Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Prezidentiň poçtasy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 05.11.2016 // 1035 - просмотров
 

Hormatly jenap Prezident,

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Horwatiýa Respublikasynyň raýatlarynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň ýurduňyzyň we halkyňyzyň abadançylygy baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmek isleýärin.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Horwatiýa Respublikasynyň iki döwletiň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak we ösdürmek üçin taýýardygyny tassyklamak isleýärin. Biziň ýurtlarymyzyň ykdysady kuwwatlarynyň geljekde özara gyzyklanma bildirilýän köp ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda Siziň Horwatiýa Respublikasyna sapary amala aşyrmagyňyza mümkinçilik dörejekdigine umyt edýärin.

Jenap Prezident, meniň çuňňur hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,

Kolinda Grabar –Kitarowiç,
Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Mundan çärýek asyr ozal türkmen halky durmuş-ykdysady ösüş ugruna hem-de ýurduňyzyň milli özboluşlylygy, parahatçylygy hem-de jemgyýetçilik ylalaşygyny saklamak şertlerinde halkara işlerine giňden goşuluşmagyna gönükdirilen özbaşdak döwletiň ýoluny saýlap aldy.

Biziň döwletlerimiziň halklarynyň dostluk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ýokary derejeli ylalaşyklaryň bilelikde durmuşa geçirilmeginiň, şeýle hem Siziň Ermenistana öňde boljak resmi saparyňyzyň ermeni-türkmen döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly goşant boljakdygyna, özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdlaşlygyň ösdürilmegine itergi berjekdigine, şeýle hem däp bolan ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk hem-de abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we ösüş arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Serž Sargsýan,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň ýurduňyza hem-de halkyňyza gülläp ösüş baradaky tüýs ýüreklden çykýan gutlaglarymy hem-de arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky emele gelen dostluk gatnaşyklarynyň geljekde hem ösdüriljekdigine ynanjymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, meniň çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Raýmond Weýonis,
Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Men türkmen halkyna ýatdan çykmajak baýramçylyk pursatlaryny, agzybirlik we abadançylyk arzuw edýärin.

Litwa bilen Türkmenistanyň arasynda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde hem hormat goýmak we özara düşünişmek ruhunda ösdürilýän gatnaşyklaryň iki milletiň hem abadançylygynyň ösmegine we howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etmek bilen, özara bähbitli gwatnaşyklaryň giňeldilmeginde raýatlarymyz üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynamymy beýan edýärin. Iki ýurt tarapyndan işewürlik, bilim, ylym we medeniýet ulgamynda amala aşyrylýan umumy başlangyçlaryň hem-de taslamalaryň özara gatnaşyklaryň, düşünişmegiň we gyzyklanmalaryň ösmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Sizi Garaşsyzlyk güni bilen ýene bir gezek gutlamaga rugsat ediň. Jenap Prezident, meniň ýokary hormat goýýandygym baradaky ynyndyrmalarymy kabul ediň.

Daliýa Gribauskaýte,
Litwa Respublikasynyň Prezidenti

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti,

Şatlykly waka, Türkmenistanyň Garaşszlyk güni mynasybetli Singapuryň halkynyň adyndan Siziň Alyhezretine we türkmen halkyna mähirli gutlaglarymy hem-de bagt we gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy uly kanagatlanma bilen beýan edýärin.

Doktor Toni Tan Ke Ýam,
Singapur Respublikasynyň Prezidenti

***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Mongoliýanyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize we Siziň üstüňiz bilen dostlukly türkmen halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy iberýärin.

Mongoiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky emele gelen dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine, şeýle hem sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, meniň berk jan saglyk, bagt, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa gülläp ösüş we abadançylyk baradaky arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Sahiagiýn Elbegdorž,
Mongoliýanyň Prezidenti

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Milli baýram – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.

Pursatdan peýdalanyp, biziň halklarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň geljekde hem pugtalandyryljakdygyna we ösdüriljekdigine ynamymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, siziň ýurduňyza we mähriban halkyňyza bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Şeýh Sabah Al Ahmad Al – Jaber Al Sabah,
Kuweýt Döwletiniň emiri

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter