Birža täzelikleri 29-njy Oktýabr | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri 29-njy Oktýabr

опубликованно 29.10.2016 // 1063 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Lýuksemburgdan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, nebit koksuny, polipropileni, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. Şeýle hem Beýik Britaniýadan, BAE-den we Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda işlenip taýýarlanylan göni arassalanan benzini, dizel ýangyjyny we M-100 belgili mazudy, Türkiýeden gelen işewurler bolsa tehniki kükürdi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkart tüýjümek polotensalar, mesge ýagy, aşgarlanmadyk mata, nah ýüplük, hojalykda ulanylýan pamyk, pagta galyndylary ýerlenildi. Olary satan alan ýurtlar: Russiýa, Hytaý, Daniýa, Ukraina. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 51 million 647 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Niderlandlardan gelen işewürler jemi bahasy 17 million 46 müň manatdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügini, pagta sarunyny satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter