Prezidentimiz merdana halkymyzyň ähli kynçylyklary ýeňip geçip, kuwwatly häzirki zaman döwletini döretmegi başarandygyna buýsanýandygymyzy belledi.

Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan dabaraly harby ýöriş we raýatlarymyzyň baýramçylyk ýörişi ýokary derejede we guramaçylykly geçirildi. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, Garaşsyz döwletimiz döränden bäri parahatçylyk söýüji ýurt bolup durýandygyny ýene-de bir gezek aýratyn belledi. Turkmenistan öz yglan eden Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny alyp barýan döwlet syýasatynyň esasynda goýdy. Bu hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek tassyklandy.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz biz mähriban Watanymyzy ygtybarly goramagy başarmalydyrys diýip aýtdy. Şu maksat bilen, Garaşsyzlyk ýyllarynda häzirki zaman Ýaragly Güýçleri döredildi, Guryýer goşunlarymyz, Harby-howa we Harby-deňiz güýçlerimiz iň häzirki zaman ýaraglary bilen üpjün edildi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkidendikleri hem-de dabaraly harby ýörişe oňat taýýarlyk görüp, ony ýokary derejede geçirendikleri üçin, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramy mynasybetli dabaraly ýörişe gatnaşan harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny, harby gullukçylaryny we işgärlerini ýubileý medaly bilen sylaglamak baradaky degişli resminamalara gol çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewe dabaraly harby ýörişe gatnaşyjylara sylaglaryň şu gün «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda dabaraly ýagdaýda gowşurylmagyny guramagy tabşyrdy.
Mejlisiň barşynda milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara baýramçylyk çäreleriniň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylary şanly sene mynasybetli ýene-de bir gezek gutlady we olara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter